152 Pages • 26,612 Words • PDF • 2.2 MB
Uploaded at 2021-09-24 14:50
This document was submitted by our user and they confirm that they have the consent to share it. Assuming that you are writer or own the copyright of this document, report to us by using this DMCA report button.
B. Baýjanow
TÜRKMEN DILI Umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan XI synpy üçin synag okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi
Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2014
UOK B Baýjanow B. B Türkmen dili. Umumy orta bilim berýän mekdeple riň rus dilinde okadylýan XI synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
Şertli belgiler: ║– Teoretiki maglumatlar we kadalar ♦ – Sözlük ► – Ýatda saklamaly kadalar : – Çekimliniň uzyn aýdylyşy
TDKP № 2014
KBK
© Baýjanow B., 2014.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW
türkmenistanyň dÖwlet tugrasy
türkmenistanyň dÖwlet baýdagy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde. Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Gardaşdyr tireler, amandyr iller, Owal-ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller döş gerip gorar şanymyz. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
TÜRKMEN DILI DÖWLET DILIDIR
Ýurdumyz Garaşsyzlyk alandan soň durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgerişler, ösüşler bolup geçýär. Şeýle özgerişleriň alamatlaryny medeniýet ulgamynda hem gör mek bolýar. Jemgyýetiň, medeniýetiň ösüşi halkyň diline-de öz täsirini ýetirýär. Onuň leksik baýlygy, ulanyş geri mi giňelýär, ýerine ýetirýän hyzmaty artýar. Türkmen di liniň ulanylyşynyň ösüşini kämilleşdirmek maksady bi len 1992-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň «Dil hakyndaky» Kanuny kabul edildi. Türkmenistanyň Baş ka nuny – Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dili diýlip resmi taýdan yglan edil di. 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolsa täze türkmen milli elipbiýi kabul edildi. Türkmen diliniň ähmiýeti we durmuşda tutýan orny artdy. Indi biziň dilimiz Türkmenistanda ýaşaýan ähli raýatlaryň bilmeli diline, ýurduň syýasy, ykdysady we mede ni durmuşynyň ähli ugurlarynda giňişleýin ulanylmaly dili ne öwrüldi. Türkmen dili indi döwlet derejesinde ulanylýar. Mysal üçin, daşary ýurtlar bilen Türkmenistanyň arasynda baglaşylýan şertnamalarda türkmen diliniň mynasyp orun almagy döwlet dilimiziň döwletara gatnaşyklarynda hem ulanylyp başlandygyny äşgär görkezýär. Türkmenistanyň ähli ministrliklerinde, dürli guramalarydyr birleşiklerinde, kärhanalarydyr edaralarynda iş dolandyryş türkmen dilin de alnyp barylýar, olardaky ulanylýan ähli resminamalar döwlet dilinde – türkmen dilinde ýazylýar. Edil şonuň ýaly7
-da aragatnaşyk ulgamlarynda hem resminamalar türkmen dilinde ýöredilýär. Garaşsyzlygyň netijesinde Türkmenistanyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň merkezine öwrül megi, ştab-kwartirasynyň bolsa Aşgabatda ýerleşmegi, onuň işleriniň beýleki diller bilen birlikde türkmen dilinde hem alnyp barylmagy, dünýä türkmenlerine niýetlenen «Türk men dünýäsi» gazetiniň türkmen dilinde çykarylmagy, bu neşir arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türk menler bilen aragatnaşygyň ýola goýulmagy, şeýle maksat lar bilen çap edilýän beýleki köp sanly neşirleriň peýda bolmagy hem türkmen diliniň ýerine ýetirýän hyzmatyny, ulanyş gerimini giňeltdi. Durmuşdaky aýgytly öwrülişiklere laýyklykda döwür leýin metbugatda hem dilimiziň ulanylyşy düýpgöter üýt gedi. Türkmen dili ylym-bilim ulgamlarynda hem düýpli orun tutýar. Indi ähli ylmy işler, makalalar türkmen di linde ýazylýar. Ähli bilim edaralarynda, şol sanda ýo kary okuw jaýlarynda hem sapaklar ene dilimizde alnyp barylýar. Şonuň bilen baglanyşykly okuw kitaplarydyr gol lanmalary, dürli görkezme esbaplar hem türkmen dilinde çykarylýar. Bu özgerişleriň hemmesi türkmen diliniň sözlük düzümini diňe bir mukdar, möçber taýdan ösdürmän, eýsem ony hil taýdan hem kämilleşdirýär. Mysal üçin, dur muşdaky, jemgyýetdäki özgerişleriň, ylmy-tehniki ösüş leriň netijesinde dilimiziň sözlük düzümine täze sözler goşulýar. Meselem, interaktiw, multimedia, kompýuter, kompýuterleşdirmek, innowasion tehnologiýa, daýhan birleşik, bazar gatnaşygy, berkarar döwletiň bagtyýarlyk eýýamy ýaly sözler, söz düzümleri dilimize täzeden ulanyşa girdi. Öňki ulanyşdaky etrap, welaýat, häkim, köşk, mirap, arçyn, ulgam ýaly sözler bolsa täze mana eýe boldular. Şeýlelikde, halkymyzyň maddy, medeni durmuşynyň uly ösüşlere eýe bolmagynyň netijesinde milli dilimiz hem özgerdi, ösdi, kämilleşdi. 8
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen dili baradaky aýdan pähimleri:
– Biziň baý, şahyrana dilimiz bar. Bu biziň halkymyzyň kalbynyň baýlygyndan, şahyranalygyndan habar berýär, çünki dilde milletiň kalby ýaşaýar. Dil halkyň milli durkunyň, ruhy ýaşaýşynyň, arzuw-telwaslarynyň, örtenmeleriniň, duýgularynyň beýanydyr. Dilimizde gadymy döwür lerden saklanyp galan, däp-dessurlarymyza esaslanýan, bu gün unudaňkyrlanan sözler juda kän. Ol sözleriň öz ýerle rinde manysyna görä ulanylmagy sözleme çuň many, ruhy gerim, ýakymlylyk berýär. – Dilimizi has baýlaşdyrmak, taryh akabasynyň haý sydyr bir öwrüminde ulanyşdan galan gowy sözlerimi zi dolanyşyga girizmek, kämilleşdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr. – Biziň ene dilimiz öz gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan, ähli türki halklaryň dilleriniň esasyny düzýän dildir. Şoňa görä-de, biziň dilimiz ähli türki halklar üçin düşnükli bolmak bilen öz tebigaty boýunça dünýäniň esasy dilleriniň hatarynda durmaga mynasypdyr. Ene dilimizi şeýle derejä çykarmagyň ýollaryny geçmişdäki beýik akyl darlardan öwrenmelidiris. – Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa hemişe geljek üçin mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar. – Biziň dilimiz, däp-dessurlarymyz, sungatymyz we folk lorymyz biziň buýsanjymyzdyr we ata-babalarymyzdan bize galan bahasyna ýetip bolmajak bu mirasy ösdürmek hem-de aýap saklamak üçin zerur zatlaryň ählisini ederis.
9
Danalar dil hakda... Edep başy – dil.
(Mahmyt Kaşgarly)
Ýerlikli we ýerinde dürs geplemek hem sungatdyr. Ýagşy zat gysga aýdylan halatynda, ol iki esse ýagşydyr.
(Baltasar Grasian)
Bir wagtda hem çäk çekmegi, hem şol çäkden geçmegi diňe dil başarýandyr.
(Žil Deliz)
Daşary ýurt dilini öwrenmek biziň umumy öwrenjek bolýan zadymyzyň çäginiň giňelmegidir. (H.Gadamer)
Bizde bir dil bar, gulagymyz – iki. Köp diňläp, sözi aýarymyz ýaly.
(Abdyrahman Jamy)
Haýasyz dil öz-özüni aýyplar, Ýüzlerçe erbetlik, betbagtlyk döreder.
(Alyşir Nowaýy)
Köp dil bilmek bir gulpa köp açar edinmekdir.
(Wolter)
Dünýäde ynsan üçin gymmatly baýlyk ene dilidir. Ene dilin de halkyň ähli ruhy gymmatlyklary jemlenendir. Dil bilmek hem ony öwrenmek tutuş dünýä düşünmekdir.
(Konfusiý)
Halklaryň arasyndaky synmaz sütün dildir. Lebzine ygrarly, Watana wepaly, diline gaýym ynsan iň oňat adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän beýik adamdyr. (N.W.Gogol)
10
TÜRKMEN DILINIŇ STILLERI
Türkmen dili umumymilli dil we edebi dil diýen görnüşlerde bolup, oňa ýönekeý gepleşik, şiwedir gep leşiklerimiz hem degişlidir. Türkmen dili adamlaryň arasyndaky aragatnaşyk serişdesidir. Ol bu hyzmaty iki görnüşde ýerine ýe tirýär: 1. Gepleşik (sözleýiş) dili. 2. Ýazuw dili. 1. GEPLEŞIK DILI
Gepleşik dili adamlaryň arasyndaky janly gepleýiş dilidir. Bu dil, köplenç, resmi bolmadyk özara gepleşikde ulanylýar. Şoňa görä-de oňa erkinlik we täsirlilik mahsusdyr, şol sebäpli onda edebi diliň normalarynyň berjaý edilmezligi hem mümkin. Janly gepleşikde käte sözleýjiniň dilinde onuň dialektine degişli sözleriň, sesleriň aýdylyşynda (Meselem: çekimsiz sesleriň assimilleşdirilmän aýdylyşy) şol dialekte mahsus aýratynlyklaryň hem duş gelmegi mümkin. Gepleşik dilinde jyňkytmak (içmek) – хлестать, symyşlamak (iýmek) – жрать, jyrmak (gaçmak) – удирать, lakgy (geplemsek) – болтун, говорун, çyp dyrmak (ýalan sözlemek) – брехать, züwwetdin (gorkak) – трус, заячья душа ýaly ýönekeý gepleşik leksikasyna degişli sözleriň, edebi dile laýyk bolmadyk gödek sözleriň hem ulanylmagy mümkin. 11
Gepleşik dilinde sözlerdäki käbir goşulmalaryň gysgaldylyp aýdylmagyna-da duş gelinýär. Meselem: barýarys – barýas, barýaryn – barýan, barýar – barýa, gelýäris – gelýäs, gelýärin – gelýän, gelýär – gelýä we ş.m.
♦ umumymilli dil – общенациональный язык
şiwe – диалект gepleşik dili – разговорная речь gepleşik stili – стиль речи janly gepleşik – живая речь resmi – официальный aragatnaşyk serişdesi – средство связи, общения gödek sözler – грубые слова täsirlilik – выразительность erkinlik – свободность, произвольность
Soraglar we ýumuşlar:
1. Umumymilli, umumyhalky dil bilen edebi diliň näme tapawudy bar? 2. Gepleşik diliniň nähili leksik aýratynlyklary bar? 3. Gepleşik diliniň grammatik, fonetik aýratynlyklary nämeden ybarat? 4. Bu aýratynlyklary delillendirýän mysallar getiriň.
1-nji gönükme. Aşakdaky sözleriň nähili leksika degişlidigini kesgitläň, olaryň edebi dildäki sinonimini tapyň. Bu sözleri ula nyp sözlem düzüň.
Jyrmak – удирать, jyňkytmak – выпить залпом, kikir demek – хихикать, pyýaz – лук, tana – телёнок, sokulmak – соваться, sölpi – растяпа, лопух, zybrym – всплошную. 2-nji gönükme. Aşakdaky tekstden edebi dile laýyk bolmadyk sözleri we şekilleri tapyň hem-de olaryň aýratynlygyny düşündiriň.
1. Röwşen bir gün sürüden galan täze guzlan sygra sa taşdy. Ol tanasyny gujagyna alyp gaýdyberdi («G.»e.). 2. Ine, onsoň şojagaş hat meniň işe durmagyma kömek etdi. 3. Röwşen taýyny ýeriň teýinde kyrk gün bakdy («G.»e.). 4. Öwez: – Aga, tanyş bakgalym bar, çaý içeýli – diýdi (şol ýerde). 12
♦ süri – стадо
guzlamak – телиться (о корове) tana – телёнок taý – жеребёнок ýeriň teýinde – под землёй bakgal – мелкий торговец bakmak – кормить; откармливать
3-nji gönükme. Aşakdaky tekstde aşagy çyzylan sözleriň edebi dile laýyk däl aýratynlygyny tapyň we düşündiriň. Olaryň bu tekstde ulanylmagynyň sebäbini düşündiriň.
Alyryza-da: «Deslaby bilen Agaýunusa söýünjiläýin» diýip, kyrklaryň ýanyna sowulman, içki galanyň agzyna gel di. Gelse, derweze bent: – Haý, Agaýunus, ýeňňe, söýünji, agam gelmiş, söýünji, aç derwezäni, aç! Agaýunus peri galadan boýnuny uzadyp: – Haw, bidöwlet çopan, bu kyrklaryň göwün hatyrasy menden gowy boldumy?! – diýdi. – Ol niçik, Agaýunus ýeňňe? – Ýalandan aldap, «söýünji» diýip gelýäsiň. – Ýa, walla-billä, agam gelmişdir! – Ýalan aýtma, zaňňar! – Ymam Ryza ursun, agam gelmişdir! «Ymam Ryza» diýdi, kürte gutarany, Agaýunus: «Alla janlarym, geleni çyn bolaýjag-ow» diýip pikir etdi. Onsoň, ters yzyny almaga oturdy: – Alyryza, agaň haçan geldi?! – Pylan gün çäş galanda, biziň goşumyza gelipdi. Meniň şol gaýdyşym.
♦ söýünjilemek – сообщать радостную весть
(«G. e.»)
deslap – сначала derweze – ворота hatyra – уважение, почет bidöwlet – несчастный
13
walla-bille – ей-богу, честное слово zaňňar – окаянный Ymam Ryza ursun! – клянусь Имам Pызой! (святой человек)
4-nji gönükme. Teksti okaň, mazmunyny gysgaça gürrüň beriň. Onuň haýsy stile degişlidigini kesgitläň we mysallaryň üsti bilen delillendiriň. Palta çüwdesine gamçy kär etmez
Okuwdan soň, günortan üç bolup kontora baranlarynda Mody başlyk bilen Berkeli aga ikisi garaşyp otyr eken. Mody aga gysga sözledi: – Berkeli aga size etmeli işiňizi görkezer. Berkeli aganyň sözem gysga boldy: – Ýörüň, bürgütlerim. Palta çüwdesine däninim, gamçy kär etmez. Size-de däninim, kynçylyk kär edip bilmez. «Bürgütler» Berkeli brigadiriň yzyna düşdi. Berkeli aga oglanlary kolhozyň mal ýatagyna eltdi. Ol ýerde üç sany düýe gäwüş gaýtaryp durdy. – Bürgütler, ine, düýeler. Heriňiz birini saýlaň. Soň her kim öz saýlan düýesine suw nemetsin, hemem däninim, ot nemetsin. Guýy, hanha, nemäniň ýanyndadyr – Berkeli aga juwaza tarap elini uzatdy. – Şol ýerde iki sany neme-de bardyr. – Näme bar? – diýip, Weli gözlerini güldürdi. – Bedre bar, bedre. Näme, şonam däninim, nemedeňokmy? Düşnükli, düýelere suw görkezmeli, ot bermeli. Oglanlar şeýle hem etdiler. Olar düýe paýlaşmakda bije atyşdylar, her kim bijesiniň düşen düýesini aldy. Ot-suw berdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy».
14
♦ çüwde – обух топора
garaşmak – ждать bürgütlerim! – мои орлы! kynçylyk – трудности gamçy – кнут mal ýatagy – коровник, хлев gäwüş gaýtarmak – пережёвывать жвачку juwaz – маслобойка
5-nji gönükme. Teksti okaň we dilini analiz ediň.
– Bir aňsat zadam bolsun-a, gyz. Azajyk gaýrat et, yn hajykga, agam jan geler, onsoň ol seniň eliňi sowuk suwa urdurmaz. – «Agam», «agam» diýip, bu gyz-a meniň çamalagymy çaşyrjak. Şo jyrrytdy haýran gözüňe allanäme bolup görün ýändir-dä seniň. – Wah, agam jan gelensoňam bir aýtsadyň şu sözleriňi! – Aýdaryn, näçejiginem aýdaryn. – Agam gelensoň «Suhanberdim», «Suhanberdi janym» diýip, mumly ýüplük ýaljak bolarsyň häli. – Tapdyň mumly ýüplük boljak gyzy – diýip, Zybagül Käkiligiň sözüni ýaňsa aldy. Käkilik muňa o diýen intipisem etmedi, ol bir gujak bug daýy desseläp, Mälikgulynyň alkymyna dykylyp geldi. Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy».
♦ ynha – вот
eliňi sowuk suwa urdurmaz – здесь: будешь кататься как сыр в масле çamalagyňy çaşyrmak – разбить в пух и прах, разгромить allanäme – хороший, прекрасный mumly ýüplük ýaly – мягкий, как воск ýaňsa almak – иронизировать intipis etmezlik – не обращать внимания desselemek – связывать в снопы
15
2. ÝAZUW DILI
Ýazuw dili adamlaryň arasyndaky aragatnaşygyň iň kämil serişdesidir. Ol özüniň normalaşan, kämilleşen sözlük düzüminiň, grammatik gurluşynyň, ýörite işlenen we kabul edilen dürs aýdylyş (orfoepik), dürs ýazylyş (orfografik) düzgünleriniň bolmagy bilen gepleşik dilinden tapawutlanýar. Ýazuw dili hemme tarapdan normalaşan, ösen edebi dildir. Edebi dilimiz biziň durmuşymyzyň, jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda ulanylýar we şoňa baglylykda dil serişdeleri saýlanylyp alynýar, ulanyş usullary kesgit lenýär. Bular bolsa öz gezeginde diliň biri-birinden ta pawutlanýan dürli hyzmat ediş ýollarynyň – stilleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Stil (grek. stilus) sözi ilki hat ýazýan taýa jygy aňladypdyr. Bu adalga dil biliminde aragat naşygyň dürli ulgamlarynda pikiriňi täsirli beýan etmek üçin dil serişdelerini saýlap almagyň dürli ýollarynyň jemini aňladýar. Häzirki zaman türkmen edebi dilimizde dört sany stil bar. 1. Syýasy-publisistik stil
Bu stile diliň metbugatda ulanylyşy, ýagny gazet-žurnallarda, radioda, telewideniýede berilýän publisistik eserler, syýasy makalalar, dürli gepleşikler, söhbetdeşlikler, çykyşlar degişlidir. Bu eserleriň dilin de syýasy adalgalar, hünärmentçilige, oba hojalygyna, halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli adalga lar, edaralaryň, guramalaryň atlaryny, olarda işleýän adamlaryň wezipelerini aňladýan sözler köp ulanylýar. Bu stilde, köplenç, anyk maglumatlary özünde jem leýän beýan etme, köpçülikleýin pikir alyşma häsiýet li eserler ýazylýar. Bu stiliň habar, makala, interwýu, oçerk, felýeton ýaly esasy žanrlary bar. 16
♦ ýazuw dili – письменная речь
kämil – совершенный edebi dil – литературный язык jemgyýet – общество saýlamak – выбирать metbugat – печать, пресса hünärmentçilik leksikasy – профессиональная лексика dürli pudaklar – разные отрасли wezipe – должность anyk maglumatlar – точные сведения beýan etme – сообщение makala – статья
Soraglar we ýumuşlar:
1. Ýazuw dili haýsy alamatlary bilen tapawutlanýar? 2. Stil näme? 3. Haýsy sözler publisistik stile mahsus? 4. Bu stilde haýsy işler ýazylýar?
6-njy gönükme. Aşakdaky sözleriň içinden publisistik stilde köp duş gelýänlerini saýlap göçüriň. Olaryň käbirlerini ulanyp, sözlem düzüň.
Bagtyýarlyk döwri, deslap, gezmek, halkymyzyň ýaşa ýyş derejesi, düzümi, lingwistika, möhüm meseleler, iş mas lahaty, goşma sözlem, wideoşekilli aragatnaşyk, ýeri gurp landyrmak, dalaşgär, janypkeşlik, öndürijilikli zähmet, ýeňiş düşümi, ýüwrük elli, bol hasyl, gürrüňdeş bolmak. 7-nji gönükme. Aşakdaky sözleri peýdalanyp, maldarçylyk temasyna degişli gysgaça çykyş taýýarlaň.
Dowardarçylyk, goýunlaryň baş sany, ene goýunlar, guzular, öri meýdany, goýun bakmak, baş çopan, çoluk ýigit, dok we ýyly gyşlatmak.
♦ maldarçylyk – животноводство
dowardarçylyk – овцеводство baş sany – поголовье öri meýdany – пастбище çoluk – подпасок gyşlatmak – организовать зимовку
2. Sargyt №1703
17
8-nji gönükme. Aşakdaky sözlemleri türkmen diline terjime ediň. Olaryň haýsy stile degişlidigini kesgitläň we mysallar bilen delillendiriň.
1. На берегу Каспийского моря в Национальной туристической зоне «Аваза» построили новые гостиницы. 2. В нашей стране есть известные санатории «Арчман», «Байрамали», «Моллакара», «Берзенги». 3. Лидер нации особое внимание уделяет к развитию санаторно-курорт ной инфраструктуры страны. 4. Новые диагностические и лечебные оборудования всех здравниц позволяют предоставлять медицинскую помощь, соответствующую современным мировым стандартам. 9-njy gönükme. Teksti okaň we sözbaşy goýuň. Onuň haýsy stile degişlidigini kesgitläň we delillendiriň.
Şu ýyl beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 290 ýyl lygy halkara derejesinde bellenip geçilýär. Bu şanly waka mynasybetli ýakynda hormatly Prezidentimiziň türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Magtymguly Pyra ga bagyşlanan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ki taby neşir edildi. Wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylar mähriban Arkadagymyzy bu ajaýyp kitabyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Iş maslahatynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. («M. g.»)
♦ halkara – международный
18
bellenip geçilýär – отмечается şanly waka – знаменательное событие dünýä edebiýaty – мировая литература neşir etmek – издавать çözgüt – решение
2. ÇEPER STIL
Bu çeper döredijilikde giňden ulanylýan iň gadymy stil hasap edilýär. Türkmen halk döre dijiliginiň dürli görnüşleri, «Görogly», «Gorkut ata» eposlary, «Şasenem – Garyp», «Leýli – Mejnun», «Zöhre – Tahyr», «Gül – Bilbil» dessanlary, nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulynyň, Andalybyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Şabendäniň, Azadynyň, Kemi näniň we başgalaryň eserleri, häzirki döwrüň prozasy na, poeziýasyna degişli eserler bu stilde ýazylandyr. Bu stilde wakany täsirli, obrazly beýan etmek maksady bilen sözler göçme manylylygyň, metafora, metonimiýa, sinekdoha ýaly görnüşlerinde, omonimler, antonimler, sinonimler, atalar sözleridir nakyllar, fra zeologizmler çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylýar lar. Ýazyjydyr şahyrlar diliň, halk döredijiliginiň iň kämil, iň täsirli, obrazly çeperçilik serişdelerini saýlap alyp, şolaryň kömegi bilen öz eserlerini bezäpdirler, eserleriniň dilini baýlaşdyrypdyrlar. Çeper stiliň aşakdaky žanrlary we görnüşleri bar: 1. Proza žanryna hekaýa (рассказ), nowella, powest, roman, epopeýa, halk döredijilik (народное творчество) eserlerinden erteki (сказка), rowaýat (легенда), nakyl (пословица), matal (загадка), şorta söz (анекдот), ýo mak (каламбур), ýaňyltmaç (скороговорка) ýaly gör nüşler degişli. 2. Poeziýa žanrynyň poema, goşgy (стих), oda, bal lada, elegiýa, halk döredijiligine degişli bolan aýdym (песня), läle (девичья песня), hüwdi (колыбельная песня), tapmaça (загадка) ýaly görnüşleri bar. 3. Drama žanry tragediýa, komediýa, drama, in termediýa ýaly görnüşlere bölünýär. 4. Garyşyk (liro-epik) žanrda dessanlar (дастан), eposlar ýazylýar. Bu eserlerde hem proza, hem poeziýa žanrlarynyň elementleri ulanylýar. 19
♦ çeper döredijilik – художественное произведение, творчество
gadymy – старинный, древний nusgawy şahyrlar – поэты-классики göçme many – переносное значение çeperçilik serişdesi – средство выразительности bezemek – украшать, делать содержательнее baýlaşdyrmak – обогащать, делать богаче
Soraglar we ýumuşlar:
1. Çeper stiliň esasy aýratynlyklaryny aýdyp beriň. 2. Çeper stiliň nähili žanrlary bar? 3. Her žanra degişli görnüşlerini aýdyp beriň.
10-njy gönükme. Aşakdaky sözlemleri göçürip ýazyň. Olardaky göçme manyda ulanylan sözleri tapyň we manysyny kesgitläň.
1. Alymlara uýsaň, açylar gözüň, Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen (M.). 2. Gözlerinden gaçdy üç sany hünji (K. G.). 3. Gaýyn ene jabjynyp, berýär maňa her hili at (B. K.). 4. – Kesellemän ýören adam kesellese, ol agyr ýatýar – diýip, lukman ýanyndakylary köşeşdirmek üçin aýtdy (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy»). 5. Ýagşylyk, haýyr-sahawat miwesiz bolmaýar.
♦ uýmak – верить
hünji – бисер jabjynmak – рявкать, облаять köşeşdirmek – успокоить haýyr-sahawat – благотворительность
11-nji gönükme. Aşakdaky sözlemlerdäki göçme manyly sözleri tapyp, aşagyny çyzyň. Olaryň göni manysynyň näme aňladýandygyny kesgitläň.
1. Aşyr baranda Artyk agyr oýa çümüp, kak dilip otyrdy (B.K. «A.ä»). 2. Çagajyk guş ýaly saýrady (B.K. «W».). 3. Ne 20
mesler has ýakyna gelende, biziň bukuda duran esgerimiziň pulemýoty birden saýrap başlady. 4. Adamlar süýji söze zardylar (Şol ýerde). 5. Ol ýüzüni çuwala berip, uly ili bilen uwlady (B.K. «A.ä»). 12-nji gönükme. Aşakdaky sözlemlerdäki göçme manyly sözleriň näme aňladýandygyny anyklaň.
1. Agyl doly akja guzy, ertir tursam, ýokja guzy (matal). 2. Arkaly köpek gurt alar (nakyl). 3. Algyly – arslan, bergili – syçan (nakyl). 4. Ak girse-de, aň girmedik (nakyl). 5. Aýakda bolandan agyzda bol (nakyl). 13-nji gönükme. Aşakdaky sözlemlerden biri-birine sino nimdeş, antonimdeş, omonimdeş bolýan sözleri tapyp, olaryň sti listik hyzmatyny düşündiriň.
1. Durmuşda hemişe ak bilen gara, şatlyk bilen hasrat, ýagşy bilen ýaman, çyn bilen ýalan, dogmak bilen ölmek tirkeşip, gezekleşip, göreşip gelýär (A. A. «Ö. t.»). 2. Akmak özün akyl diýr, Tentek özün sag saýar (M.). 3. Miwe köp bolsa eger, Bag başyn aşak eger (G. E. «S.»). 4. Ýandym, köýdüm yşgyňda, örtendi jan, gözelim (Mn.). 5. Akja bulut ýaly ýüpek tutular, Tamyňyzyň aýnasyna tutular (K. G.). 6. Namart maslahaty, geňeşi söýmez (M.). 14-nji gönükme. Aşakdaky söz düzümlerindäki sözleriň ulanylyş aýratynlygyny we olaryň haýsy çeperçilik serişdesidigini kesgitläň.
1. Rus dilinde: горькая радость, сладкая боль, мертвые души, звонкая тишина. 2. Türkmen dilinde: şatlykly gözýaşlar, ajy gülki, ýüpsüz baglamak, diri maslyk. 21
3. RESMI-IŞ STILI
Resmi iş stili döwlet ýokary guramalarynyň resminamalarynda, ýerli edaralaryň, guramalaryň iş kagyz larynda, raýatlaryň şahsy resminamalary ýazylanda ulanylýar. Şoňa görä-de resmi-iş stil edaralardaky iş dolandyryş bilen bagly ýöredilýän resminamalaryň, dürli permanlardyr kararlaryň, buýruklaryň, kanun laryň, şertnamalaryň, düzgünnamalaryň we ş.m. dili hasap edilýär. Resmi-iş stiliniň esasy žanrlary kanunçylyk res minamalaryndan, edaralardaky iş kagyzlaryndan we raýatlaryň şahsy resminamalaryndan ybaratdyr. Kanunçylyk resminamalary Konstitusiýa, dür li ugurlara degişli bitewi kanunlar (Meselem: «Dil hakyndaky» Kanun, «Zähmet hakynda» Kanun we ş.m.), perman, karar, buýruk, görkezme, düzgünnama ýaly resminamalary öz içine alýar. Edaralaryň iş kagyzlary ýygnagyň beýany, arza, terjimehal (автобиография), ygtyýarnama (разре шение), bildiriş (объявление), talapnama (требование), şertnama (договор), dil haty (расписка), düşündiriş (объяснительная), çagyryş haty (пригласительное), güwänama (справка), kepilnama (рекомендация) ýaly görnüşlerde bolýar. Raýatlaryň şahsy resminamalaryna pasport, dür li şahadatnamalar (удостоверение), partiýa bileti, harby bilet, diplomlar, zähmet depderçesi (трудовая книжка), agzalyk biletler (членский билет), hasap depderçesi (зачетная книжка) ýaly resminamalar degişli hasap edilýär. Resmi-iş stiliniň özüne mahsus adalgalary, sözler ulgamy bolýar. Sözler diňe göni manyda ulanylyp, ola ra göçme manylylyk, ekspressiwlik mahsus däl, munda çeperçilik serişdeleri hem duş gelmeýär. Sözlemleriň 22
gysga we düşnükli bolmagy, berilýän maglumatlaryň örän anyk bolmagy talap edilýär.
♦ ýokary guramalar – вышестоящие организации, высшие
органы resminama – документ ýerli edaralar – местные учреждения raýat – гражданин şahsy – личный iş dolandyryş – делопроизводство perman – указ karar – решение buýruk – приказ kanun – закон şertnama – договор düzgünnama – правила kanunçylyk resminamalary – документы законодательства göni many – прямое значение maglumatlar – сведения talap edilýär – требуется
Soraglar we ýumuşlar:
1. Resmi-iş stili nirelerde ulanylýar? 2. Resmi-iş stiliniň esasy žanrlaryny aýdyp beriň. 3. Resmi-iş stiliniň nähili aýratynlyklary bar?
15-nji gönükme. Aşakdaky nusgada haýsy resminamanyň ýazylýandygyny anyklaň we ýazyň.
1. Ýüzlenilýän edaranyň ady, onuň ýolbaşçysynyň wezi pesi, ady, familiýasy (ýöneliş düşümde). 2. Ýüzlenýän adamyň wezipesi, ady we familiýasy (çykyş düşümde). 3. Resminamanyň ady. 4. Resminamanyň mazmuny. 5. Ýazýan adamyň goly, ady we familiýasy. 6. Resminamanyň ýazylan wagty. 16-njy gönükme. Aşakdaky nusgadan ugur alyp, başga mazmunda «Dil haty» ýazyň.
23
Dil haty
Men Myradow Çary, öz işdeş ýoldaşym Saparow Oraz dan iki aý möhleti bilen 3000 (üç müň) manat karz aldym. 20.09.2014 (goly) Myradow Çary 17-nji gönükme. Aşakdaky alamatlary peýdalanyp, bildiriş ýazyň.
1. Resminamanyň ady (bildiriş). 2. Bildiriş edilýän çäräniň geçirilýän wagty. 3. Çäräniň geçiriljek ýeri. 4. Gün tertibi. 5. Gol ýa-da guramaçylyk edýän kärhana. 18-nji gönükme. Ýygnagyň beýanynyň esasy alamatlaryny öwreniň. Berlen nusgadan ugur alyp, ýygnagyň beýanyny ýazyň. Ýygnagyň beýany
– bu edaralaryň ýygnaklarynda, mejlislerinde, konferensiýalarynda garalýan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşmasynyň gidişini beýan edýän we kabul edilýän kararlary görkezýän dokumentdir. Beýan aşakdaky ýaly sekiz bölekden durýar: 1. Dokumentiň ady we tertip sany. 2. Ýygnagy geçirýän guramanyň ady. 3. Ýygnagyň bolýan wagty. 4. Ýygnaga gatnaşýan adamlaryň sanawy. 5. Ýygnagyň prezidiumy hakyndaky maglumat. 6. Ýygnagyň gün tertibi. 7. Dokumentiň (beýanyň) mazmuny: a) diňlenildi; b) sorag-jogap berildi; c) çykyp geplediler; d) karar kabul edildi. 8. Dokumentiň aşagynda çekilýän gollar. BEÝAN
(K. B. «D. i. k. ý.»)
24
BEÝANYŇ GYSGALDYLAN MYSALY NUSGASY
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtym guly adyndaky Dil we Edebiýat institutynyň Kärdeşler arkalaşygynyň №1 ýygnagynyň beýany. 1990-njy ýyl, 17-nji maý Aşgabat şäheri Başlyk ady we familiýasy Kätip ady we familiýasy Gatnaşdylar: 75 adam (sanawy mejlis ýazgysyna çatylýar). GÜN TERTIBI:
1. Türkmen diline döwlet dili derejesini bermek hakynda 1. DIŇLENDI: Çykyşynyň esasy mazmuny gysgaça ýazylýar. 1. ÇYKYŞ ETDILER: A. Berdiýew (çykyşynyň esasy pursatlary ýazylýar). B. Amanow (çykyşynyň esasy mazmuny) KARAR:
1. Jemgyýetiň türkmen diline döwlet dili derejesini ber mek baradaky pikirini degişli guramalara ýetirmeli. 2. Institutyň dilçi alymlaryna bu mesele boýunça metbu gatda çykyş etmegi haýyş etmeli. Başlyk Kätip
gol gol
ady we familiýasy ady we familiýasy
4. YLMY STIL
Bu stil alymlaryň, ylmy işgärleriň geçirýän ylmy derňewlerinde, ýazýan ylmy işlerinde ulanylýan dil serişdeleridir. Bu stilde dil serişdeleri ylmy pikirlenişi aňlatmak, pikir ýöretme häsiýetli ylmy tekstleri düzmek üçin ulanylýar. 25
Ylmy stilde dürli ylmy işler, monografiýalar, ylmy, ylmy-populýar makalalar, okuw kitaplarydyr gollan malary, ylmy maslahatlarda edilýän çykyşlar ýazylýar. Ylmy stilde ylmyň dürli pudaklaryna degişli hü närmentçilik leksikasy, ylmy adalgalar köp ulanylýar. Sözler göni manysynda ulanylyp, köpmanylylyga, ekspressiwlige ýol berilmeýär. Sözlemlerdäki öňe sürülýän pikirler anyk mysallar arkaly delillendirilýär, maglumatlaryň anyk we düşnükli bolmagyna aýratyn üns berilýär.
♦ ylmy işgärler – научные работники
ylmy derňewler – научные исследования ylmy pikirleniş – научное соображение pikir ýöretme – размышление, рассуждение okuw kitaplary – учебники gollanma – пособие ylmy maslahatlar – научные конференции ylmy çykyşlar – научные доклады köpmanylylyk – многозначность delillendirmek – доказать, аргументировать
Soraglar we ýumuşlar:
1. Ylmy stile nähili sözler, adalgalar mahsus? 2. Ylmy stilde nähili işler ýazylýar? 3. Sapaklarda mugallymyň temany düşündirişi haýsy stile degişli? 4. Türkmen dili sapagynda bir tema degişli adalgalary ýazyň we olaryň aýratynlygyny kesgitläň.
19-njy gönükme. Aşakdaky adalgalaryň ylmyň haýsy pu dagyna degişlidigini anyklaň we olardan peýdalanyp, gysgaça çykyş taýýarlaň.
Dessan, şadessan, kyssa, şygyr, hekaýa, aýdym, nus gawy şahyr, halk döredijiligi, matal, läle, hüwdi, mazmun, täsirli, çeperçilik serişdesi. 20-nji gönükme. Ylmyň belli bir pudagyna degişli adalga lary tapyp ýazyň we şolary ulanyp, sorag-jogap düzüň.
26
21-nji gönükme. Aşakdaky tekstiň ylmyň haýsy pudagyna degişlidigini kesgitläň we mazmunyny dilden aýdyp beriň.
Materikler we adalar dünýä ummanyny dört bölege – dört sany ummana bölýärler. Dört ummanyň iň ulusy Ýuwaş ummanydyr. Atlantik ummany ondan iki esse kiçidir. Hindi ummany Atlantik ummanyndan kiçidir. Emma onuň eýeleýän meýdanyn da materikleriň üçüsi: Demirgazyk we Günorta Amerika bilen Afrika ýerleşip biler. Bu umman, esasan, Günorta ýarymşarda ýerleşýär. Demirgazyk Buzly umman beýleki ähli ummanlardan kiçidir. Planetanyň iň demirgazygynda ýerleşendigi üçin, onuň ähli kenarlary günorta kenarlardyr. (T.P.G. «G.») 22-nji gönükme. Berlen tekstiň içindäki adalgalary saýlap alyň we terjime ediň, soňra tutuş teksti terjime ediň. Onuň aýratynlyklaryny aýdyp beriň.
Геометрия – это наука о свойствах геометрических фи гур. Слово «геометрия» – греческое, в переводе на русский язык означает «землемерие». Такое название связано с ис пользованием геометрии при измерениях местности. Треугольник, квадрат, окружность являются приме рами геометрических фигур. Геометрия широко применяется на практике. Её надо знать и рабочему, и инженеру, и архитектору, и художни ку. Одним словом, геометрию надо знать всем. (А.Б.П. «Г.»)
27
EDEBI DIL WE EDEBI NORMALAR Edebi normalar we olaryň görnüşleri
Türkmen milli diliniň köp ýyllaryň dowamynda ösüp kämilleşen, söz ussatlary tarapyndan işlenen, ti marlanan we şonuň netijesinde belli bir norma laýyk getirilen ýokary formasy edebi dil hasap edilýär. Ede bi dil dürli mazmundaky işleriň, çeper edebiýatyň, ylmy, ylmy-populýar işleriň dili, metbugatyň, radiodyr telewideniýäniň, döwlet dolandyryşyň, edaralardaky iş dolandyryşyň, mekdebiň dili bolmak bilen aragatnaşyk serişdesi hökmündäki jemgyýetçilik hyzmatyny ýerine ýetirýär. Aragatnaşyk serişdesi hökmünde edebi diliň edebi ýazuw we edebi sözleýiş ýaly görnüşleri ula nylýar. Edebi dilde sözler many taýdan-da, aýdylyşy, ýazylyşy boýunça-da Türkmenistanyň hemme ýerinde kabul edilen normalara laýyk ulanylýar. Şol normala ra edebi normalar diýilýär. Türkmen dilinde edebi normalaryň birnäçe görnüşleri bardyr.
♦ kämilleşen – совершенный, достигнутый совершенства
söz ussatlary – мастера слов timarlanan – обработанный, шлифованный çeper edebiýat – художественная литература jemgyýetçilik hyzmaty – общественная функция kabul edilen – принятый
23-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Köpmanyly sözleriň asyl ýa-da göçme manydadygyny kesgitläň. Sözleriň edebi norma laýyk ýa-da laýyk däldigini anyklaň.
1. Toýa garramak yok, ýasa – könelmek (nakyl). 2. Adyl däl kişiniň aýagy synyk, gözi sokur (nakyl). 28
3. Açgözüň garny doýsa-da, gözi doýmaz (nakyl). 4. Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda (nakyl). 5. Ýigidiň pesi pesligini daýysyndan görer (nakyl). 6. Agaýunus: – Mamajan, sen öňinçä özüň iç-de, yzyn dan bizlere teperrik edip beräý – diýdi («G.» e.).
♦ synyk – сломанный
sokur – слепой açgöz – алчный, жадный garyn – желудок, живот doýmak – наедаться ala – пёстрый, полосатый teperrik – подачка (от духовных лиц)
ORFOEPIK NORMALAR
Orfoepik normalar edebi dilimizde sözleriň, olar daky sesleriň dogry aýdylyş normasydyr. Orfoepik nor mada diliň ses ulgamyndaky käbir sesleriň türkmen diliniň hut özüne mahsus aýdylyş aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. Sözleriň aýdylyş normasy anyklanmaly bolanda türkmen döredijilik intelligensiýasynyň, mugallymlaryň, türkmen telewideniýesiniň we radiosynyň diktorlarynyň sesleri, sözleri aýdyşy nusga bolup hyzmat edýär. Türkmen edebi diliniň sözleýiş normasy esasyn da sözleriň dogry aýdylyşy «Türkmen diliniň orfoepik sözlüginde» (1978) berilýär. Sözlükde b sesiniň süýkeş warianty (o:bo, da:ban), tegelek yşgalaňly dodak w sesiniň aýdylyşy (watan, ga:wun), g sesiniň süýkeş wa rianty (aga, ige) ýörite belgiler arkaly görkezilipdir. Uzyn aýdylýan giň çekimlileri görkezmek üçin goşa nokat (:), dar çekimlileri görkezmek üçin ý ýa-da w harpy peýdalanylýar. Meselem: don (do:n), bäş (bä:ş), dört (dö:rt), uky (uwky), uzyn (uzyýn) we ş.m. Mundan başga-da, sözlükde türkmen diline mahsus 29
bolan dymyk çekimsizleriň açyga öwrülişi (agaç-jy, dörtdi, kitap-by, dyrnak-gy), dodak çekimlileriň sazlaşygy (oba-obo, sogan-sogon, ýorgan-ýorgon), dar çekimlileriň düşmegi (oýun-oýny, agyz-agzy), çekimsize başlanýan käbir sözleriň öňünden çekimli sesleriň artdyrylyşy (Rejep-Irejep, razy-yrazy, rugsat-urugsat) ýaly orfoepik nor malar hem görkezilýär.
♦ dogry aýdylyş – правильное произношение
ses ulgamy – система звуков özüne mahsus – свойственный, присущий aýratynlyklar – особенности döredijilik – творчество nusga – образец sazlaşyk – гармония, созвучие
24-nji gönükme. Orfoepik sözlükde sözleriň berlişinden ge tirilen mysallarda olaryň haýsy alamatlarynyň görkezilendigini aýdyp beriň.
Ýaprak – ýapyrak, -gy ýorgan – ýorgon Rejep – Irejep, -bi rugsat – urugsot işçi – iýşşi uçly – uwşly aç – a:ç, -jyrak giç – gi:ç, -jräk körük – kö:rük, -gü oýnawaç – oýnowa:ç, -jy süýt – süýt, -dü gury – guwry kompozitor – kampazy:tyr zawod – zawo:t ýandak – ýannak, -gy atsyz – a:ssyz 30
25-nji gönükme. Sözleri göçüriň we olaryň ýanynda dogry aýdylyşyny görkezýän belgilerini goýup ýazyň.
Saçly – kündük – ak – kerpiç – tomus –
surat – güýç – nire – razy – traktor – ORFOGRAFIK NORMALAR
Orfografik norma edebi dilimizde sözleriň dogry ýazylyş düzgünleriniň normasydyr. Bilşimiz ýaly, söz ler ýazuwda sözleýişdäki aýdylyşy ýaly däl-de, köplenç, morfologik gurluşyna laýyk ýazylýar. Meselem: bolly däl-de boldy, çörök däl-de çörek, işşek däl-de içjek, işşi däl-de işçi, assyn däl-de atsyn, düssün däl-de düzsün we ş.m. Edebi dilimizde sözleriň orfografik normalara laýyk dogry ýazylyşy «Türkmen diliniň orfografik sözlügin de» (1989) berilýär. Sözlükde aýry-aýry harplaryň söz lerde ulanylyş aýratynlyklary we ýazylyş düzgünleri berilýär. Şonuň ýaly-da bu sözlükde dar çekimlileriň düşürilip ýazylyşy (oýun-oýny, şygyr-şygry), dodak çekimlileriň dogry ýazylyşy, käbir çekimsizleriň düşü rilip ýazylyşy (köýnek-köýnejik), assimilleşdirilip aý dylýan çekimsizleriň ýazuw düzgüni (ballak däl-de baldak, geşşek däl-de geçjek, künnük däl-de kündük), dymyk çekimsizleriň açyga öwrülişi (kitap-kitaby, sagat-sagady), goşma sözleriň, tirkeş sözleriň, dürli goşulmalaryň, baş harplaryň ýazuw düzgünleri bilen bagly orfografik normalar berilýär.
♦ dogry ýazylyş – правописаниe
ýazuw düzgüni – правила правописания gurluş – структура
31
26-njy gönükme. Orfografik sözlükde sözleriň dogry ýazy lyşynyň görkezilişine degişli mysallarda olaryň haýsy düzgün leriniň görkezilendigini kesgitläň.
Ot,-dy, ot; ömür, -mri, okatmak (okadýar); gök, -gräk, geýinmek (geýner); işleýiş, -ýşi, sanatoriý, -ide, keýik, keýijek, -gi; Soraglar we ýumuşlar:
1. Edebi dil haýsy aýratynlyklara eýe? 2. Edebi dil nirelerde ulanylýar? 3. Türkmen edebi diliniň jemgyýetçilik hyzmatyna nähili düşünýärsiňiz? 4. Edebi diliň haýsy normalary bar? 5. Orfoepik we orfografik normalaryň nähili aýratynlyklary bar? Olar haýsy sözlüklerde görkezilýär?
32
Çekimli sesler Çekimli sesleri gaýtalamak üçin soraglar:
1. Çekimli sesleriň düzümi nämeden ybarat we olara haýsy sesler degişli? 2. Çekimli sesler toparlara bölünende olaryň haýsy häsiýetleri göz öňünde tutulýar? 3. Çekimli sesler aýdylyş aýratynlyklary taýdan haýsy toparlara bölünýärler? 27-nji gönükme. Aşakdaky toparlara haýsy çekimlileriň degişlidigini ýazyň.
Uzyn çekimliler: Gysga çekimliler: Inçe çekimliler: Ýogyn çekimliler: Giň çekimliler: Dar çekimliler: Dodaklanýan çekimliler: Dodaklanmaýan çekimliler: 28-nji gönükme. Çekimlileriň toparlara bölünişini görkezýän aşakdaky tablisany dolduryň. Çekimli sesler
Giň çekimliler Ýogyn
Inçe
Dar çekimliler Ýogyn
Inçe
Dodaklanmaýan çekimliler Dodaklanýan çekimliler Bellik: Her çekimliniň uzyn we gysga wariantyny görkeziň. 3. Sargyt №1703
33
Çekimli sesleriň uzyn we gysga aýdylyşy
Bilşimiz ýaly, çekimlileriň uzyn aýdylyşy käte sözüň manysyna hem täsir edýär we ses düzümi meňzeş bolan, emma çekimlisiniň uzyn-gysgalygy taýdan tapawutlanýan sözler manysy boýunça-da ta pawutlanýarlar. Meselem: ot (трава) – o:t (огонь), at (конь) – a:t (имя), tut (держи) – tu:t (тутовое дерево), pil (слон) – pi:l (лопата), öt (проходи) – ö:t (желчь) we ş.m. 29-njy gönükme. Sözlemlerden çekimlisi uzyn aýdylýan söz leri saýlap göçüriň.
1. Hazar deňzi dünýäde iň uly kölleriň biri hasap edilýär. Türkmenistanda onuň kenary alty ýüz kilometre çenli uzalyp gidýär. 2. Armydyň miwesi hem, tohumy hem dermanlyk çig maldyr. 3. Häzirki döwürde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamy dünýäniň ösen tehnologiýasynyň iň täze enjamlary bilen üpjün edildi. 4. Gadymy tükmen topragy tebigatyň eçilen gymmatly baýlyklary bilen tanalýar. 30-njy gönükme. Çekimlisiniň uzyn-gysgalygy taýdan ta pawutlanýan sözleriň aýdylyşyny anyklaň. Olaryň manysyny kesgitläň we sözlem düzüň.
Al – возьми, бери, al – светло-красный, aç – открой, aç – голодный, bar – ступай, bar – есть, uç – конец, кончик, uç – лети, it – веди, it – собака. 31-nji gönükme. Sözlemlerdäki sesdeş sözleri tapyň. Olaryň çekimlileriniň uzyn ýa-da gysga aýdylýandygyny hem-de manylaryny kesgitläň.
1. Ot ýanan ýerde ot bitmez.
34
2. Mellekde gol ýaýradan biýaralaryň arasynda torly süýri gawunlar saralyp görünýärdi. Gün guşluga galanda, süri giň gola ýaýrapdy. 3. Epilýänçä bil, balam, Bir dilegim, bil, balam, Maňa köp zat gerek däl, Köpüň ogly bol, balam. 4. At köýenden, at köýsün.
♦ mellek – приусадебный участок
biýara – стебель, растение guşluk – время около десяти часов утра gol – низина epilmek – гнуться, сгибаться köýmek – 1) сгорать; 2) терять, утрачивать
Çekimlileriň uzyn aýdylyşy sözüň şekillerini hem üýtgedýär we tapawutlandyrýar. Meselem: oba (nire?) (baş.d) – oba: (nirä?) (ýöneliş d.). Ata (kim) (baş.d.) – Ata: (kime?) (ýöneliş d.), dur (стой) buýruk şekil – du:r (стоит) anyk häzirki zaman. 32-nji gönükme. Çekimlisiniň uzyn-gysgalygy taýdan ta pawutlanýan sesdeş sözleriň aýdylyşyna üns beriň. Olaryň haýsy şekildedigini kesgitläň we sözlem içinde getiriň.
otur – садись, oty:r – сидит goýmaly – должен оставлять, goýma:ly – не будем оставлять barmaly – должен пойти, barma:ly – давайте не будем идти balajyk – брючки, ba:lajyk – ребеночек gyzdy – нагревался, kiçijik gy:zdy – была маленькой девочкой
► Ýadyňyzda saklaň! Uzyn aýdylýan i, y seslerin den soň ý sesi eşidilýär, emma olar düýp sözüň ortasynda 35
gelse, edebi ýazuwda ýazylmaýarlar. Meselem: miýwe däl-de miwe, niýre däl-de nire, gyýz däl-de gyz, gyýkylyk däl-de gykylyk we ş.m. Düýp sözüň soňundaky uzyn aýdylýan i, y seslerinden soň eşidilýän ý sesi ýazuwda-da görkezilip ý harpy ýazylýar. Meselem: iý, elipbiý, gyý, diý(mek), guý (ýar) we ş.m. 33-nji gönükme. Nakyllardan çekimlisi gysga we uzyn aýdylýan sözleri tapyň, olaryň aýdylyşyna üns beriň hem-de manysyny anyklaň.
Biz geýerin, düz gezerin. Gyz göwni gyzan gazan. Gyz edebi – il edebi. Dil bilen nöker – bal bilen şeker. Dil bilmez nöker abraýyňy döker. Miweli agajyň başy aşak.
♦ biz – бязь
nöker – нукер, дружинник şeker – сахар
► Ýadyňyzda saklaň! Uzyn aýdylýan ü sesinden soň ý sesi eşidilýär we ol ýazuwda-da görkezilip, ý harpy ýazylýar. Meselem: güýz, güýç, süýt, süýji we ş.m. 34-nji gönükme. Nakyllarda ü sesiniň uzyn we gysga aýdy lyşyna hem-de uzynlygyň görkezilişine üns beriň.
Miwe agajyndan daş düşmez. Aç towuk düýşünde dary görer. Güýzüň gelşi ýazyndan belli. Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür. Süýtli sygyr sürüden çykmaz. Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer. Süýji söz – baldan artyk. Inçe we ýogyn çekimliler
Çekimlileriň emele gelmeginde dilimiz işjeň he reket edýär. Ol alynky dişlere ýakynlaşanda ses in çelýär we inçe çekimliler ä, e, i, i: ö, ö: ü, ü: döreýär. Dilimiz alynky dişlerden yza çekilip daşlaşanda, ses 36
ýognaýar we ýogyn çekimliler a, a: o, o: u, u: y, y: eme le gelýär. Bir sözüň düzümindäki çekimlileriň inçelik-ýogynlyk taýdan özara sazlaşygy milli dilimiziň aýratynlyklarynyň biridir. Şoňa laýyklykda türk men diliniň sözleriniň düzümi diňe inçe çekimliler den (işçilerimizden) ýa-da diňe ýogyn çekimlilerden (okuwçylarymyzdan) ybarat bolýar. Bu hadysa dilde palatal singarmonizm diýilýär. 35-nji gönükme. Sözleri çekimli sesleriniň inçe-ýogynlygyna baglylykda saýlap göçüriň. Olary terjime ediň we käbirleri bilen sözlem düzüň.
1. Diňe ýogyn çekimlili sözler: 2. Diňe inçe çekimlili sözler: Dilçi, ylym, ata, ene, bilim, bag, dogry, gitmek, okamak, gyzyl, gök, gelmek, almak, garynja, sygyr, goýun, geçi, alty, ýedi, ak, segsen, togsan, bagşy, aýdym, döwlet, üzüm, süýji. 36-njy gönükme. Sözlere degişli goşulmalary goşup göçüriň.
-lar/-ler – işçi, gyz, gelin, oglan, ýaş, depder, çaga, iş. -ly/-li – miwe, suw, ot, öý, gül, gahar, sebäp, zyýan. -ky/-ki – agşam, gije, güýz, tomus, orta, çet, öň, soň. -al/-el – az, köp, giň, dar, kem, bol. Çekimlileriň inçelik-ýogynlyk taýdan sazla şygy (palatal singarmonizm) aşakdaky ýagdaý larda saklanmaýar: 1. Biri inçe çekimlili, beýlekisi ýogyn çekimlili iki sözden ýasalan goşma sözlerde. Meselem: gündogar, daşdeşen, düýeguş. 2. Beýleki dillerden geçen alynma sözlerde. Mese lem: kitap, diýar, serdar, edebiýat (arap-pars dillerin den), direktor, gazet, telefon, kino (rus dilinden). 3. Käbir bir wariantly goşulmalar goşulanda. 37
Meselem: bergidar, erkana, nätanyş, bisowat, güljagaz, ýelpewaç we ş.m. 37-nji gönükme. Sözleri göçüriň. Sazlaşyk saklanmaýan sözlerde onuň sebäbini düşündiriň.
Dinar, diplom, dilçi, düýeguş, derman, birnäçe merdana, günebakar, bihabar, uniwersitet, kitap, eljagaz, dildüwşük, demirgazyk, wepadar, gyzjagaz, söwdagär. ► Ýadyňyzda saklaň! Garyşyk çekimlili sözlere goşulmalar goşulanda, olaryň soňky bognundaky çekimliniň inçe-ýogynlygyna esaslanylýar. Meselem: direktor+ymyz, kitap+lar, Ýolöten+den, bisowat+lyk, edebiýat+yň we ş.m. Soraglar we ýumuşlar:
1. Palatal singarmonizm näme? 2. Palatal singarmonizmiň saklanmaýan sözlerini aýdyp beriň. 3. Sazlaşyk saklanmaýan sözlere goşulma goşmak düzgünini düşündiriň.
38-nji gönükme. Berlen sözlere ýaý içindäki goşulmalary goşup, täze söz ýasaň.
Dükan (-çy, -çi), wepa (-ly, -li), peýda (-syz, -siz), kino (-syz, -siz), demirýol (-çy, -çi), senagat (-çy, -çi), kitaphana (-çy, -çi) Dodak çekimliler
Dilimizdäki käbir çekimlileriň emele gelmegin de dodaklarymyz işjeň hereket edýärler. Dodaklaryň gatnaşmagy bilen o, o:, ö, ö:, u,u:, ü, ü: dodak çekim lileri emele gelýärler. Bir sözüň düzüminde gelen käbir çekimlilerde dodak sazlaşygy hem bolýar. Dodak sazlaşygynyň netijesinde sözüň birinji bognunda dodak çekimli gelse, şol sözüň soňky bogunlaryndaky gysga çekimliler hem dodaklandyrylyp aýdylýar. Meselem: çörök (orf. çörek), oglon (orf. oglan), köprü (orf. köpri), 38
göröldö (orf. görelde), üzümçülük (orf. üzümçilik). Bu fonetik hadysa dilde labial singarmonizm diýilýär. 39-njy gönükme. Sözleri okaň, olaryň aýdylyşyny ýazyp görkeziň. Dodak çekimlileriň sazlaşygyna üns beriň.
Durmuş, döredijilik, kömelek, bölüm, ogul, tüwi, uly, tüs se, guşak, düşmek, uçmak, köçe, duralga, orta, görkezmek, goşmak. 40-njy gönükme. Nakyllary göçüriň, olardaky dodak çekim lileriň aşagyny çyzyň we aýdylyşyna üns beriň. Manysyny düşün diriň.
Gury sözden palaw bolmaz, ýag bile tüwüsi bolmasa. Guş görki – per, dost görki – syr. Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer. Göwni açygyň, ýoly açyk. Göwün gözeli söýmez, söýe nini söýer. Göwün sygsa, göwre sygar. Durna gökde, duzak ýerde. Jüýjeli towukdan iým artmaz, oglanly öýden – nan. Köpüň dilegi köl bolar.
♦ tüwi – рис
per – пух tüýkürmek – плевать sygmak – вмещаться duzak – ловушка, западня
Dodak çekimlileriň sazlaşygy (labial singarmonizm) aşakdaki ýagdaýlarda saklanmaýar: 1. Bir komponenti dodak çekimsizli söz bolan goşma sözlerde. Meselem: Gülbahar, düýedaban, golýazma, Aýdogdy, mekgejöwen. 2. Dodaklanmaly çekimliler uzyn aýdylýan bolsa lar. Meselem: oka:n, öýdä:ki, uzy:n, müdi:r, görmä:ge. 3. Rus alynma sözlerinde. Meselem: azot, agronom, opera, kino, kooperatiw. 4. Käbir bir wariantly goşulmalar goşulanda. Me selem: güljagaz, suratkeş, türkana, uruşparaz. 39
41-nji gönükme. Sözleri göçüriň. Dodak çekimlileriň sazlaşygynyň saklanmaýan sözlerini tapyň we onuň sebäbini düşündiriň.
Ýokary, düzgün, bidüzgünçilik, öýjagaz, guşçulyk, go lýazma, durmak, institut, howa, merdana, duşman, öňdäki, ogryn, görip, sözbaşy, awtobus, ýoldaky. 42-nji gönükme. Sözlemleri okaň, dodak çekimlileriň aýdy lyşyna üns beriň. Dodak sazlaşygy saklanmaýan sözleri saýlap göçüriň.
1. Körsyçanyň hem öz hininde gözi ýiti (nakyl). 2. Nogsan syz dost gözlän, dostsuz galar (nakyl). 3. Ülker dogsa, otam ýetişer, bugdaýam (nakyl). 4. Garaşsyz özbaşdak döwlet gur mak biziň ata-babalarymyzyň mukaddes arzuwydy. Taryhy maglumatlara görä, olar öz döwründe 70-den gowrak döwlet gurupdyrlar.
♦ körsyçan – крот
hin – нора nogsan – недостаток ülker – Плеяды mukaddes – святой, священный döwür – период, время
Dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni
Çekimlileriň dodaklandyrylyp aýdylmagy, ýagny dodak sazlaşygy edebi dilimiziň orfoepik normasy ha sap edilýär. Emma bu norma edebi ýazuw dilimizde doly şöhlelenmeýär. Şoňa görä-de dodak çekimlileriň dogry ýazylyşynyň düzgünleri orfografiýada göz öňünde tutulandyr. Sözlerde giň we dar çekimlileriň dodaklandyrylyp aýdylyşy hem-de şoňa esaslanan ýazuw düzgünleri-de biri-birinden tapawutlanýarlar. 40
Giň dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni
Türkmen dilinde giň dodak çekimliler o, ö sada sözleriň diňe birinji bognunda ýazylýarlar. Ondan soňky bogunlarda o, ö eşidilse, degişlilikde, a, e ýazylýar. Meselem: dogon (orf. dogan), ördök (orf. ördek), kütök (orf. kütek), sogon (orf. sogan), obo (orf. oba), köçö (orf. köçe), durolgo (orf. duralga). 43-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Giň dodak çekimlisi bolan sözleriň aşagyny çyzyň, olaryň dogry aýdylyş we ýazylyş düzgünlerini düşündiriň.
Öwreniň hem okaň, oňat kitaplary okaň, galanyny durmuş oňarar (Dostoýewskiý). Ähli kitaplary okamak hök man däl, diňe göwnüňde dörän soraga jogap berip biljek ki taplary okamak gerek (L. Tolstoý). Goňşy aşy – göwün hoşy (nakyl). Gorkana goşa görner (nakyl).
♦ durmuş – жизнь
sorag – вопрос jogap bermek – ответить goňşy – сосед
Süýkeş dodak w çekimsiziniň öňünden ýa-da so ňundan gelen a, e çekimlisi dodaklandyrylyp aýdyl ýar, emma dodaklandyrylyp ýazylmaýar. Meselem: saýlow (orf. saýlaw), palow (orf. palaw), düşöwünt (orf. düşewünt). 44-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. W çekimsiziniň täsiri ýetip, dodaklanýan çekimliniň dogry aýdylyşyny we ýazylyşyny düşündiriň.
1. Uzaklarda dagdan inýän şarlawugyň sesi eşidilýärdi. 2. Ýygnakda oba bilen etrap merkeziniň arasynda awto bus gatnawyny ýola goýmak meselesi barada-da gürrüň gozgaldy. 41
3. Agşamky aýazdan soň, agaçlaryň şahalaryny gyraw basypdyr. 4. Çarwa gabawa bolmaz, ýaby – gykuwa (nakyl).
♦ şarlawuk – водопад
gatnaw – движение, курсирование çarwa – скотовод gyraw – иней gabaw – окружение gykuw – крик, шум
Giň dodak çekimliler sözüň birinji bognundan soňky bogunlarynda aşakdaky ýagdaýlarda ýazylmagy mümkin: 1. Goşma sözlerde. Meselem: gündogar, mekgejö wen, Daşoguz, inedördül. 2. Sözüň öňünden goşulma goşulanda. Meselem: nädogry, bisowat, nähoş, bidöwlet. 3. Söze dodak çekimlili goşulma goşulanda. Mese lem: namazhon, çägesöw, Meredow. 4. Alynma sözlerde. Meselem: kino, telewizor, direktor. 45-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Giň dodak çekimlileriň ikinji we soňky bogunlarda ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň.
1. Bidöwletiň çagasy asmandaky aýy dilär (nakyl). 2. Başlygynyň başdansowma jogaby akgöwünli ýaşulynyň göwnüni galdyrdy. 3. General Mallesson olaryň ikisini-de umumy diploma tiýa tertibi boýunça edepli kabul etdi (B.K. «A.ä.»). 4. Şol obanyň günortasyndaky mekgejöwenli atyzlaryň depesinde mollatorgaýlar saz edýärdiler. 5. Howa gamaşyp, asmanyň ýüzüni aksowult bulut per deläpdir (A. G. «S.e.»). 42
♦ dilemek – просить
başdansowma – небрежно, кое-как, несерьёзно mollatorgaý – жаворонок saz etmek – петь, щебетaть perdelemek – скрывать, покрывать aksowult – беловатый, белёсый gamaşmak – ухудшаться, испортиться (о погоде)
46-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň, olary okaň. Giň dodak çekimlileriň aýdylyşyna üns beriň. Bu çekimlileriň dogry ýazylyş düzgünini düşündiriň.
1. Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize diňe onuň hoşasyny çöplemek galdy (Mämmetweli Kemine). 2. Bedew jul içinde belli, göwher – kül içinde (nakyl). 3. Owlak wagtyň geçmegi bilen agyla, oglanlara gowy öwrenişdi. Owlagy soňabaka açyk meýdana-da goýberdiler. Ol gaçjak bolmady (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy»). 4. Adam gezip ýörände, Ýalan ýaly öljegi; Ýöne uly ölende, Soň bilinýär ölçegi. (G. E. «T. s»)
♦ orak ormak – жать, косить
hoşa – колосья (оставшиеся после жатвы) jul – попона kül – зола, пепел agyl – загон, овчарня ölçeg – мера
Dar dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni
Dar dodak çekimliler u,ü düýp sözleriň birinji we ikinji bogunlarynda ýazylýarlar. Meselem: kömür, ogul, köwüş, durmuş, guzusy, köprüsi we ş.m. Ikinji bogundaky dar çekimli uzyn aýdylsa, do 43
daklandyrylman ýazylýar. Meselem: müdi:r, üçi:n, guzy:m, köpri:ni we ş.m. 47-nji gönükme. Aşakdaky sözleri ýöňkemede üýtgediň, ikinji bogunda dodak çekimliniň ýazylyp-ýazylmazlygynyň sebä bini düşündiriň.
Howly, guýy, süri, süýji. 48-nji gönükme. Aşakdaky sözleri düşümde üýtgediň, ikinji bogunda dodak çekimliniň ýazylyp-ýazylmazlygynyň sebäbini düşündiriň.
Uky, guzy, öri, görgi. 49-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. Sözlerdäki dar dodak çekimlileriň ýazuw düzgünini düşündiriň.
1. Her gülüň bir ysy bar (nakyl). 2. Uçgundan ot dörär (nakyl). 3. Ulynyň diýenini etmedik uwlar (nakyl). 4. Berdi muhamet bu gürrüňdeşiniň durmuş ýoluna belli bir dereje de beletdi (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 5. Sähram! Synmaz örküm. Syryň aç maňa. Ýer ber. Menem köküm Uraýyn saňa! (G. E. «T. s.»). 6. Ýüwrüp gelip, Genjim agasy Göroglyny gujaklap at dan alyp, ak öýüň töründe oturtdy («G.» e).
♦ uçgun – искра
44
uwlamak – выть, плакать belet – знакомый synmaz örk – привязь kök urmak – пускать корни, укореняться ýüwürmek – бежать, прибежать synmak – ломаться, разбиваться tör – почётное место
Düýp sözlerde tegelek yşgalaňly süýkeş w sesin den öň we soň gelen gysga aýdylýan dar çekimliler do daklandyrylyp ýazylýar. Meselem: gawun, mawut, hyjuw, ýazuw we ş.m. 50-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. W sesiniň täsiri bilen dodaklanan çekimlileriň ýazuw düzgünini düşündiriň.
1. Iň köp ýaşan çapuw aty Awstriýanyň Gergos Tango atly atydyr. Ol 42 ýaşapdyr («E. we s.»). 2. Köçeden gelýän geýnüwli ýaş gelin töwerekde gykuwlaşyp oýnap ýören ça galardan biriniň öýüni sorady. 3.Ýigit ýaşlyk hyjuwy bi len dynuwsyz zähmet çekmegiň netijesinde uly abraýa eýe boldy. 4. Gawunyň gowusyny şagal iýer (nakyl).
♦ çapuw – скаковой
hyjuw – страсть, пыл geýnüwli – нарядный dynuwsyz – беспрерывно; неустанно
Türkmen sözlerinde sözüň soňunda açyk bogunda gelen dar çekimliler dodaklandyrylman ýazylýar. Me selem: uly, otly, tuty, tüwi, köpri, süýji we ş.m. Şeýle sözlere çekimsiz bilen başlanýan goşulma goşu landa, ikinji bogundaky gysga aýdylýan dar çekimliler do daklandyrylyp ýazylýar. Meselem: uky-ukudan, otly-ot lusy, tuty-tutular, köpri-köprüden, süýji-süýjüsi we ş.m. 51-nji gönükme. Sözleriň soňuna çekimsiz bilen başlanýan goşulma goşuň. Dodak çekimliniň ýazuw düzgünini düşündiriň.
duýgy – süri – söýgi –
guzy – boldy – gördi –
gumry – güýçli – jübi –
52-nji gönükme. Nakyllary göçüriň. Sözlerde dodak çekimliniň dogry ýazylyşyny düşündiriň. Nakyllary terjime ediň ýa-da ekwiwalentini tapyň.
45
1. Güýçlüden gül ysy geler. 2. Güýçliniň gepi dogry. 3. Güýji ýetmez görgä galar. 4. Goňşy goňşudan giç ýatyp, ir turmany öwrener. 5. Goňşy goňşynyň hem görki, hem örki. 6. Dogry dost kinesiz bolar, bolşuňy ýüzüňe aýdar. 7. Dogry sözlüniň dosty ýok. Dar dodak çekimliler sözüň üçünji we soňky bogun larynda aşakdaky ýagdaýlarda ýazylmagy mümkin: 1. Goşma sözlerde: Daşoguz, üçburçluk, Oguldursun. 2. Sözüň öňünden goşulma goşulanda: nädogrulyk, bidüzgün. 3. Alynma sözlerde: institut, kanikul. 53-nji gönükme. Aşakdaky sözleri göçüriň we sözüň ikinji bognunda dar dodak çekimlileriň ýazylyp-ýazylmazlygynyň sebäbini düşündiriň.
Gündiz, güjüm, bütin, uçgun, otluçöp, ogryn, ogurlyk, görgi, görgüli, görgimiz, göni, gönümel, dört, dördüne, dördümiz. 54-nji gönükme. Berlen sözleriň mysalynda dar dodak çekimlileriň ýazuw düzgünini düşündiriň.
Duşuşyk, dörtburçluk, görip, görüş, şarlawuk, görnükli lik, tapawut, guşçulyk, ikuçlulyk, ömür, suwçy, suwçular, suwçynyň, guýdy, guýduk, gördi, gördüler, öri, örüde, örüni, mümkin. 55-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Dodak çekimlili sözleriň aşagyny çyzyň we olaryň dogry aýdylyşyny hem-de ýazuw düzgünini düşündiriň.
1. Magtymguly XVIII asyr türkmen edebiýatynda ägirt uly özgeriş döredip, ony öň görülmedik derejede ösdüren şahyrdyr (Mäti Kösäýew). 2. Ýaşalan gysga döwre göz aýlap, Berdi 46
muhamet şu döwrüň her gününiň wakalardan doludygyna, şol wakalaryňam her biriniň ynsanyň bütin ömrüne ýeterlik boljakdygyna haýran galýardy (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 3. 1939-njy ýylda Berdimuhamet Annaýew Aşgabadyň döwlet mugallymçylyk institutynyň gaýybana bölümine okuwa girdi (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 4. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrün de ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmaga möhüm ähmiýet berilýär («M.»g.). 56-njy gönükme. Teksti okaň, dodak çekimlileriň sazlaşygyna üns beriň. Dodak çekimlili sözleri saýlap göçüriň, olaryň ýazuw düzgünini aýdyp beriň. Turaç barada gürrüň beriň. Turaç
Turaç diýseň owadan guş bolup, ol sülgünler maşgalasyna degişlidir. Adatça, turaçlaryň reňki goňrumtyl, bedeninde sary tegmiljikler we çyzyjaklar bolýar. Bu guş, esasan, suw howdanlarynyň golaýyndaky açyk we otjumak ýerlerde, kenar ýakadaky ösgün otluk we eke rançylyk meýdanlarynda ýaşaýar. Turaçlar hemişe jübüt ýaşaýarlar. Olar mart–awgust aýlarynyň dowamynda bir gezek, käbirleri bolsa iki gezek köpelýärler. Turaç dili senaly guş hasaplanýar. Bu guş hakynda söz ussady Magtymguly Pyragyda hem şeýle setirler bar: Turaç dili senada, Ördek tili penada, Gazlar galkyp howada, Gözi umman içinde.
♦ tura:ç – турач, рябчик
(«G».ž.)
sülgün – фазан tegmil – пятно
47
ösgün – высокий otjumak – травянистый sena – молитва; чары pena – укрытие, убежище umman – океан
57-nji gönükme. Goşgyny göçüriň. Ony labyzly okap öwreniň. Dodak çekimlileriň orfoepik normasyna üns beriň we ýazuw düzgünini düşündiriň.
«Dogan» diýip, adym tutan-da gördüm, «Ýegen» diýip, habar gatan-da gördüm, «Daýym» diýip, böküp ýören-de gördüm, «Balam» diýip, kükrek geren-de gördüm. Emma otuz ýyldyr, henize deňiç, Adym şu söz bilen tutulmandy hiç: Gujagma dolanda ilki zürýadym, Şu gün «Ka-ka» diýip, tutuldy adym.
(K. G. «O. b.»)
Diktant üçin tekst
Tilki bilen odunçy
Awçylardan gaçyp gelýän tilki odun çapyp duran adamy görüp, ondan gizlener ýaly ýer görkezmegini haýyş edýär. Odunçy oňa öz külbesine girip gizlenmegi maslahat berýär. Köp wagt geçmänkä, awçylar ýetip gelýärler we odunçydan tilkini görüp-görmändigini soraýarlar. Odunçy ony görmän digini aýdýar, ýöne eli bilen tilkiniň gizlenen ýerine üm leýär. Awçylar onuň ümüne üns bermän, geçip gidýärler. Olar mazaly ara açansoň, tilki külbeden çykyp, öz ýoly bi len gidiberipdir. Odunçynyň oňa gahary gelip, «Heý, gadyr bilmez! Seni halas etdim, sen welin sag bol hem diýmän gi dip barýarsyň» diýipdir. Tilki: «Men saňa näler sag bolsun aýdasym geldi, ýöne seniň sözleriň bilen eliň hereketi deň gelmedi» diýip jogap beripdir. («G» ž.)
48
Soraglar we ýumuşlar:
1. Dodak çekimlileriň sazlaşygyny (palatal singarmonizmi) düşündiriň. 2. Palatal singarmonizm haýsy ýagdaýlarda saklanmaýar? 3. Giň dodak çekimlileriň ýazuw düzgünlerini aýdyp beriň. 4. Dar dodak çekimliler düýp sözleriň haýsy bogunlarynda ýazylýarlar? 5. Dar dodak çekimliler nähili sözlerde üçünji we ondan soňky bogunlarda ýazylýarlar? 6. Tegelek yşgalaňly süýkeş w sesiniň çekimli sesleriň dodaklanmagyna edýän täsirini we şonuň bilen bagly ýazuw düzgünini düşündiriň.
4. Sargyt №1703
49
ÇEKIMSIZ SESLER Çekimsiz sesleri gaýtalamak üçin soraglar:
1. Nähili seslere çekimsiz sesler diýilýär? Olaryň çekim li seslerden tapawudy näme? 2. Açyk çekimsizleriň düzümi nämeden ybarat we olara haýsy sesler degişli? 3. Sonorly çekimsizleriň düzümi nämeden ybarat we olara haýsylar degişli? 4. Dymyk çekimsizleriň düzümini we olara haýsy sesleriň degişlidigini aýdyp beriň. 58-nji gönükme. Aýdylyş aýratynlyklary boýunça çekim sizleriň aşakdaky toparlaryna haýsy sesleriň degişlidigini ýazyň.
Düzüminde owaz gatanjy bolan açyk (звонкие) çekim sizler: Düzümi sap galmagaldan ybarat bolan dymyk (глухие) çekimsizler: Düzümindäki owazy galmagalyndan agdyklyk edýän sonorly (сонорные) çekimsizler: Düzümindäki galmagaly owazdan agdyklyk edýän gal magally (шумные) çekimsizler:
50
Zarply we süýkeş çekimsizler
Aýdylyşynyň, emele gelşiniň hiline, ýagny gep agzalarynyň howanyň öňüne nähili ýagdaýda päsgelçi lik döredýändigine baglylykda çekimsiz sesler iki topa ra bölünýärler. 1. Zarply (взрывные) çekimsizler. Bu çekim sizler aýdylanda gep agzalary biri-birine berk degýär ler we howa akymy päsgelçiligi böwsüp, zarply çykýar. Bu topara: ç, d, k, l, m, n, p, t, we b, g sesleriniň hem bir warianty (bal, gal, gelin) degişlidir. B sesi sözüň başynda (bahar (весна), Baýram) we sözüň ortasynda p, k seslerinden soň şapbat (пощёчина), ykbal (судьба)) zarply aýdylýar. 59-njy gönükme. Sözleri okaň, b sesiniň zarply aýdylyşyny düşündiriň. Sözleriň käbirini sözlem içinde getiriň.
Balyk, baýlyk, barlamak, beýik, bilim, bilmek. Topbak (куча), topby (шапка), Japbak, çepbekeý (левша), şapbyldy (чавканье). 60-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. B sesiniň zarply aýdyl ýan sözleriniň aşagyny çyzyň. Bu sesiň aýdylyşyna üns beriň we aýratynlygyny düşündiriň.
1. Batyry batyr eden gylyç bilen bilegi (nakyl). 2. Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at (nakyl). 3. Hemişeler matany çöpboýa bilen reňkläpdirler. 4. Wüşi kel agzyny şapbyldadyp gürrüň berdi (A. G. «K.e.»). 5. Mapbak Japbagyň sözüni makullady. Topbak Ýapbagyň sözüni makullady (B. K. «J.»). 6. Ertir burawyň ykbalynyň barlag günüdi («S. e.» ž). G sesi hem sözüň başynda (galam, göz) we sözüň ortasynda k sesinden soň (çakgy – перочинный нож) zarply aýdylýar. 51
61-nji gönükme. Sözleri okaň we g sesiniň aýdylyşyna üns beriň, käbir sözler bilen sözlem düzüň.
Gaty, gaýrat, gelmek, geýinmek, görmek, gyzyl, gym mat, çakgan (ловкий), çakgy (перочинный нож), çekge (скула). 62-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. G sesiniň zarply aýdylýan sözleriniň aşagyny çyzyň. Bu sesiň aýdylyş aýratynlygy ny düşündiriň.
1. Globus! Gör, dynç almany söýmeýän, Ýigit seni pyrlap-pyrlap goýmaýar. Ol seň Gündogaryň, Günbataryňy, Günüň doguşyny, Gün batyşyny. Planetam, sen begenjiň, ahyňy, Hemmesini öwrenmeli ahyry! (G. E. «T. s.») 2. Göz görmän, göwün ynjalmaz (nakyl). 3. Gözeli görseň, gözüň ganar (nakyl). 4. Geldi Ogultäje göwnüýetmezçilik bilen dodagyny pök gerdip garady (A. D. «S.e.»).
♦ pyrlamak – вертеть, вращать
ynjalmak – успокаиваться gözüň ganmak – вдоволь насмотреться göwnüýetmezçilik – неодобрение, принебрежение
Ň çekimsizi. Bu çekimsiz türkmen diliniň özüne mahsus ses hasap edilýär we rus dilinde ýok. Bu di lardy (заднеязычный), sonorly, burun ýolly açyk ses dir. Sebäbi bu ses aýdylanda ýumşak kentlewük aşak düşüp, howa akymy burundan çykýar. Meselem: soň (потом), goňşy (сосед), giň (широ кий), iňňe (иголка), oňat (хороший). ► Ýadyňyzda saklaň! ň sesi diňe sözüň ortasynda we soňunda ulanylýar. 52
63-nji gönükme. Sözleri okaň, ň sesiniň aýdylyşyna üns beriň. Sözleriň käbirini ulanyp, sözlem düzüň.
deňiz – море müň – тысяча daň – заря çeňňek – удочка işeňňir – трудолюбивый gürrüň – разговор diňlemek – слушать siňek – муха ► Ýadyňyzda saklaň! ň sesiniň aýdylyşyny n sesi bi len çalyşmaly däldir. Olaryň hersi aýry fonemadyr we sözüň manysyna täsir edýär. jan – душа Gün – солнце men – я din – религия mün – садись, залезай
jaň – звонок güň – немой meň – родинка diň – башня müň – тысяча
64-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we okaň. Ň sesiniň aýdylyşyna üns beriň we aýratynlygyny düşündiriň.
1. Gadymy gürrüňçiler oňa bir işeňňir gyz hakda gyzykly gürrüň beripdirler. 2. Onýança-da öň ýanyndaky suw geçýän kiçijik ötükden iňňildi sesi Merediň gulagyna geldi (A. D. «S.e.»). 3. Häzirki döwrüň joşgunly günlerine goşandyňy goşup işlemek iňňän gyzyklydy. 4. Tilkiniň müňde bir sapalagy bar, iň gowusy görünmezlik (nakyl). 5. Bu ýyl hasylyň oňat boljagyna öňün den gözi ýeten daýhanyň ökjesi ýeňläpdir.
♦ işeňňir – трудолюбивый
ötük – проход, отверстие sapalak – увёртка, уловка ökjesi ýeňlemek – радоваться, легко двигаться
53
2. Süýkeş (щелевые) çekimsizler. Bu çekimsiz ler aýdylanda gep agzalary biri-birine degmeýärler-de çalaja galtaşýarlar we aralykda yş (щель) galyp, howa şol yşdan süýkeşip geçýär. Süýkeş (yşgalaňly) çekim sizlere f, h, ž, ň, s, ş, w, z sesleri we b, g sesleriniň bir warianty (süýkeş) degişlidir. B sesi iki çekimliniň (oba, baba) ýa-da çekimsiz bilen çekimliniň (çorba) arasynda süýkeş aýdylýar we şonda rus diliniň w sesine (вагон, завод) meňzeş bolýar. 65-nji gönükme. Sözleri okaň we b çekimsiziň süýkeş aýdylyşyna üns beriň. Käbir sözleri ulanyp, sözlem düzüň.
Bibi, gabamak (окружать), gabsa (ставня), gabyk (кора), garbanmak (закусывать), dabara (торжество), zarba (удар) G sesi hem iki çekimliniň (aga, ige (напильник)), çekimli bilen çekimsiziň arasynda (oglan, sagdyn (здоровый)) ýa-da sözüň soňunda (bag, sorag) süýkeş aýdylýar. 66-njy gönükme. Sözleri okaň we g çekimsiziniň süýkeş aýdylyşyny düşündiriň. Sözleriň käbirini ulanyp, sözlem düzüň.
Çaga, bagyr (печень), sagat, agyr, agram, degmek, ýag, dag, çig (сырой), çigit (семя, семечки), egri, ylgamak, şygar (лозунг), şyggyldy (шум, свист).
67-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we okaň. Sesleriň aýdylyş aýratynlyklaryny kesgitläň.
Bogun sözüň birbada aýdylýan bölegidir. Türkmen di linde diňe çekimli sesler bogun emele getirip bilýär. Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer (nakyl). Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybir (nakyl). Ata-enäniň göwni ogulda-gyzda, Ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde (nakyl). 54
S, Z çekimsizleri türkmen dilinde-de rus dilindäki ýaly süýkeş hasap edilýärler, emma aýdylyşy taýdan olar rus dilindäkiden tapawutlanýarlar. Rus dilin de bu çekimsizler aýdylanda diliň ujy dişiň düýbüne galtaşýar we olar dişdüýbi (зубные) ses hasap edilýär ler. Türkmen dilinde bolsa bu çekimsizler aýdylanda diliň ujy alyn dişleriň arasynda bolýar we olar dişara (межзубные) ses hasap edilýärler. Meselem: S Z salam – привет zat – вещь ses – звук az – мало sagat – часы saz – музыка suw – вода ýazmak – писать ussa – мастер sekiz – восемь san – число dokuz – девять tüsse – дым bezzat – шалун 68-nji gönükme. Sözleri okaň. Olardaky s, z sesleriniň aýdylyşyna üns beriň. Käbir sözleri ulanyp, sözlem düzüň.
bazar – рынок sazanda – музыкант sary – жёлтый ýassyk – подушка sorag – вопрос zäher – яд
zyýan – вред güýz – осень duz – соль hazyna – сокровище hezzet – уважение, почести yssy – жарко
J çekimsizi. Bu çekimsiz türkmen diliniň özüne mahsus sesidir. Bu ses rus dilinde ýok we ol aýdylanda dž çekimsizleriniň bile hem-de çalt aýdylandaky ýaly çylşyrymly ses emele gelýär. Meselem: jan (душа), eje, ülje (вишня), Jemal, Jahan, jüýje (цыплёнок). J çekimsizi türkmen dilinde dymyk ç çekimsiziniň açyk taýy hasap edilýär: agaç – agajy, çekiç – çekiji. 55
► Ýadyňyzda saklaň! J sesi diňe sözüň başynda we ortasynda ulanylýar. 69-njy gönükme. Sözleri okaň we j sesiniň aýdylyşyna üns beriň. Käbir sözler bilen sözlem düzüň.
Juma, Jeren, jigi, jogap, ajy (горький), süýji (сладкий), birinji, üçünji, aljak (беру). Gardan akja kepderi, Gülden päkje kepderi, Açýar saňa gujagyn Bag hem bakja kepderi. («G.» ž.) 70-nji gönükme. Nakyllary okaň we göçüriň. J sesiniň aýdylyşyna üns beriň we aýratynlygyny düşündiriň. Nakyllary terjime ediň ýa-da ekwiwalentini tapyň.
Jan berene jaý ber. Ejem eli ak pamyk. Jepasyny çeken wepasyny görer. Jüýjeli towukdan iým artmaz, çagaly öýden – nan. Jepakeşiň nany şirin, jany gaty, ýaltanyň jany şirin, nany gaty. W çekimsizi. Bu açyk, süýkeş, sonorly ses bolup, türkmen dilinde iki hili aýdylýar: 1. Hakyky türkmen sözlerinde bu çekimsiz tegelek yşgalaňly (круглощелевой), goşa dodak (губно-губной) ses bolup aýdylýar. Şonda ol ýogyn ou çylşyrymly ses leriň bilelikde we çalt aýdylyşy ýaly sesi berýär. Meselem: Ýogyn çekimlili sözlerde: howuz – водоём gawun – дыня Watan – Родина towşan – заяц okuw – учёба sowuk – холодный. Inçe çekimlili sözlerde bolsa bu çekimsiz öü çyl 56
şyrymly sesleriň bilelikde we çalt aýdylyşy ýaly sesi berýär. Meselem: Inçe çekimlili sözlerde: göwün – душа böwrek – почка miwe – фрукты döw – дев Weli W sesiniň bu aýdylyşy türkmen diliniň özüne mahsus we rus dilinde ýok. 2. Rus dilinden geçen alynma sözlerde we familiýa ýasaýjy -ow, -ýew, -owa, -ýewa goşulmalarynda bu çekimsiz rus dilindäki ýaly ýasy yşgalaňly, dodak-diş (губно-зубной) sesi bolup aýdylýar. Meselem: wagon, zawod, Meredow, Geldiýew, Myradowa, Ataýewa. 71-nji gönükme. Sözleri okaň we w sesiniň dogry aýdylyşyna üns beriň. Käbir sözleri ulanyp, sözlem düzüň.
wagt – время owlak – козлёнок towuk – курица suw – вода
Wepa, Hywa kerwen – караван wada – обещание düwün – узел
72-nji gönükme. Şygry göçüriň, labyzly okaň. Sesleriň aýdylyşynda türkmen diline mahsus aýratynlyklaryna üns beriň we düşündiriň.
Iller saňa diýdi şahyr, Azda-kände adyň zahyr... Diri wagtyň bolma pahyr, Çyksaň, lowlap ile çykgyn! Şahyrlyk bir jaňly kerwen, Ýolda diňlen, öýde diňlen! Diňlenmeseň, ýene derrew Çep gulakly pile çykgyn!...
(K. G. «O. b.»)
57
♦ zahyr – видимый, очевидный
pahyr – бедный, бедняга lowlamak – пылать, загораться
Çekimsiz sesleriň aýdylyşyna çekimlileriň täsiri
Türkmen dilinde çekimsiz sesleriň aýdylyşyna şol sözdäki bile gelen çekimli sesler hem öz täsirini ýe tirýär. Käbir çekimsizleriň yzky we ortaky hatar (ýogyn) çekimliler bilen gelendäki aýdylyşy olaryň alynky ha tar (inçe) çekimliler bilen gelendäki aýdylyşyndan ta pawutlanýar. Mysal üçin, türkmen dilindäki d, g, ž, k, e, m, n, r, p, t, s, ş, h sesleri aýdylyşy taýdan rus dilindäki şol seslere belli bir derejede meňzeş bolsalarda, olar ýogyn çekimlili sözlerde rus dilindäki gaty (твёрдый) çekimsizlere, inçe çekimlili sözlerde bolsa ýumşak (мягкий) çekimsizlere meňzeş aýdylýarlar. Meselem: Ýogyn, gaty aýdylyşy: žurnal, haly, daýhan, Çary, palas. Inçe, ýumşak aýdylyşy: žiraf, häzir, demir, çigit, pil. 73-nji gönükme. Sözleri okaň. Çekimsiz sesleriň aýdylyşyna üns beriň we tapawudyny görkeziň.
oý – низина arça – ёлка damar – жила galmak – оставаться tar – струна o:t – огонь ot – трава bal – мёд gawun – дыня 58
öý – дом serçe – воробей demir – железо gelmek – прийти ter – свежий, сочный ö:t – желчь öt – проходи bil – знай göwün – душа
K çekimsizi. Bu galmagally, dymyk, zarply çekim siziň türkmen dilinde iki hili aýdylyşy bar. 1. Inçe çekimliler bilen gelende ol inçe (ýumşak) aýdylýar we rus dilindäki k sesine meňzeşräk bolýar. Meselem: kelle – голова, käşir – морковь, iki – два, kitap – книга, ördek – утка, çörek – хлеб, görmek – увидеть, gök – синий. 2. Ýogyn çekimliler bilen gelende ol ýogyn (gaty) aýdylýar. Şonda diliň yzky bölegi yzky kentlewüge ça laja degýär we çekimsiz sesi emele getirýän päsgelçilik şol ýerde döreýär. Meselem: Kaka – папа, kyn – трудно, akyl – ум, halk – народ, ak – белый, almak – взять. 74-nji gönükme. Sözleri okaň, k çekimsiziniň dogry aýdyly şyna üns beriň we düşündiriň. Sözleriň käbiri bilen sözlem düzüň.
Kanun – закон, kelem – капуста, köwüş – обувь, kada – правилo, kir – грязь, köwmek – подкапывать, kowmak – выгонять, karar – решение, kär – профессия. 75-nji gönükme. K sesiniň inçe we ýogyn çekimliler bilen gelşiniň hersine degişli 10 sany söz tapyň.
Kagyz (бумага)... Kömek (помощь)... G çekimsizi. Bu çekimsiz galmagally, dilardy, açyk ses hasap edilýär. Onuň türkmen dilinde sözlerde ulanylyşyna baglylykda dört hili aýdylyşy bar. Öň belläp geçişimiz ýaly, bu çekimsiz zarply we süýkeş görnüşlerde aýdylýar. Sözüň başynda (galmak, görmek) we sözüň or tasynda k sesinden soň (pökgi) zarply aýdylýar. Iki çekimliniň (egin – плечо, dogan – брат), çekim li bilen çekimsiziň arasynda (bergi – долг, algy – долг) hem-de sözüň soňunda (dag – гора, bezeg – украшение) süýkeş aýdylýar. 59
G çekimsiziň bu görnüşleri onuň inçe çekimlili ýa-da ýogyn çekimlili sözler bilen gelşine baglylykda-da aýdylyşy taýdan tapawutlanýarlar. Şeýlelikde, bu çekimsiz aşakdaky dört görnüşde aýdylýar: 1. Zarply g çekimsizi ýogyn çekimlili sözler bilen gelende diliň yzky bölegi ýumşak kentlewüge degýär we şol ýerde päsgelçilik döräp, galmagal emele gelýär. Meselem: gar (снег), gyzyl (красный), sakgal (борода), galmak (оставаться) 2. Zarply g çekimsizi inçe çekimlili sözler bilen gelende, ol rus dilindäki g sesine meňzeşräk aýdylýar. Meselem: gelin (невестка), giň (широкий), geýim (одежда), mekge (кукуруза), gelmek (прийти). 76-njy gönükme. G çekimsiziň a) ýogyn çekimlili sözler bi len; b) inçe çekimlili sözler bilen gelen görnüşleriniň hersini aýry sütünde ýazyň. Sözleri okaň we g çekimsiziniň aýdylyşyna üns beriň.
Gaçmak, geçmek, goýun, geçi, çekge, çakgy, galam, gaty, göle, garpyz, goňşy, gürlemek, gizlemek. 3. Süýkeş g çekimsizi ýogyn çekimlili sözler bilen gelende, diliň yzky bölegi ýumşak kentlewüge çalaja galtaşýar we yş galýar. Howa akymy şol yşdan süýkeşip geçýär we galmagal yzky kentlewüge ýakyn ýerde ýüze çykýar. Meselem: sogan (лук), ýangyn (пожар), bagşy (баxши), dag (гора), sorag (вопрос). 4. Süýkeş g çekimsizi inçe çekimlili sözler bilen gelende, diliň yzky bölegi ortaky kentlewüge çalaja galtaşýar. Howa akymy şol ýerdäki yşdan süýkeşip geçip, galmagal emele gelýär. Meselem: ige (напиль ник), begenç (радость), sülgün (фазан), jülge (ущелье), dileg (просьба), belgi (знак), degmek (касаться), begenmek (радоваться) 60
77-nji gönükme. Süýkeş g çekimsiziniň a) ýogyn çekimlili sözler bilen; b) inçe çekimlili sözler bilen gelen görnüşleriniň her sini aýry sütünde ýazyň. Sözleri okaň, g çekimsiziniň aýdylyşyna üns beriň.
Egin, agyr, bag, sygyr, görgi, direg, dogry, gündogar, eglenmek, eger, wagt, söýgi, bergi, aga. 78-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we okaň. G çekimsiziniň zarply hem-de süýkeş görnüşleriniň aýdylyşyna üns beriň we düşündiriň.
1. Magtymgulynyň goşgularyny öz dilimize terjime et mek bilen şygryýet äleminde şeýle ägirt adamyň türkmenleriň arasynda bardygyna göz ýetirdim. (R. Gamzatow) 2. Aýdym töwerege ýaýrap, agaçlaryň şahalarynda oturan guşlary hem oýarýan ýalydy. Günüň gyzaryp dogşy bolsa, tamdyrdan çykan çöregi ýatladýardy. Eger suratkeş bolsaň, bu gözelligi kagyz ýüzünde janlandyrasyň gelýärdi. Günüň nury gözellige gözellik goşup, tebigaty has owadan görkezýärdi («G.» ž.).
♦ terjime etmek – переводить
şygryýet älemi – мир поэзии ägirt – огромный, великий oýarmak – будить; пробуждать gyzarmak – краснеть, виднеться красным tamdyr – тамдыр ýatlatmak – напоминать suratkeş – художник janlandyrmak – оживить gözellik – красота tebigat – природа
79-njy gönükme. Teksti okaň. Onuň içinden g çekimsiziniň dört hili görnüşde aýdylyşyna degişli mysallary aýry-aýry toparla ra bölüp göçüriň. Bu sesleriň aýdylyş aýratynlyklaryna üns beriň.
1. Zarply g çekimsizi: a) ýogyn çekimlili sözlerde: gandym, ... 61
b) inçe çekimlili sözlerde: görnüş, ... 2. Süýkeş g çekimsizi: a) ýogyn çekimlili sözlerde: baglar, ... b) inçe çekimlili sözlerde: igde, ... Miweli baglary ekip ýetişdiren bagbanlara uly hormat goýlup, il içinde sylanýar. Türkmen topragynda miweli agaçlardan alma, üzüm, injir, igde, pisse, tut, hoz, erik, alça, ülje... ýaly onlarça görnüşi; saýaly agaçlardan tal, toraňňy, derek, serwi, söwüt, sazak, gandym, sözen, arça, kerkaw ýaly görnüşleri ösüp ýetişýär. Halkymyz agaç ekmegi parz hasaplaýar. «Agaçsyz oba tozan görner» diýip, halkymyz saýaly we miweli agaçlaryň köp ekilmegini isläpdir. Şahyr Gara Seýitliýewiň aýdyşy ýaly, türkmen halky: Dünýä inen adam bir agaç ekmän, Gitse dünýämize bergidar bolar – diýen pikire gulluk edipdir. Siziň ulanýan kagyz-galamlaryňyz, oturýan partala ryňyz, nahar iýýän çemçeleriňiz, milli saz gurallaryňyzdan dutardyr gyjak, suwda ýüzýän gaýyklaryňyz, garaz, sanasaň sanap oturmaly, bu zatlaryň ählisi agaçdan ýasalýar. («G.» ž.)
♦ miweli bag – фруктовое дерево
62
injir – инжир igde – дикая маслина, лох pisse – фисташка hoz – орех alça – алыча saýaly – тенистый tal – ива, тал, верба toraňňy – тальник derek – тополь serwi – кипарис söwüt – ива, тальник gandym – джузгун sözen – акация песчаная kerkaw – клён
parz – долг, обязанность çemçe – ложка
80-nji gönükme. Teksti okaň. G çekimsiziň aýdylyş aýratynlyklaryna üns beriň we düşündiriň. Tekstiň mazmunyny gysgaça gürrüň beriň.
Adamlar wagty hasaplamak üçin dürli ýollary oýlap tapypdyrlar. Çäge sagatlaryny döredipdirler. Çäge sagat lary wagty hasaplamaga kömek edipdirler. Olar 15 mi nutlyk wagty, ýarym ýa bir sagatlyk wagty aňladypdyrlar. Çäge akyp gutaranda, sagady beýle ýüzüne öwrüpdirler. Garaz, çäge sagatlary anyk wagty görkezip bilmändirler. Sebäbi howa sowuk bolanda, çägäniň akyşy ýyly günlerdäkä garanyňda tizleşýän eken. Suw sagatlary, ýyldyz sagatlary-da bolupdyr. Gün sagady hem özboluşlydyr. Ol Gün çykan günleri wagty görkezipdir. Günüň ýokary galşyna görä, tegelejik ýasy tagtada dikligine oturdylan taýajyk kölege emele getiripdir. Bulutly günler, Günüň görünmedik wagty adamlara wagty hasaplamak kyn bolupdyr. («G.» ž.)
♦ hasaplamak – считать, рассчитывать
çäge – песок aňlatmak – обозначать, выражать akyp gutarmak – протекать öwürmek – поворачивать tizleşmek – ускоряться tegelek – круглый kölege – тень bulutly – облачный, пасмурный görünmek – виднеться
Çekimsiz sesleriň assimilýasiýasy (уподобление)
Türkmen dilinde sözdäki ýa-da söz düzümindäki bir çekimsiz ses şol sözdäki şoňa ýanaşyk gelen başga bir sese täsirini ýetirip, ony özüne doly ýa-da kem-käsleýin meňzedýär. Meselem: gelli (orf. geldi) menne (orf. men 63
de). Dilde bu hadysa çekimsiz sesleriň sazlaşygy ýa-da assimilýasiýasy diýilýär. Assimilýasiýa lat. assimilatio – meňzeme (уподобление) diýmegi aňladýar. Türkmen dilinde ýanaşyk gelýän çekimsizleriň sazlaşygy netijesinde assimilýasiýanyň aşakdaky gör nüşleri häsiýetlidir. 1. Doly assimilýasiýa Bu ýagdaýda bir ses başga bir sese doly meňzeýär. Meselem: Dogry ýazylyşy
Dogry aýdylyşy
Terjime
n+d sende on dokuz kän däl
nn senne onnokuz kännäl
у тебя девятнадцать не много
l+d aldym ýyldyz geldi
ll allym ýyllyz gelli
я взял звезда пришёл
z+d gyzdy bizden agyzda
zz gyzzy bizzen agyzza
нагрелся от нас во рту
t+s z+s tutsak ýetse ýigitsiň
s+s tussak ýesse ýigissiň
Если поймаем Если догонит Ты парень
s+t üstünlik astynda
ss üssünlük assyndan
успех, достижение из-под нижней части
2. Doly däl ýa-da çylşyrymly assimilýasiýa Bu assimilýasiýada bir ses beýleki bir sese kem-käsleýin meňzeýär ýa-da iki sesiň sazlaşygy netijesin de üçünji bir ses ýüze çykýar. Meselem:
64
Dogry ýazylyşy
Dogry aýdylyşy
Terjime
n+w on bir on bäş
nm onmir onmäş
одиннадцать пятнадцать
m+d kimde adamda
mn kimne adamna
у кого у человека
ç+d açdy agaçdan
şd aşdy agaşdan
открыл из дерева
ç+j açjak içjek
şş aşşak işşek
буду открывать буду пить
ç+ç agaççylyk agaççy
şş agaşşylyk agaşşy
лесоводство плотник
ş+j guşjagaz ýuwaşja
şş guşşagaz ýuwaşşa
птичка по-тихоньку
81-nji gönükme. Sözleri okaň, çekimsiz sesleriň assimilýa siýasyna üns beriň. Sözleriň dogry aýdylyşyny ýazyp görkeziň.
N u s g a : baldak – ballak, geçdi – geşdi. Mende, boldum, sizde, gitsek, ötsün, gezsin, uçjak, saçly, men däl. 82-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Çekimsizleri assimil leşýän sözleriň aşagyny çyzyň we olaryň dogry aýdylyşyny düşündiriň.
1. Ýamandan boýuňy satyn al (nakyl). 2. Çöle bahar gel di. 3. Mekdebimiziň öňündäki meýdança arassalandy, agaç ekildi, daşyna haýat aýlandy. 4. Bagtyň ýatsa, düýäniň üstünde it ýarar (nakyl). 5. Ata-enäniň göwni ogulda-gyzda, ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde (atalar sözi).
♦ satyn almak – купить
haýat – забор
5. Sargyt №1703
65
bagtyň ýatmak – стать несчастным ýarmak – кусаться (о собаке) göwün – душа düz – равнина
83-nji gönükme. Sözlemleri okaň, assimilleşen çekimsizleriň aýdylyşyna üns beriň. Şol sözleri assimilýasiýanyň haýsy gör nüşine degişlidigine baglylykda iki topara bölüp göçüriň.
1. Doly assimilýasiýa. 2. Doly däl ýa-da garyşyk assimilýasiýa. 1. Ol atlylara gözi düşenden, gapdala çekildi (B.S. «D.»). 2. Mergeniň ýetişikde gazanan üstünligi üçin alan baýragyny gutlalyň! Mergenden görelde alyň! (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 3. Esewan etse, ýaňky goýup giden çaýyndan Öwez bir käse-de içmändir. Öwez janyň yzy bir beýik dagyň üstüne alyp geldi («G.»e.). 4. Ýo kary seretse, bir guşjagaz agaçdaky gonan şahasyndan uçjak bolup, ganatlaryny kakýardy. 5. Biziň ýurdumyzda her ýylyň 19-njy fewraly Döwlet baýdagynyň güni hökmün de baýram edilýär. Ondaky bäş sany haly gölümiz, täze dogan Aýyň şekili, bäş sany ýyldyz, zeýtun baldajyklary abadançylygyň, agzybirligiň, adalatyň, bakylygyň, para hatçylygyň, azatlygyň nyşanlary hökmünde ýaşyl Tugumyza bezeg berýär.
♦ gözi düşmek – увидеть
66
ýetişik – успеваемость görelde almak – брать пример esewan etmek – присматривать ganat kakmak – хлопать крыльями göl – гёл (узор ковра) zeýtun – оливковое дерево adalat – справедливость bakylyk – вечность abadançylyk – благополучие bezeg bermek – украшать
Çekimsizleri assimilleşen sözleriň ýazuw düzgüni
1. Düýp sözüň ortasynda ýanaşyk gelen ld, nd, st sesleri assimilleşdirilip aýdylsa-da, assimilleşdirilmän ýazylýar. Meselem: baldak (orfoep.ballak), ýyldyz (orfoep. ýyl lyz), ýandak (orfoep. ýannak), kündük (orfoep.künnük), endik (orfoep.ennik), üstünlik (orfoep.üssünlik). 2. Goşulmaly sözlerde düýp sözüň çekimsizi bilen goşulmanyň çekimsizi ýanaşyk gelip, assimilleşdirilip aýdylsa-da, morfologik ýörelgä eýerilip, ol çekimsizler assimilleşdirilmän, bolmalysy ýaly ýazylýar. Meselem: gün+de (orfoep.günne), siz+den (orfo ep.sizzen), iş+çi (orfoep.işşi), aç+jak (orfoep.aşşak), iş+jagaz (orfoep.işşagaz), geç+di (orfoep.geşdi). 3. Bas+dyrmak (orfoep.bassyrmak), gyz+dyrmak (orfoep.gyzzyrmak), ös+dürmek (orfoep.össürmek) ýaly işlikler hem şol düzgünden ugur alyp, assimilleş dirilmän ýazylýar. Bellik. Bu işliklerden ýasalan bassyrma (навес), gyzzyrma (вид лепёшки), össürim (подросток) ýaly atlar assimilleşdirilip ýazylýar. 84-nji gönükme. Aşakdaky sözleri dogry okaň we göçürip ýazyň. Olaryň dogry ýazylyşynyň haýsy düzgüne eýerýändigini düşündiriň.
Ýyndam (резвый), gündogar (восток), ýolbaşçy (руко водитель), endam (тело), tutsa (если поймает), on bäş (пятнадцать), ösdürmek (растить, выращивать), össürim (подросток). 85-nji gönükme. Goşgy setirlerinden çekimsizleri assimil leşen sözleri tapyň. Olaryň dogry okalyşyny we ýazylyşyny düşündiriň.
67
Bir dosty Kiýewde ýazyldy ýere, Ýene biri wepat boldy Oderde. Ol bolsa bar Ýewropany aýlandy, Ýewropa-da sag bol diýdi o merde.
(G. E. «T. s.»)
Aý şöhlesi düşüp kanal üstüne, Oň ýüzünde tylla haly dokady. Gyz Aziýaň asmanynyň astynda, Gündogar şahyrnyň şygryn okady.
♦ ýere ýazylmak – упасть, свaлиться
(şol ýerde)
wepat bolmak – погибать, скончаться, умереть aýlanmak – обходить, объезжать şöhle – луч tylla – золото, золотистый şygyr – стих, стихотворение
86-njy gönükme. Goşgyny labyzly okaň. Sesleriň aýdylyşynyň orfoepik normalaryny berjaý ediň. Mazmunyny gysgaça gürrüň beriň. Şahyr ýüregi
Sen ýere gül ekseň, garaş gülüňe, Ýere tiken atsaň, gögerer tiken. Bu kada bolupdyr ýylyň-ýylyna, Ýere näme atsaň, şol çykar eken. Şahyryň ýüregem topraga meňzeş, Ýöne başgarajyk berýän höregi. Sen oňa çüý okla, tiken, awy saç, Diňe gül döreder şahyr ýüregi.
♦ ekmek – сеять
68
tiken – колючка ýylyň-ýylyna – из года в год
(G. E «T. s.»)
atmak – бросать, кидать hörek – пища, еда çüý – гвоздь awy – яд
Soraglar we ýumuşlar:
1. Çekimsiz sesleriň assimilýasiýasyny düşündiriň. 2. Doly assimilýasiýanyň nähili aýratynlygy bar? 3. Doly däl we çylşyrymly assimilýasiýanyň doly assimilýasiýadan ta pawudyny aýdyp beriň. 4. Çekimsizleri assimilleşen sözleriň dogry ýazylyş düzgünlerini düşündiriň.
Diktant üçin tekst
Meret gelýän otla seretdi. Otly demir ýoly sarsdyryp ýetip gelýärdi. Meret howlugyp, Nurgeldiniň bir gezek aýagyny çözjek boldy, bir gezek bilini çözjek boldy, bir gezek goluny çözjek bolup aljyrap, elini-aýagyny ýitirdi. Otly bol sa tüýdügine sygdygyndan gygyryp ýakyn geldi. Meret iki ortada aljyrap, ol gelýän otla bir seredip, Nurgeldä bir se redip, birden jübüsindäki çakgysy ýadyna düşdi. Ol hasyr-husur jübüsinden çakgysyny çykardy, Nurgeldä topuldy. Onuň bilinden ýüpleri çaltlyk bilen kesişdirmäge durdy. Otly yzyny üzmän gygyryp, ok ýaly ýetip gelýärdi. Meret bütin ýüpleri kesişdirenden soň, Nurgeldini çaltlyk bilen gujaklap, demir ýoldan düşürdi. Otlam gygyryp, dünýäni sarsdyryp geçip gitdi. Meret Nurgeldini ýerde goýdy. Haşlap uludan demi ni alyp, iki elini bykynyna urup, otla seretdi, yzyndan Nurgeldiniň golunyň, aýagynyň daňylaryny kesişdirip boşatdy. Soň Meret gapdalyndaky akyp ýatan ýapdan goşawujy bilen suw getirip, hyrkyldap ýatan Nurgeldä suw berdi. Nurgeldi kem-kemden ysgynyna gelip, gözüni ýalpa açdy (A. D. «S.e.»).
♦ tüýdügine sygdygyndan – во всё горло, всю мощь сигнала
tüýdük – дудка sarsdyrmak – трясти, сотрясать
69
howlukmak – торопиться, спешить çözjek bolmak – пытаться развязать elini-aýagyny ýitirmek – растеряться jübi – карман hasyr-husur – быстро, торопливо topulmak – бросаться, наброситься, кинуться haşlamak – пыхтеть, сопеть goşawuç – пригоршня
Dymyk (глухие) we açyk (звонкие) çekimsizler
Bilşimiz ýaly, çekimsiz sesleriň düzümi sap galma galdan ýa-da galmagal bilen owazyň goşulmagyndan ybarat bolýar. Türkmen dilinde 21 sany çekimsiz fone ma bolup, olar düzümine baglylykda açyk we dymyk çekimsizlere bölünýärler. Düzümi owazdan we galmagaldan bolan çekimsiz lere açyk çekimsizler diýilýär. Olara g, b, d, j, ž, z, ý, r, l, m, n, ň, w çekimsizleri degişlidir. Düzümi sap galmagaldan ybarat bolan çekimsizle re dymyk çekimsizler diýilýär. Olara k, p, t, ç, ş, s, h, f çekimsizleri degişlidir. Çekimsizleriň köpüsi açyklygy we dymyklygy boýunça özara jübüt emele getirýärler. Jübütler: b-p, g-k, d-t, z-s, w-f, ž-ş, j-ç Diňe açyklar: ý, l, m, n, r, ň Diňe dymyklar: h ► Ýatda saklaň! Sözlerde açyk we dymyk çekimsizle ri çalşyrmaly däldir. Olaryň hersi aýry fonemadyr we köp ýerde sözleriň manylaryny tapawutlandyrýarlar. Meselem: jaý – помещение dar – узкий göz – глаза 70
çaý – чай tar – струна köz – уголь
gök – синий yz – след
kök – корень ys – запах
87-nji gönükme Aşakdaky sözleri iki sütüne bölüp ýazyň.
1. Açyk çekimsizli sözler. 2. Dymyk çekimsizli sözler. Bag – сад, kitap – книга, käse – пиала, gyz – девушка, pişik – кошка, gazan – котёл, sapak – нитка, oba – село, köp – много, bedre – ведро, ülje – вишня, goýun – баран, alma – яблоко, doňuz – свинья, ussa – мастер, haç – крест, hassa – больной, hasap – счёт. 88-nji gönükme. Aşakdaky sözleriň çekimsiziniň açyklygy na-dymyklygyna bagly taýyny tapyp ýazyň we terjime ediň. Käbir sözleri ulanyp, sözlem düzüň.
Göl – гёль (узор ковра); köl – (озеро) dok – сытый gör – смотри gül – цветок dikmek – втыкать
pil-слон – kyrk – сорок – zat – вещь – toý – свадьба – tänmek – обрываться –
89-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. Aşagy çyzylan sözleri baş düşümde, goşulmasyz görnüşde goýuň. Öňki çekimsizine de rek nähili çekimsiziň peýda bolandygyny düşündiriň.
1. Daýhan birleşiginiň ýygnagynda mallary hasaba almagyň uly ähmiýetiniň bardygyny ilata düşündirmegiň hem gürrüňi boldy. 2. Bidöwlet bidöwleti ýary gije ta par (nakyl). 3. Ajyň aňy bolmaz (nakyl). 4. Edebi kimden öwrendiň, biedepden (nakyl). 5. Ýigidi dostundan tana (nakyl). 6. Balygyň diriligi suw bilen (nakyl).
71
Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülişi
Türkmen dilinde sözüň soňundaky dymyk k, p, t, ç çekimsizleri çekimli bilen ýa-da r, ý sesleri bilen başlanýan goşulma goşulanda aşakdaky şertlerde degişli açyk g, b, d, j seslerine öwrülýärler: 1. Köp bogunly sözlerde. Meselem: aýak – нога aýagy – ногу mekdep – школа mekdebe – школе agaç – дерево agajyň – дерева okat – учи okadýar – учит 2. Çekimlisi uzyn aýdylýan bir bogunly sözlerde. Meselem: a:t – имя a:dy – его имя a:k – белый a:grak – белее ýa:p – арык ýa:bymyz – наш арык a:ç – голодный a:jrak – голоднее 90-njy gönükme. Aşakdaky sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşup göçüriň. Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülmeginiň sebäbini düşündiriň.
Orak – серп çekiç – молоток ýigit – джигит pişek – костыль ga:p – мешок, тара
süýt – молоко dä:p – традиция söwüt – ива dö:rt – четыре edep – воспитанность
Aşakdaky şertlerde dymyk çekimsizler açyga öwrülmeýärler: 1. Çekimlisi gysga aýdylýan bir bogunly sözlerde. Meselem: 72
at – конь dost – друг tik – шей aç – открой tap – найди
aty – коня dostum – мой друг tikýär – шьёт açýar – открывает tapýar – находит
Bu kadadan çykyp, soňlary ýt, nt, nç, rç sesleri ne gutaran käbir bir bogunly sözlerde we et (сделай), git (уходи), mert (смелый), köşk (дворец) ýaly az sanly sözlerde çekimlisi gysga aýdylsa-da, düýp sözüň ahyryndaky dymyk çekimsizler açyga öwrülýärler. Meselem: aýt – скажи aýdar – скажет harç – расход ýol harjy – дорожные расходы pent – завет ata pendi – заветы отца gant – сахар gandy – сахар köşk – дворец köşgi – дворец ýenç – куй ýenjýär – куёт git – уходи gider – уходит Bellik: çekimlisi gysga aýdylýan et I, et II sözleriniň at manysynda gelen sözünde t sesi açyga öwrülmeýär: et – мясо; goýun eti – баранина; işlik manysynda gelen sözün de t sesi açyga öwrülýär: et – сделай; eder – сделает. 2. Soňy -at, -et seslerine gutaran alynma sözlerde. Meselem: sungat – искусство sungaty – искусство edebiýat – литература edebiýaty – литературу zähmet – труд zähmete – труду medeniýet – культура medeniýete – культуре neşirýat – издательство neşirýatyň – издательства 91-nji gönükme. Aşakdaky sözleri göçüriň we olaryň dy myk çekimsizleriniň açyga öwrülip-öwrülmezliginiň sebäbini dü şündiriň.
73
Sowgadyň – подарка, siňegi – муху, milleti – нацио нальность, deregim – мой тополь, aýdar – скажет, gi:jräk – позднее, bendi – строфу, tutar – поймает, tu:duň ýapragy – тутовый лист. 92-nji gönükme. Aşakdaky sözlere çekimli bilen ýa-da r, ý sesleri bilen başlanýan goşulma goşuň. Sözleriň soňundaky dymyk çekimsizleriň açyga öwrülip-öwrülmezliginiň düzgünini düşündiriň.
It – собака i:t – води (за руку) ýürek – сердце begenç – радость polat – сталь syýahat – путешествие
elek – сито ät – шагай döwlet – государство nobat – очередь ot – трава o:t – огонь
93-nji gönükme. Aşakdaky sözlere -ýar, -ýär goşulmasyny goşup göçüriň, ýazuw kadasyny düşündiriň.
Aýt (скажи) – aýdýar (говорит) at (стреляй) – ýenç (куй) – öwret (учи) – aç (открой) – howluk (торопись) – git (уходи) – okat (учи) – et (делай) – tap (найди) – ajyk (голодай) – sat (продай) – Has atlarda beýleki köp bogunly sözlerde bolşy ýaly k, p, t, ç dymyk çekimsizleri açyga öwrülýärler. Meselem: Artyk – Artygy Rejep – Rejebi Gylyç – Gylyjy Meret – Meredi we başgalar. 74
Emma olaryň soňuna familiýa ýasaýjy -ow, -owa goşulmasy goşulanda p, t, ç dymyk çekimsizleri açyga öwrülýärler, k çekimlisi bolsa açyga öwrülmeýär. Meselem: Sadyk – Sadykow Myrat – Myradowa Kömek – Kömekow Rejep – Rejebowa Rus dilinden geçen soňy k, p, t, ç dymyk çekim sizlerine gutaran alynma sözleriň soňuna çekimli bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, k sesi açyk g çekim sizine öwrülýär, p, t, ç çekimsizleri açyga öwrülmeýär ler. Meselem: fabrik – fabrigi tehnik – tehnigi mehanik – mehanigi elektrik – elektrigi Emma: fakultet – fakulteti mikroskop – mikroskopy institut – instituty Iwan Petrowiç – Iwan Petrowiçi 94-nji gönükme. Aşakdaky sözlere -rak, -räk goşulmasyny goşup göçüriň. Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülip-öwrülmez liginiň sebäb ini düşündiriň.
► Ýadyňyzda saklaň! Soňy çekimsiz sese gutaran sypatlara -rak, -räk goşulmasy goşulanda, ýanaşyk gelen iki çekimsiziň arasynda çekimli ses eşidilýär, emma ýazyl maýar. Meselem: agyrak däl-de agrak, gögüräk däl-de gögräk, belendiräk däl-de belendräk we ş.m. Ak (белый) – agrak (белее) gök (синий) – beýik (великий) – berk (прочный) – aç (голодный) – garyp (бедный) – bet (озорнoй) – gymmat (дорогой) – giç (поздно) – kütek (тупой) – 75
95-nji gönükme. Berlen iki sözden söz düzümini ýasaň, goşulma goşulanda dymyk çekimsizleriň açyga öwrülip-öwrül mezligine üns beriň.
Pyçak, uç – pyçagyň ujy oturgyç, aýak – çekiç, sap – hudožnik, surat – fakultet, talyp – dost, kömek – balyk, et – Rejep, zähmet – halk, medeniýet – edebiýat, talap – 96-njy gönükme. Sözlemleri sözlerdäki galdyrylan harplary goýup göçüriň. Ol harplaryň ýazuw düzgünini aýdyp beriň.
1. Beki Seýtä...owyň eserleri öz hal...ymyzyň i...inde söýlüp okalýar. Olar daşary ýur...uň dilleriniň hem kö...üsine terjime edildi. 2. Ata Gowşu...owyň çagalaryň gyzy...yp okaýan powesindäki a...yň a...ynyň «Dordepel» bolma...yna onuň maň laýynda depeliň bolup, reň...iniň hem dor bolma...y sebäp bolandyr. 3. Jaýyň üs...üni arassala...yp, ony gamyş bilen basyrdy. Mekde...iň a...ylýandy...y barada habar e...ildi (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 4. Mugallym okuw ota...yna girende, garaja gözleriň dokuz jübü...i oňa bilesigelijilik bilen ba...ýardy. Ynha, şu pursa...y welin Berdimuhamet ömrüniň ahyryna çenli ýa...yndan çy... armaz (şol ýerde). Soraglar we ýumuşlar:
1. Dymyk we açyk çekimsizleriň biri-birinden tapawudyny aýdyp beriň. 2. Olar sözleri nähili tapawutlandyrýarlar? 3. Dymyk çekimsizler nähili ýagdaýlarda açyk çekimsize öwrülýärler? 4. Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülmeýän ýerlerini aýdyp beriň.
76
Diktant üçin tekst Anna aga
Anna bilim-sowady aňyna mazaly agram salyp ugran da, oglan okadyp başlady. Şu wagtky çaga dünýä inen tam mekdep otagy bolupdy. Anna aga ony «meýletin mekdep» diýip atlandyrýardy. Sebäbi mekdebe öz islegiň boýunça ge linýär, islemeseň, mejbur edýän ýok. Hatda olaryň arasyn da okuwa käte bir gelip-gidýänem bardy. Ara esli wagt salyp, soňra ýene dolanyp gelip, aýdylýanlary aňlaman, agzyny öweldip oturanlar hem bolýardy. Anna aga okuwyň, sowadyň durmuşdaky ähmiýeti, zerurlygy barada köp öwüt-ündew etse-de, zorluk çägine geçmezdi. Anna aga öz başarnygyny oglan okatmak, çagalary hatly-sowatly etmek üçin gysgananok. Aslynda ol «meýletin mekdebine» gelýän çagalary öz perzentlerinden aýry görme se näme! Anna aganyň okadyş usulam üýtgeşik. Hasabam öwredýär. Gamyşdan ýasalan dürli hasap taýajyklary öwre dilýän sapagyň çagalaryň aňynda berk galmagy üçin gerek. (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»)
♦ sowat – грамота
aň – сознание; ум, разум agram salmak – давить, напирать dünýä inmek – родиться, появиться на свет meýletin – добровольный islemek – желать, хотеть agzyny öweltmek – разинуть рот, удивляться öwüt-ündew – наставление, поучение zorluk – принуждение gysganmak – скупиться, жадничать usul – способ, метод gamyş – камыш, тростник hasap taýajyklary – счётные палочки
77
LEKSIKA-SEMANTIK NORMA
Edebi dilimiziň bu normasy leksik birlik hökmün de sözleriň öz hakyky manysynda, ýerlikli we dogry ulanylyşyny kesgitleýär. Sözleriň edebi diliň norma laryna laýyk manylary türkmen diliniň lingwistik sözlüklerinde berilýär. Bu sözlüklerden «Türkmen diliniň sözlügini» (1962), «Türkmençe – rusça sözlügi» (1968) we ş. m. görkezmek mümkin. Bilşimiz ýaly, sözler asyl we göçme mana eýedir ler. Birmanyly sözler diňe asyl manysynda ulanylýar lar. Köpmanyly sözler bolsa asyl, ýagny ilkinji, göni manysyndan başga-da ikinji, göçme mana hem eýe bolýarlar. Meselem: aýak – 1) нога; ноги; çep aýak – левая нога, aýagyň ýalaňaç – босиком; 2) ножка (стола, стула); stoluň aýagy – ножка стола; 3) конец; ýylyň aýagy – конец года (TRS). Sözleriň soňky göçme manylary olaryň ilkinji, göni manysynyň esasynda, şoňa baglylykda ýüze çykýar. Meselem: burun – 1) nос, jaýty burun – курносый. burnuňy çekmek – шмыгать носом. 2) носок, кончик. Gäminiň burny – нос судна; 3) геогр. мыс. Çelýuskin burny – мыс Челюскина (TRS).
78
Dilde sözüň göçme manylarynyň ýüze çykyş ýollary
Dilde sözüň göçme manylary dürli ýollar arkaly ýüze çykýar: I. Göçme manynyň metaforik ýol arkaly ýüze çykyşy. Bu usulda asyl manynyň aňladýan predmeti bilen göçme manynyň bildirýän predmetleriniň arasyn da meňzeşlik bolýar we şol meňzeşlik hem soňky göçme manylaryň ýüze çykmagyna esas bolýar. Bu meňzeşlik dürli ýagdaýda bolmagy mümkin. a) forma taýdan meňzeşlik. Meselem: ganat – 1. Крыло; guşuň ganaty – птичье крыло. 2. Крыло; uçaryň ganaty – крыло самолёта. b) ýerine ýetirýän hyzmatynyň meňzeşligi. Öý – 1. Дом, жилище; bäşinji öý – пятый дом. 2. Ноpа; garynjanyň öýi – муравейник; arynyň öýi – улей. ç) adama edýän täsiriniň meňzeşligi. Ajy – 1. Горький; ajy burç – горький перец. 2. Крепкий; ajy çaý – крепкий чай. 3. Язвительный, едкий; ajy gülki – язвительный смех. 4. Тяжелый, горестный; ajy habar – тяжелое из вестие. 97-nji gönükme. Köpmanyly depe sözüniň manylarynyň aňladýan predmetleriniň arasynda nähili meňzeşligiň bardy
gyny kesgitläň.
Depe – 1. бугор, холм; gum depeleri – песчаные барханы. 2. верх, верхушка; agajyň depesi – верхушка дерева. 3. темя; depe süňki – теменная кость. Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz – Кто летом в холодке сидит, тот зимой наплачется. 79
98-nji gönükme. «Göz», «diş» sözleriniň asyl we göçme ma nylaryny tapyň, olaryň hersine degişli sözlem düzüň. 99-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. Olardaky «gulak» sözüniň haýsy manylarda ulanylandygyny, olaryň haýsysynyň asyl, ilkinji manydygyny kesgitläň. Bu manylaryň aňladýan pred metleriniň arasynda nähili meňzeşligiň bardygyny aýdyp beriň.
1. Bagşy dutarynyň gulagyny gowşatdy. 2. Gyrat agzyny açyp, gulagyny gyrpyp topuldy («G.» e.). 3. Bir tarapda köne oraklar, gulagy döwük piller üýşürilip goýlupdyr (A. G. «P. we h.»). 4. Gulak eşidenin, göz görmesin (nakyl) 5. Annaguly tüpeňiň gulagyna barmagyny ýetirip barýardy. (A. D. «S.e.») 6. Gulagyň garny bolmaz, siňegiň – erni (nakyl). 7. Bu gün gelin öýde bolmansoň, aşhanada ne çaý gaýnaýardy, ne-de gazanyň gulagy gyzýardy. II. Göçme manynyň metonimik ýol arkaly ýüze çykyşy. Bu usulda täze many ilkinji manynyň aňladýan predmeti bilen soňky manynyň bildirýän predmetiniň hemişe bir ýerde bolmagy, bile ulanyl magy netijesinde, olaryň çäkdeşligi esasynda ýüze çykýar. Meselem: Käse – 1. Пиала, чаша; gülli käse – расписная пиала. 2. Чай – Ýaşuly käsesini owurtlady-da, ýene sözüni dowam etdirdi. Göçme manynyň metonimik usulda ýüze çykyşy hem dürli ýagdaýlarda we görnüşlerde bolup geçýär. 1) Gap-gaçlaryň, dürli gaplaryň ady, onuň içine guýulýan zadyň adyny hem aňladýar. Tabak – 1. Чашка, миска; agaç tabak – деревян ная чашка. Aýrana gelen tabagyny gizlemez (nakyl) – пришед щий за айpаном миску не спрячет. 2. Обед; кушанье, блюдо. 80
Myhmanlara tabak goýuldy – Гостям подавали обед. 2) Guramanyň, edaranyň ady onuň işgärlerini hem aňlatmagy mümkin. Institut – 1. Институт; Instituta okuwa girmek – поступить в институт. Institut Magtymguly köçe sinde ýerleşýär – Институт находится на улице Мах тумкули. 2. Работники; Institut ýowara gatnaşdy – Институт участвовал в субботнике 3) Geçirilýän forumlaryň, ýygnanyşyklaryň ady, oňa gatnaşyjylary hem aňlatmagy mümkin. Ýygnak – 1. собрание. umumy ýygnak – общее собрание. ýygnak başlandy – собрание началось. 2. участники. Ýygnak karar etdi – собрание решило. 4) Ýazyjynyň, şahyryň ady onuň eserlerini hem aňladýar. Meselem: Magtymguly türkmeniň akyldar şahy rydyr. Magtymgulyny her gezek okanyňda, ondan täzeçe lezzet alýarsyň. 100-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Aýratynlandyrylan sözleriň haýsy manyda ulanylandygyny kesgitläň.
1. Oňa iş ýerinden iki barmak kagyz gerek boldy. 2. Auditoriýa professoryň aýdanlaryny üns berip diňleýärdi. 3. Şäher azat, oba azat, il azat (N. Pomma. Saýlanan eserler). 4. Gurultaý özüniň halka bolan birinji ýüzlenmesinde şeýle mälim etdi (B. Kerbabaýew). 5. Gowy ýazýan awtorlary okap, gowy geplemekligi en dik edinýärler (F. Wolter).
101-nji gönükme. Berlen sözleri metonimik göçme manyda ulanyp, sözlem düzüň.
Mekdep, plenum, bedre, zal.
6. Sargyt №1703
81
III. Göçme manynyň sinekdoha ýoly arkaly ýüze çykyşy. Bu usulda göçme many bir tutuş predmetiň ady bilen onuň böleginiň we tersine, onuň böleginiň ady bilen tutuş predmetiň adynyň aňladylmagy netijesinde ýüze çykýar. Meselem: Alma – 1. Яблоня; alma gülläpdir – яблоня рас цвела, alma ekmek – сажать яблоню 2. Яблоко; süýji alma – сладкое яблоко, alma iýmek – есть яблоко Tigir – 1. Колесо; maşynyň tigri – колесо машины, welosipediň tigri – колесо велосипеда 2. Велосипед; tigir sürmek – кататься на велосипеде 102-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Aýratynlandyrylan sözleriň haýsy manyda ulanylandygyny, onuň beýleki manysynyň näme aňladýandygyny kesgitläň.
1. Aňlamaý sözleme tamda gulak bar (M. «G»). 2. Uzakdan, dagyň eteginden bir telpek ýetip gelýärdi. 3. Arpa eker, bugdaý islär (nakyl). Arpa iýen at menzil keser (nakyl). 4. Arkaly köpek gurt alar (nakyl). 5. Görogly: – Diri äkitseň, dilli kelledirin, emgegiň jaýyna düşer, öldürme meni! – diýdi («G.» e.).
♦ aňlamak – узнавать
menzil – расстояние gurt – волк emgek – труд
103-nji gönükme. Berlen sözleriň asyl we göçme manylaryny kesgitläň, olara degişli sözlem düzüň. Manylaryň arasyndaky baglanyşygy aýdyp beriň.
Agyr, kütek, sowuk, düşmek, geçmek. 104-nji gönükme. «Beýik» sözüniň «Türkmen diliniň sözlü ginde» berlen manylaryna degişli sözlem düzüň.
82
1. Aşakdan ýokary uzalyp giden, belent. 2. Ähmiýeti ägirt uly bolan, abraýly, görnükli. 105-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Pasyl atlarynyň goşgy setirlerinde haýsy manyda ulanylandygyny aýdyp beriň.
1. Gyşyň gary – ýaza däri; Ýaza çyksaň, gyşyňy unutma
(nakyl)
2. Ötürip men ýigitligiň baharyn, Gutulmak ýok garrylygyň gyşyndan (M. «G»). 3. Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar, Köňli gyş bolmaýyn daýym ýaz bolar (şol ýerde). 4. Ýigit men diýip, ýaz paslyna guwanma, Ýazyň alyp, ýaz ornuna gyş geler (Kemine).
106-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. Aýratynlandyrylan sözleriň manylaryny kesgitläň. Olaryň köpmanylylygyň haýsy ýoly arkaly ýüze çykandygyny aýdyp beriň.
1. Ajy günleri süýji günlere öwürýän sabyrdyr (nakyl). 2. Iki aýakly – iki günde (nakyl). 3. Ak gün agardar, gara gün garaldar (nakyl). Ak girse-de, aň girmedik (nakyl). 4. Her başy telpeklä goýmagyn gadyr, Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git (K. G. «O. b.»). 5. Ýylky ýylynyň aýagy sowuk, towuk ýylynyň başy sowuk (nakyl). 107-nji gönükme. «Aýyrmak» sözüniň «Türkmençe-rusça sözlükde» berlen manylarynyň hersine degişli sözlem düzüň. Olaryň arasyndaky baglanyşygy kesgitläň.
Aýyrmak – 1) отделять, отнимать; 2) разделять, разъединять, разлучать; 3) убирать; 4) освобождать от какой-либо одежды, покрова; 5) снимать, убирать. 83
Soraglar we ýumuşlar:
1. Leksika-semantik norma sözleriň nähili ulanyşyny kesgitleýär? 2. Sözler leksik birlik hökmünde nähili manylara eýe bolýar? 3. Sözüň göçme manylarynyň metaforik ýol arkaly ýüze çykyşyny aýdyp beriň. 4. Sözüň göçme manylarynyň metonimik ýol arkaly ýüze çykyşyny düşündiriň. 5. Sözüň göçme manylarynyň sinekdoha ýoly arkaly ýüze çykyşyna nähili düşünýärsiňiz?
DURNUKLY SÖZ DÜZÜMLERI (Устойчивые словосочетания)
Söz düzümleriniň leksik, semantik we sintaktik taýdan durnukly häsiýete eýe bolan bölegi frazeolo gizmleri emele getirýärler. Frazeologiýa grek sözi bo lup, phrasis – aňlatma, logos – düşünje, taglymat diýmegi aňladýar. Frazeologizmleriň manylaryna emosional eks pressiwlik, göçme manylylyk, obrazlylyk we täsirlilik mahsus bolup, olar sözleri stilistik serişde hökmünde ulanmagyň netijesinde döreýärler. Frazeologizmleri emele getirýän sözleriň hemme si birigip, bir leksik birlik hökmünde kabul edilýärler we bitewi bir many, bir düşünje aňladýarlar. Mese lem: ökjäni götermek – gaçmak; gulak asmak – diňlemek; guşy uçmak – begenmek. Frazeologizmleriň düzümindäki sözler öz manysynda däldirler, olar göçme manyda ulanylýar lar. Şoňa görä-de olary başga dile sözme-söz terjime edip bolmaýar. Meselem: gözüniň oduny almak frazeologizminiň komponentleri bolup gelen göz – глаза, ot – огонь, almak – брать sözleriň hiç haýsy hem öz göni manysynda däldirler. Olaryň üçüsi biri gip bir manyny, ýagny «gorkuzmak» diýen manyny aňladýarlar. Meselem: Öň telim gezek urlup, gözüniň ody alnan, ýel ýürek adamlar («Görogly» eposy). Bu söz lemdäki ýel ýürek (досл. ýel – ветер, ýürek – сердце) frazeologizmi hem «gorkak» diýen manyny aňladýar. 84
Frazeologizmler sintaktik taýdan hem durnukly häsiýete eýedirler we olaryň düzümindäki komponent leriniň hemmesi birleşip, bir sözlem agzasy bolýarlar. Meselem: Eziz şol iki güýç, iki joşgun arasynda bir salym özüni ýitirdi (B.K. «A.ä.»). 108-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Durnukly söz düzüm leri tapyň, olaryň durnuklylygyny we manylaryny düşündiriň.
1. Ýelliniň guşy uçdy, keýpi kökeldi. (A. G. «S.e.») 2. Görogly beg, indi onuň ýanynda meniň ýüzüm ýok («G» e.). 3. Her halda keselhana düşen adam göwni ýarym bolýar («E. we s.»). 4. At eýesi, atyň seýsi hem, çapyksuwar hem onuň göwnüni ýykyp bilmedi (B. Kerbabaýew). 5. Gully dünýä inip, ata hözirini gören oglan däldi (T.T «D.h.»). 109-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň, frazeologizmleri tapyň. Olaryň manylaryny kesgitläň we rus diline terjime ediň ýa-da ekwiwalentini tapyň.
1. Ýöne sen bu hakda hiç bir ýerde agzyňy açaýmagyn. 2. Oglum, Annaguly, indi seniňem bagtyň açyldy (A.D. «B.ý.»). 3. Gol ýapdylar, arkasyny aldylar, Agronomyň tarapyny çaldylar (M.S. «G.»). 4. Üç ýaşyna ýetende Saýrap duran dil biter («Çemen»). 5.Gorkudan ýaňa onuň dili tutuldy. Frazeologizmler hem sözler ýaly dilde taýýar görnüşde bolýarlar we bir düşünjäni atlandyrmak (no minatiw) hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Şoňa görä-de frazeologizmler hem sözlere mahsus bolan köpma nylylyk, sinonimdeşlik, antonimdeşlik, omonimdeşlik ýaly häsiýetlere eýedirler. 1. Frazeologizmleriň köpmanylylygy: Aýagy agyr – 1) göwreli, ikigat (беременная). Ýaş çagasynyň bolmagyna garamazdan, onuň aýalynyň ýe ne-de aýagy agyrdy. 85
2) aýagy düşmeýän; baran ýerinde şowsuzlyk bolýan (являющийся причиной неудач, приносящий беды, несчастья). Täze başlygyň aýagy agyr boldy, näme üçindir işimiz şowsuz bolup başlady. 2. Frazeologizmleriň sinonimdeşligi, many daşlygy: azy ýaran, köpi gören, içinden ýalyn geçen, köp çarşenbäni başyndan geçiren we ş.m. 1. Onuň işe bellejek bolýany Oraz ýaly azy ýaran däl-de, on sekiz ýaşly ýetginjekdi. 2. Ol özi ýaş hem bolsa, köpi gören ýigitdi. 3. Täze açylan maldarçylyk toplumynda işleýänle riň köpüsi öňden iş tejribesi bar, içinden ýalyn geçen adamlardy. 3. Frazeologizmleriň antonimdeşligi: Göwnüni awlamak (завоевать сердце) – göwnüni ýykmak (обидеть, огорчить) Berdimuhammet özi öňden arzuwda bolany üçinmi ýa-da ýaşulularyň göwnüni awlamak üçinmi: – Atanazar aga, oba mekdebimize salama barsak nähili bolar? – diýip ýüzlendi. (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). ...Eliňe sübse almagyn, geýim-eşigiňi özüň ýuwjak bolmagyn. Beýtseň, bu ýeriniň adamlarynyň göwnüni ýykdygyň bolar (şol ýerde). 4. Seýrek hem bolsa frazeologizmlerde özara omonimdeş gatnaşyk hem duş gelýär. Meselem: jan bermek I – умереть, скончаться; jan bermek II – оживлять, воскрешать 1. Gyrat Göroglynyň başujunda çabalanyp jan ber di («G.» e.). 2. Men şol gün ýolda gelýärkäm ölüpdim. Siz maňa täzeden jan berdiňiz, adam etdiňiz (B. S. «G. s.»). Frazeologizmleriň edebi dilimize laýyk manylary, ulanylyş aýratynlyklary «Türkmen diliniň frazeologik sözlüginde» (1976) berilýär. 86
110-njy gönükme. Berlen frazeologizmleriň manylaryny anyklaň we olaryň her manysyna degişli sözlem düzüň.
Gyýa bakmak – 1) смотреть игриво; смотреть испод тишка; 2) смотреть косо, недружелюбно. Agzyndan sarysy gitmedik – желторотый птенец, неопытный. Agzyndan süýt ysy gitmedik – молокосос, сопливец. Azy ýaran – опытный, стреляная птица. Içinden ot-ýalyn geçen – опытный, прошёл огонь и воду. 111-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Frazeologizmleri ta pyň, haýsy manyda ulanylandygyny we özara nähili gatnaşyk dadygyny aýdyp beriň.
1. – Özüňizden habardar boluň… – diýip, Tagan ýüre ginden syzdyryp aýtdy (B. S. «G. s.»). 2. Sen şu sözleri-de kiçi dilden bärden aýdýarsyň (B. S. «D.»). 3. Dursun duran ýerde özün ýitirdi, Agzy mumly ýaly dymyp otyrdy (A. K. «S.»). 4. Ýelli eňegine jaň dakylan ýaly ýaňraýar… (A. G. «K.e.»). 5. Lewitanyň «Biziň goşunlarymyz… yza çekildiler» diýen sözleri partizanlaryň lapyny keç edýärdi (A. O. «Ý.o.ç.»). 6. Tejenden dolananlarynda begençlerinden aýaklary ýere degmän diýen ýaly ýeňil gopýardy welin, öýe gelseler, bar mazalaryna sogan dogralypdy (şol ýerde). 112-nji gönükme. Sag tarapdaky sütündäki sözlerden, söz düzümlerinden peýdalanyp, frazeologizmleri terjime etmeli ýa-da ekwiwalentini tapmaly. Burnuňy (temegiňi) ýokary tut У меня маковой росинки во рту mak не было Depäň göge ýetmek
Как бельмо на глазу
Bäş barmagyň ýaly bilmek
Беречь как зеницу ока
87
Dişimiň kirinem açamok
Стать кому-либо поперёк горло
Göz agyrysy ýaly
Короче говоря, одним словом,
Ökjesi ýere degmezlik
Чувствовать себя на седьмом небе
Gözüň göreji ýaly saklamak
Знать как свои пять пальцев
Bogazyna tegek bolmak
Быть в неведении
Gepiň gysgasy
Мальчик на побегушках
Gara şaýa (köpüge) degenok
Задрать нос
Piliň gulagynda uklamak
Землю под собой не слышать
Ýumuş oglany
Гроша медного не стоит
113-nji gönükme. Frazeologizmleri göçüriň. Olary terjime ediň ýa-da ekwiwalentini tapyň. Käbirleri bilen sözlem düzüň.
Gulak asmak (salmak); it bilen pişik ýaly; geregiňi artdyrmak; öte geçmek; ýitirip tapan ýaly; bary bilen ba zar eýlemek; eli ýeňil; elim degmeýär; saman astyndan suw goýbermek; göwni açyk; keýpiň kelläňde; menden saňa barynça. 114-nji gönükme. Frazeologizmleri türkmen diline terjime ediň ýa-da ekwiwalentini tapyň, şolary ulanyp, sözlem düzüň.
Кроме шуток; на худой конец; выгнать кого-либо с позором; закрывать глаза; разбить в пух и прах; у меня на языке; держать язык за зубами; быть тише воды, ниже травы; стричь всех под одну гребенку; приносить счастье. Soraglar we ýumuşlar:
1. Frazeologizmleriň haýsy alamatlary taýdan durnukly hasap edilýändigini aýdyp beriň. 2. Frazeologizmleriň sözler bilen nähili meňzeşligi we tapawudy bar? 3. Frazeologizmler leksika-semantik taýdan özara nähili gatnaşyklarda bolýarlar? Her görnüşine degişli mysal getiriň.
88
GRAMMATIK NORMA Sözleriň grammatik normasy
Grammatik norma edebi dilimizde sözleriň gram matik taýdan baglanyşyny, olaryň üýtgeýiş, ýasalyş ýollaryny, şolar bilen baglylykda dürli goşulmalaryň ulanylyş aýratynlyklaryny kesgitleýär. Meselem, atla ra mahsus bolan san, degişlilik, düşüm goşulmalarynyň edebi dile laýyk grammatik manylaryny, görnüşlerini kesgitlemek grammatik norma degişlidir. Gram matik normalar türkmen diliniň grammatikasynda düşündirilýär. 115-nji gönükme. Aşakdaky sözlere degişlilik kategoriýa synyň menlik ýöňkemesiniň birlik we köplük sanynyň goşulma laryny goşuň. Olaryň käbirleri bilen sözlem düzüň.
Kitap, depder, ogul, öý, dost, geýim, çaga, göle, geçi. 116-njy gönükme. Aşakdaky işliklere öten, häzirki we geljek zamanlaryň senlik ýöňkemesiniň birlik we köplük sanlarynyň goşulmalaryny goşuň. Olaryň käbirleri bilen sözlem düzüň.
Okamak, gelmek, görmek, durmak, düşünmek, oturmak. 117-nji gönükme. Aşakdaky sypatlara kemlik, artyklyk we söýgülik derejeleriniň goşulmalaryny goşuň. Olaryň käbirleri bi len sözlem düzüň.
Ak, gök, ajy, süýji, akylly, zehinli, edepsiz. 118-nji gönükme. Aşakdaky işliklere şäriklik, ýükletme, özlük, gaýdym derejeleriniň goşulmalaryny goşuň. Olaryň käbir lerini ulanyp, sözlem düzüň.
Işlemek, ýygnamak, geýmek, daramak, almak. 89
Sözlemleriň grammatik normasy
Bilşimiz ýaly, sözler özara many gatnaşygynda we grammatik baglanyşykda bolmak bilen sözlem emele getirýärler. Şoňa görä-de sözlemiň esasy häsiýetleri we ulanylyş aýratynlyklary hem grammatik norma laýyk kesgitlenilýär. Sözlemler baradaky ähli maglumatlar grammatikanyň bir bölümi bolan sintaksisde berilýär. Sintaksisde sözlemler «Ýönekeý sözlemler» we «Goşma sözlemler» diýen uly iki topara bölünip öwrenilýär. I. Ýönekeý sözlemler Belli bolşy ýaly, sözlem bir bitewi intonasiýada aýdylyp, gutarnykly oý-pikiri aňladýan sintaktik bir likdir. Sözlem beýleki sintaktik birliklerden habar ber mek (kommunikatiw) hyzmatyny ýerine ýetirýänligi bilen tapawutlanýar. Ýönekeý sözlemlerde bir gutarnykly oý-pikir aňla dylýar we habar berilýär. Sözlemiň düzümine girip, ony emele getirmäge gatnaşýan sözlere sözlemiň agzalary diýilýär. Eýe we habar sözlemiň baş agzalarydyr. Aýyrgyç (определение), doldurgyç (дополнение) sözlemiň aýyklaýjy agzalarydyr. Meselem: Gün dogdy. Onuň ýiti şöhlesi mukaddes ojakdaky oduň belent alawy bilen birleşip, älem-jahana öçmejek nur çaýdy (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 119-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň, olaryň baş we aýyk laýjy agzalaryny tapyň.
1. Görogly özüniň meýhanasynda dem-dynjyny alyp ýatyrdy. Şol günleriň birinde bir garry peýda boldy («G.» e.). 2. Sähet ertesi irden atlanyp ýola düşdi (A. G. «M-W.»). 3. Berdimuhamet gündiz çagalary okadardy (Gurbanguly 90
Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 4. Mälikguly kakasynyň
depderlere ýazan zatlarynyň hemmesini diýen ýaly ýatdan bilýärdi (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 5. Mawy bir kersen düýe süýdüni alyp çykdy (B. K. «A. ä»). 6. Mälikguly ýuwaşlyk bilen kiçi sandygy açdy (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy»).
♦ meýhana – питейный дом
atlanmak – садиться на коня; отправляться верхом ýatdan bilmek – знать наизусть kersen – большая деревянная чашка sandyk – сундук
1. Ýönekeý sözlemleriň görnüşleri
Biz sözlemleri dürli maksatlar üçin, pikirlerimi zi aňlatmak üçin ulanýarys. Sözlemler pikir aňladyş aýratynlyklaryna baglylykda habar, sorag we ýüzlenme sözlemleri diýen toparlara bölünýärler. Habar sözlemi. Bir wakany, hadysany habar bermek üçin ulanylýan sözlemdir. Habar sözlemi asuda intonasiýada aýdylýar we onuň soňuna nokat goýulýar. Meselem: Adam gulagyndan iglär (nakyl). Öňki döwürde çarwalar gara öýlerde ýaşapdyrlar. Sorag sözlemi. Bu sözlem birinden bir zady, wa kany sorap bilmek üçin ulanylýan sözlemdir. Sorag söz lemi sorag intonasiýasynda aýdylýar we onuň soňuna sorag belgisi goýulýar. Meselem: Sen düýn şähere gitdiňmi? Ýaşuly: – Oglum, seniň adyň näme? – diýip sorady. Sözlemde sorag dürli usullar arkaly aňladylýar. 1) Sözlemiň habaryna sorag aňladýan -my, -mi, -myka, -mikä, -muka, -mükä goşulmalarynyň goşul magy bilen aňladylýar. Meselem: 91
– Jaňyň kakylanyny eşitmediňmi? Öýüňiz mek depden uzakdamy? Ertir biziň mekdebimizde şahyrlar bilen döredijilik duşuşygy bolarmyka? 2) Sözlemde nähili? haçan? näçe? kim? näme? nire? ýaly sorag çalyşmalarynyň ulanylmagy bilen aňladylýar. Meselem: Obanyň ýagdaýlary nähili? Siz obada näçe gün bolduňyz? Siz obadan haçan geldiňiz? 3) Käte sorag diňe sorag intonasiýasy arkaly hem aňladylýar. Meselem: Daşarda gar ýagýar. – Gar ýagýar? Ýüzlenme sözlemi. Sözleýjiniň içki duýgusyny, begenjini, gynanjyny, haýran galmagy, dürli buýrugy, teklibi, gutlagy, çagyryşy we ş.m. aňlatmak üçin ula nylýan sözleme ýüzlenme sözlemi diýilýär. Ýüzlenme sözlemi belent intonasiýada aýdylýar we onuň soňuna ýüzlenme belgisi goýulýar. Meselem: – Özüňi goraweri, jan balam! – Entek köp-köp toý geçireris! – Şeýle bolsun hernä! – Bolar, hökman bolar! – Biz hökman ýeňip geleris! (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy»). 120-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Olary öz mazmunyna laýyk intonasiýada okaň we degişli dyngy belgilerini goýuň.
Mälikguly kakasynyň gapdalynda durdy Ol başyny dik tutmaga çalyşýardy, ýöne geljek günler oňa garaňky görünýärdi, şol hem ony howsala salýardy: – Kaka uruş haçan gutararka – diýip, ol ýantgylap ýuwdundy 92
– Tiz gutarar biz hökman ýeňeris Mälikguly – Gelermiň kaka – Ähli zat Alla işidir, oglum Gelmek, gowy günleri gör mek nesibämizde bar bolsun-da hernä – Ýok, kaka, hökman gel (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy»).
♦ başyňy dik tutmak – держать голову высоко, прямо
garaňky – темный, темно howsala salmak – затревожить, волновать ýantgylamak – делать что-л. повторно, несколько раз ýuwdunmak – глотать слюну (от волнения) nesibäňde bar bolsa – испытывать судьбу, то, что есть в твоей участи
121-nji gönükme. Ýönekeý sözlemleriň pikir aňladyşy taýdan görnüşleriniň hersine degişli sözlem düzüň. Şol sözlemleriň mysalynda sözlemiň esasy häsiýetlerini düşündiriň. 122-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Goşgy setirlerini la byzly, öz intonasiýasy bilen okaň. Sözlemleriň görnüşini kesgit läň, olary sintaktik derňew ediň.
«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam!...» Ogly bolsa enä çenedi daşy. «Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy. (K. G. «O. b.») Hemme kişi bagtly güni aglanok. Adam diýen gülenogam hesretden. Eý, märeke, hiç düşünip bilemok, Mähirlimiň? Gaharlymyň? Näme sen? (G. E. «T. s.»)
♦ çenemek – целиться
hesret – горе, печаль kemelmek – уменьшаться
93
gaharly – гневный, злой günäsini ötmek – прощать mähirli – добрый
Ýönekeý sözlemler düzümindäki agzalarynyň bar-ýoklugyna, ulanylyş ýagdaýyna görä-de dürli görnüşde bolýarlar. 1. Eýeli sözlem. Eýesi bar ýa-da onuň bardygyny, kimdigini, nämedigini habaryň şekilinden anyklap bolýan sözleme eýeli sözlem diýilýär. Meselem: 1) Alys ýurduň habaryny argyş getirer (nakyl). Almanyň miwesi agajyndan daş düşmez (nakyl). 2) Dynç güni şäherimizdäki muzeýleri görmäge gitdik. 2. Eýesi näbelli sözlem. Eýäniň barlygy habaryň şekilinden duýulýan, emma onuň kimdigi, nämedigi anyk belli bolmadyk sözleme eýesi näbelli sözlem diýilýär. Meselem: Meni tizara okuwa iberýärler. Indiki aýda biziň to parymyzy Köýtendaga gezelenje äkitjekler. 3. Eýesiz sözlem. Içinde eýesi bolmadyk we onuň barlygy-da güman edilmeýän sözleme eýesiz sözlem diýilýär. Meselem: Biziň obamyza şu ýerden bir sagatda baryp bolýar. Şu başlan işimizi aýyň aýaklaryna gutaryp bolsady. Şol gün aýsyz garaňky gijedi. 4. At sözlemi. Esasy agzasy diňe baş düşümdäki atlardan ýa-da atlaşan sözlerden bolan sözleme at sözlemi diýilýär. Bu sözlem bir wakany, wagty, obýekti atlandyryp gelýär we habar intonasiýasynda aýdylýar. Meselem: Gije. Tüm garaňkylyk. Ümsümlik. 5. Doly däl sözlemler. Düzüminde haýsydyr bir agzasy ýa-da birnäçe agzasy galdyrylan, ýetmeýän sözleme doly däl sözlem diýilýär. Doly däl sözlemler, 94
köplenç, gepleşikde ulanylýar we onuň galdyrylan ag zasyny öňki sözlemden tapmak, dikeltmek mümkin. Meselem: – Biz nirä barýarys? – Mekdebe. – Sen mekdepden haçan gaýtjak? – Bir sagatdan. 123-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň, olary sintaktik derňew ediň we ýönekeý sözlemleriň haýsy görnüşine degişlidigini aýdyp beriň.
1. Galan işe gar ýagar. 2. Annaguly söwedeň, garaýagyz, burunlak, ýapy ýaly pyýada bolup ýetişdi (A. D. «S.e.»). 3. To mus. Howa örän yssydy. 4. – How, ýigit, nireden gelýärsiň? – Töwriz ýurdundan. – Näme işleýäň? – Söwdagärdiris («G.» e.). 5. – Sen, daýza, Altyny haçan gördüň? – Mundan bir sagat öň. 6. Atanyň, enäniň aýdanyna däl diýmek bolmaz. 7. Munyň näme boldugy?
♦ söwedeň – рослы и неуклюжий
garaýagyz – смуглый, смуглолицый ýapy ýaly – крупный, тучный (о человеке)
124-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň, görnüşini kesgitläň. Rus diline dilden terjime ediň.
Açyk meýdan. Günüň aşagy. Ýandyryjy yssy. Çagajyga kyndy. Onuň suw içesi gelýärdi. Ýapdaky suwdan içmek bol maýardy. Çydamsyz ýagdaý. Iň soňunda bu ýerden gitmegi makul bildiler.
125-nji gönükme. Sözlemleri okaň we görnüşini kesgitläň. Türkmen diline terjime edip ýazyň. Olaryň gurluşyny, görnüşini deňeşdirip görüň.
1. Мне весело. Мне очень весело. 2. Мне не спится. 3. Ему хочется смеяться. 4. Стало совсем холодно. 5. Вам 95
надо уехать куда-нибудь. 6. Думать было некогда. 7. Ле том гуляют на открытом воздухе. 8. Лес. Тишина. Ничего не слышно. Вокруг темно. 126-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. Olary sintaktik derňew ediň we görnüşini kesgitläň.
1. Waý, munuň gowujadygyny, waý, munuň eýjejikdi gini. Sen muny nireden tapaýdyň, bu nireden seniň ýadyňa düşdi? (H.Y. «P.») 2. Bu iki aradan süýşüp geçmek mümkin däldi. (H.Y. «P.») 3. Ozallar beýle bolmaýardy. Sazanda saz çalsa, obanyň uly-kiçi hemmesi gelerdi (N. S. «S. e.»). 4. Ba har. Ot-çöpler gögerip, älem-jahana jan girip başlady. Soraglar we ýumuşlar:
1. Grammatik norma näme we ol nämeleri kesgitleýär? 2. Morfologiýada haýsy grammatik normalar berjaý edilmeli? 3. Sintaksisde grammatik normanyň berjaý edilişini düşündiriň. 4. Ýönekeý sözlemleriň pikir aňladyşy taýdan görnüşlerini aýdyp beriň. 5. Ýönekeý sözlemleriň düzümindäki agzalarynyň bar-ýoklugyna baglylykda nähili görnüşleri bar?
2. Goşma sözlemler
Belli bolşy ýaly, goşma sözlemler grammatikanyň bir bölümi bolan sintaksisde öwrenilýär we olar esasy sintaktik birlikleriň biri hasap edilýärler. Diýmek, olaryň esasy häsiýetleriniň ýasalyş ýollarynyň, gurluş, ulanylyş aýratynlyklarynyň edebi dilimize laýyk ýa-da laýyk däldigini grammatik norma kesgitleýär. Goşma sözlemler iki we ondan-da köp gutarnykly oýpikiri aňladýarlar. Şoňa laýyklykda olar hersi aýratyn gutarnykly oý-pikire eýe bolýan iki we ondan-da köp ýönekeý sözlemlerden emele gelýärler. Meselem: Gün ýaşdy, garaňky düşdi, howa salkynlaşdy. Ol ýarym sagat garaşandan soň, oglanlaryň hemmesi ýygnandylar. 96
127-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we sintaktik derňew ediň. Olaryň haýsylarynyň ýönekeý we haýsylarynyň goşma söz lemdigini kesgitläň hem-de tapawudyny aýdyp beriň.
1. Arzygül Hekimiň ähli işlerini bilýärdi, şonuň üçin Hekim ondan maslahatsyz iş etmeýärdi (B.S. «G.s.»). 2. Dört ýyllap dini mekdebe gatnamak bilen, Berdimuhamet, ozaly bilen, sowat öwrendi (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 3. Gün günorta golaýlaberende, iki sagatlyk arakesme yglan edildi (şol ýerde). 4. Onuň ýüzi ýagtylandy, gözleri ýiteldi, aşak düşen eginleri galdy (N. S. «S. e.»). 5. Ju wan gyzlar, görmegeý aýallar, iki bükülen kempirler zaryn ses etdiler (B. S. «G.s.»). 6. Oba parahat ýatyrdy, diňe ho razlar gygyrýardylar we ýoluň golaýyndaky öýleriň itleri üýrüşýärdiler (B.S. «D.»).
♦ maslahatsyz – не посоветовавшись
yglan etmek – оглашать, объявлять ozaly bilen – сначала, первым делом ýüzi ýagtylanmak – засиять от радости juwan – молодой, юный görmegeý – красивый bükülmek – гнуться, сгибаться zaryn – жалобный ses etmek – оплакивать üýrmek – лаять
Goşma sözlemler olary emele getirýän ýönekeý sözlemleriň özara biri-birine bolan gatnaşygyna we baglanyşyna baglylykda iki görnüşde bolýarlar: 1. Düzmeli goşma sözlemler. 2. Eýerjeňli goşma sözlemler. I. Düzmeli goşma sözlemler
Bu hili goşma sözlemleriň düzümindäki ýönekeý sözlemleriň hersini aýratynlykda ulanyp bolýar we olaryň ikisi hem deň derejedäki ýönekeý sözlemler 7. Sargyt №1703
97
dir. Olaryň arasyndaky grammatik baglanyşyk hem düzmeli baglanyşykdyr. Meselem: Bir ata on ogly saklar, on ogul bir atany saklap bilmez (nakyl). Düzmeli goşma sözlemdäki ýönekeý sözlemler biri-biri bilen: 1) baglaýjysyz, intonasiýa arkaly; 2) düzmeli baglaýjylaryň kömegi bilen baglanyş ýarlar. 1) Baglaýjysyz düzmeli goşma sözlemler. Bu hili goşma sözlemleriň ýönekeý sözlemleri intona siýa arkaly baglanyşýarlar we olaryň arasynda otur goýulýar. Meselem: Bedew atlar semiz bolar, goç ýigitler – tämiz (nakyl). Gün geçýär, aý geçýär, ýyl dolanýar, Gajar aganyň meýlis halkasynyň gürrüňçileri-de täzelenip durýar (A. G. «S.e.»). 2) Baglaýjyly düzmeli goşma sözlemler. Bu hili düzmeli goşma sözlemlerde baglaýjylar ugurdaşlyk, bölünişik, gezekleşik, garşylyk, ýokluk, sebäp bildir mek esasynda ýönekeý sözlemleri biri-biri bilen bag laýarlar. a) ugurdaşlygy görkezýän baglaýjylar: we, hem, -da/-de we ş.m. Bu baglaýjylar bir gezek ulanyl sa, ýönekeý sözlemleriň arasynda otur goýulmaýar, eger gaýtalanyp ulanylsa, otur goýulýar. Meselem: 1. Artygyň sykylygy birdenkä kesildi we göreji suwa direldi (B. K. «A. ä.»). 2. Gije gök gübürdedi-de, ýyldyrym çakdy hem ýagyş ýagdy. 3. Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi (nakyl). b) bölünişigi, gezekleşigi görkezýän baglaý 98
jylar: ýa, ýa-da, kä, käte. Bu baglaýjylar ýönekeý sözlemleriň hersiniň öňünden getirilip, gaýtalanyp ulanylýar we arasynda otur goýulýar. Meselem: 1. Sen şu ýerden ýa-ha meni alyp gidersiň, ýa-da men seni alyp giderin. 2. Kä ol bize gelýärdi, käte men olara barýardym. ç) garşylygy görkezýän baglaýjylar: emma, weli, emma welin, ýöne, ýöne welin we ş.m. Ýa zuwda emma, ýöne baglaýjylarynyň öňünden, welin baglaýjysynyň yzyndan otur goýulýar. Meselem: 1. Her ýyl hem ýagyş ýagýardy, emma şu ýylky ýaly ýagyş dynuwsyz ýagmandy. 2. Men «Garlawaç» diýen aty göremok, ýöne gören adamlar ony taryp edýärler. 3. Men oňa ýagdaýy düşündirjek boldum weli, ol asla diňlemek hem islemedi. d) ýoklugy, inkärligi bildirýän baglaýjylar: ne, ne-de. Bu baglaýjylar hem ýönekeý sözlemleriň hersiniň öňünden gaýtalanyp ulanylýar we arasynda otur goýulýar. Meselem: 1. Ne il görsün, ne it üýrsün (G. G. «T. m.»). 2. Ne çiş köýsün, ne kebap (nakyl). e) sebäp bildirýän baglaýjylar: çünki, sebäbi. Bu goşma sözlemlerde sebäp aňladylýar. Ýazuwda bu baglaýjylaryň öňünden otur goýulýar. Meselem: Biz enelere hemişe bergidardyrys, sebäbi olar bizi dünýä inderdiler, ak süýt berip ulaltdylar.
♦ semiz – жирный
tämiz – чистый, аккуратный meýlis – вечеринка halka – круг, окружение
99
sykylyk – свист ýyldyrym – молния göreç – глаза, взор, взгляд gök gübürdedi – гром гремел dynuwsyz – беспрерывно
128-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we düzmeli goşma sözlemleriň ulanyşlaryna baglylykda görnüşlerini kesgitläň.
1. Myhman bu töweregiň adamsy däldi, ýüzi nätanyşdy
(Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 2. Kakasy
fronta gitdi, ol gelýänçä Mälikguly diňe öýüň aladasy bi len bolmaly (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy»). 3. Biziň ýerimiz köp, emma bol suwumyz ýok (A. G. «S.e.»). 4. Ne tende kuwwat bar, ne içde jan bar (M. «G»). 5. Daşary şatlama aýazdy, ýöne içeri örän ýylydy. 6. Howa yssydy, çöp başy gymyldamaýardy. 129-njy gönükme. Sözlemleri okaň we terjime edip göçüriň. Olary sintaktik derňew ediň hem-de görnüşini kesgitläň.
1. Дверь открылась, и в ней показалось мне совершен но незнакомое лицо. 2. Голос его начинал дрожать, в глазах показывались слёзы. 3. На улице было холодно, а в комнате же было тепло. 4. Ветер прекратился, но зато пошёл сильный дождь. 5. Вдруг у меня закружилась голова, и в глазах потемнело. II. Eýerjeňli goşma sözlemler
Eýerjeňli goşma sözlemler hem iki sany ýönekeý sözlemden emele gelýärler. Bu goşma sözlemleriň dü zümindäki ýönekeý sözlemleriň biri baş pikiri aňlad ýar we ony özbaşdak ulanyp bolýar. Oňa baş sözlem (главное предложение) diýilýär. Beýlekisi bolsa many hem grammatik taýdan baş sözleme eýerip gelýär. Ony özbaşdak ulanyp bolmaýar. Oňa eýerjeň sözlem (придаточное предложение) 100
diýilýär. Eýerjeň sözlem baş sözlemdäki pikiriň wag tyny, ornuny, şertini, sebäbini, obýektini we ş. m. görkezip gelýär. Meselem: Akmaga iş buýursaň (şert-условие), ol saňa akyl öwreder (nakyl). Men mekdebe gelenimde (wagt-время), okuwçylar eýýäm hatara düzülipdirler. 130-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. Olaryň düzümin däki baş we eýerjeň sözlemleri tapyň. Eýerjeň sözlemiň näme aňladýandygyny aýdyp beriň.
1. Daň saz berende, daşky gapy kakyldy. 2. Men baga baranymda, Magtymgulynyň ýadygärliginiň töweregine köp adam üýşüpdi. 3. Akmagyň aty çyksa, ol özüni töre saýar (nakyl). 4. Gyz näz edip owadan gözlerini aýlanda, ýigit biygtyýar aljyraýardy, pagyş-para ereýärdi. 5. Aýdyjy ak mak bolsa, diňleýji dana gerek (nakyl). 6. Goňşyň azar berse, göçüp gutul, dişiň azar berse, çekip gutul (nakyl).
♦ daň saz berdi – заря занялась
ýadygärlik – памятник töre – сановник хана, эмира pagyş-para bolmak – таять, чахнуть çekmek – удалять, устранять
Grammatik gurluşy taýdan eýerjeň sözlem, köp lenç, baş sözlemden öň gelýär. Eýerjeň sözlem baş sözlem bilen mazmun taýdan hem, grammatik taýdan-da baglanyşýarlar. Olaryň arasyndaky grammatik baglanyşyk sözsoňy kömekçiler arkaly ýa-da eýerjeň sözlemiň habaryna goşulýan dürli goşulmalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Eýerjeňli goşma sözlemleri emele getirýän ýönekeý sözlemleriň arasynda otur goýulýar. Meselem: Howa sowandygy sebäpli, adamlar ýyly geýnip başladylar. Goýun ýüze ýetýänçä, derisi müňe ýeter (nakyl). 101
131-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Eýerjeň sözlemiň aşagyny çyzyň we onuň baş sözlem bilen nähili baglanyşýandygyny aýdyp beriň.
1. Gorkagy kowalasaň, batyr bolar (nakyl). 2. Goňşyň kim bolsa, gudaň şol (nakyl). 3. Dok çaýkanman, aç doýmaz (nakyl). 4. Goç ýigidiň ady çykmaz, döwleti maly bolmasa (M. «G»). 5. Kursda okuwlar sagat ikide tamamlanansoň, galan wagt da näme işläýin diýseň mümkinçilik bardy (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 6. Berdimuhamet ki taphanada işläp otyrka, kursdaş oba oglanlarynyň biri onuň gapdalyna gelip oturdy (şol ýerde).
♦ guda – сват, сватья
çaýkanmak – волноваться, бушевать, буянить ady çykmak – прославиться, завоевать авторитет mümkinçilik – возможность doýmak – наедаться, обогащаться
132-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň, dyngy belgilerini goýuň. Eýerjeň sözlemiň baş sözlemdäki pikiriň nämesini, haýsy tarapyny görkezýändigini aýdyp beriň.
1. Gury sözden palaw bolmaz ýag bile tüwüsi bolmasa (nakyl). 2. Hassasy gutuljak bolsa tebibi dogry geler (nakyl). 3. Ir döwürde bir adam nätanyş obasynyň içinden geçip barýarka oňa aglap oturan ene duşupdyr («G.» ž.). 4. Ýagy gaýdansoň batyr köpeler (nakyl). 5. Ýer gaty bolsa öküz öküz den görer (nakyl). 6. Ejebaý eje şäherde ýaşaýan-da bolsa ol juda türkana sada aýaldy («Z. k.» ž.). 133-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Olaryň goşma sözlemleriň haýsy görnüşidigini anyklaň we tapawudyny aýdyp beriň.
1. Obadan çykan ýeriň gür sazaklykdy, onuň için de guşlar saýraşýardylar. 2. Adam özüne näme ýetmeýän bolsa, şol zat hakda hem köp oýlanar eken (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy»). 3. Duşman seni tanamanka, 102
sen duşmany tana (nakyl). 4. Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz (nakyl). 5. Batyr söweşde belli, ýüwrük – ýaryşda (nakyl). 6. Demir kesseň gysga kes, süýse bolar, Agaç kesseň uzyn kes, kesse bolar (nakyl).
♦ sazak – саксаул
tanamak – узнавать ýüwrük – резвый, быстроногий söweş – бой, битва kesmek – резать süýmek – растянуть
Soraglar we ýumuşlar:
1. Goşma sözlemleriň ýönekeý sözlemlerden tapawudyny düşündiriň. 2. Nähili sözleme düzmeli goşma sözlem diýilýär? 3. Düzmeli goşma sözlemiň düzümindäki ýönekeý sözlemleriň arasynda nähili baglanyşyk bar we ol nämäniň kömegi arkaly amala aşyrylýar? 4. Baglaýjy kömekçiler düzmeli goşma sözlemde nähili gatnaşyklary aňladýarlar? 5. Düzmeli goşma sözlemlerde oturyň goýluş düzgünini düşündiriň. 6. Eýerjeňli goşma sözlemleriň häsiýetlerini, olaryň düzmeli goşma söz lemden tapawudyny aýdyp beriň. 7. Eýerjeňli goşma sözlemlerdäki ýönekeý sözlemleriň özara many gatna şyklaryny we grammatik baglanyşyklaryny düşündiriň.
Diktant üçin tekst Awaza
«Awaza» Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýär. Bu kenarda 2007-nji ýylyň iýul aýynda «Awaza» milli syýa hatçylyk zolagy döredildi we döwlet derejesinde üns ber lip başlandy. Häzirki döwürde bu ýerde ägirt uly gurluşyk işleri alnyp barylýar. Indi bu ýere tomus aýlary dynç almak üçin öz ýurdumyzyň raýatlary, daşary ýurtly myhmanlar gelip başlarlar. Döwrebap şypahanalar, dynç alyş öýleri, myhmanhanalar adamlary güler ýüz bilen kabul edýärler. Hazaryň kenarynda mawy deňze suwa düşýän çagalaryň şatlygy egsilmeýär. Olar bu ýerde suwda ýüzmegi öwrenýär 103
ler, dynç alýarlar. Hazaryň mineral maddalara baý suwy adamlaryň saglygyny berkitmekde örän ähmiýetlidir. Bu ýere gelen myhmanlar diňe bir deňze suwa düşmek bilen çäklenmän, Hazar kenarynyň baý tebigatyny, goraghana daky guşlary, keýikleri, gulanlary beýleki haýwanlary hem synlamaga mümkinçilik alarlar («G.» ž.).
♦ döwlet derejesinde – на государственном уровне
104
gurluşyk işleri – строительные работы döwrebap – современный dynç alyş öýleri – дома отдыха güler ýüz bilen – приветливо egsilmezlik– не уменьшаться ýüzmek – плавать goraghana – заповедник gulan – кулан, онагр keýik – газель, джейран
TEKST
Sözleýiş diliniň (ýazuw, gepleýiş) esasy sintaktik birlikleriniň biri hem tekstdir. «Tekst» latyn sözi (tex tus) bolup, ol «mata», «örüm», «birleşme» ýaly manylary aňladýar. Bu söz, esasan, iki manyda ulanylýar. 1) Edebiýata degişli termin hökmünde ol döredilen eseri ýa-da onuň bir bölümini aňladýar. 2) Dil bilimine degişli termin hökmünde ol edebi diliň normalaryna laýyk we many hem-de grammatik taýdan baglanyşykda bolan birnäçe sözlemiň logiki yzygiderlikde düzülen bitewi birligini aňladýar. Sintaktik birlik hökmünde tekstiň özüne mahsus bolan birnäçe häsiýetli aýratynlyklary bar. 1. Teksti düzýän, ony emele getirýän sözlemleriň (komponentleriň) many taýdan biri-biri bilen bagla nyşykly bolmagy we olarda logiki yzygiderliligiň sak lanmagy zerurdyr. Meselem: Ata güýç-kuwwat taýdan eneden, ene mähir-myla ýymlyk taýdan atadan rüstemdir (Zamahşary... «Ýagşy zadalaryň bahary»). 2. Teksti düzýän komponentleriň daşky formasy, gurluşy taýdan edebi diliň grammatik gurluşyna laýyk bolmagy, ýagny sözlemleriň (komponentleriň) arasyn da diňe bir semantik baglanyşygyň däl, eýsem gram matik baglanyşygyň hem bolmagy zerurdyr. Meselem: Husyt baý eli ýuka, pukara adamdan has garypdyr. Onuň baýlygy onuň gysgançlygyny ýeňip bilmez (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 3. Tekstiň komponentlerine sintaktik taýdan bi tewülik, pikir aňladyşy taýdan gutarnyklylyk we many taýdan kommunikatiwlik (habar bermek) ýaly häsiýet ler mahsusdyr. 105
Meselem: Kerim Gurbannepesow örän okumyşdy. Edebi so wady juda ýokarydy. Dünýä halklarynyň edebiýatynyň görnükli wekilleri bilen mydama dostana gatnaşykdady (K.G. «O.b.»).
♦ rüstem – сильный
husyt – скупой, жадный eli ýuka – бедный, как сокол gysgançlyk – скупость, жадность okumyş – образованный wekil – представитель dostana – дружеский
134-nji gönükme. Teksti göçüriň we okaň. Ondaky sözlem leriň many taýdan, pikir aňladyşy boýunça we grammatik gurluşy taýdan baglanyşygyny aýdyp beriň.
Türkmen topragy – mertligiň, gaýduwsyzlygyň topragy. Türkmen topragy – rysgal-berekediň topragy. Bu toprak kalplara özi deýin giňlik hem salykatlylyk berýän toprak. Bu toprakda beýik pederlerimiziň yhlasy, arzuw-telwas lary, ömür menzilleri özlerine kökerip ýatyr (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy»).
♦ gaýduwsyzlyk – неустрашимость, стойкость
rysgal-bereket – изобилие, богатство kalp – сердце, душа arzuw-telwaslary – желание, мечта kökermek – привязывать salykatlylyk – вежливость, деликатность
Tekstdäki grammatik baglanyşyk
Tekstiň içindäki sözler, sözlemler biri-biri bilen özara grammatik baglanyşykda bolýarlar. Gramma tik baglanyşyk dürli sintaktik serişdeler arkaly amala aşyrylýar: 106
1. Söz üýtgediji dürli goşulmalaryň, ýagny at lardaky degişlilik, düşüm goşulmalarynyň, işliklerdäki şahs-san goşulmalarynyň (личные окончания глаго лов) kömegi bilen. Meselem: Dag goçy tomsuna aşa duzly suwlary hem içip bilýär. Ol kölegeli buky ýerlerde bolmagy halaýar («G.» ž.). 2. Sözsoňy kömekçileriň ulanylmagy bilen. Meselem: Mämiş seýis işini Gün öýlä aganda bitirdi. Ýarag ulanmaly bolmandygy üçin, ol çaga ýaly begendi (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 3. Baglaýjynyň hyzmatynda gelýän -da/ -de, -dyr/dir, hem ýaly käbir ownuk bölekleriň ulanylmagy bilen. Meselem: Bu sözler öteni-de, geljegi-de ýene bir gezek Jygaly begiň ýadyna saldy («G.» e.). Röwşen gyňyrlyk edip baranam urdy, gelenem (şol ýerde). 4. Sözleriň, sözlemleriň tertibi hem gramma tik baglanyşyga, sözlemleriň edebi dile laýyk gurluş da bolmagyna logik yzygiderligiň berjaý edilmegine öz täsirini ýetirýär. Bilşimiz ýaly, eýe sözlemiň ba şynda, habar soňunda gelýär. Aýyklaýjy agzalar bo lan aýyrgyç, doldurgyç, köplenç, aýyklaýan sözüniň öňünden gelýär. Meselem: Okamaly okuwçy (söz düzümi). Okuwçy okamaly (sözlem). Gepleýär Aşgabat! (Ýüzlenme sözlemi) Aşgabat gepleýär. – täsirlilik, güýçli duýgy ýitýär. Mämiş seýis ýolboýy tohum baýtala ýolugan derdiň nämedigini aňlamaga çalyşdy (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). 5. Sözlem özüniň aňladýan pikirine laýyk intona siýa hem eýe bolmalydyr we şonuň kömegi bilen onuň pikir aňlatmak taýdan görnüşi kesgitlenilýär. 107
Meselem: Gar ýagýar (habar sözlemi). Gar ýagýar? (Sorag sözlemi) Agşam adamlar dynç alýarlar (bir sözlem). Agşam. Adamlar dynç alýarlar (iki sözlem).
♦ buky ýer – скрытое место, укрытие
gyňyrlyk – злобность, сердитость ýolboýy – в продолжении всей дороги ýolukmak – попасть, оказаться
135-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň, grammatik baglany şygy üpjün edýän dil serişdeleriniň aşagyny çyzyň we hyzmatyny düşündiriň.
Yzgant obasynda Anna Gök baý oglunyň aýratyn abraýy, hormaty bardy. Gökdepe söweşinde görkezen batyrlygy we edermenligi üçin onuň adyny, köplenç, Anna serdar diýibem tutardylar. Ýogsa ol asly, gelip çykyşy boýunça şol döwrüň gurply daýhanydy. (Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer»). Gije. Edip biljek zadyň ýok. Ähli etsem-petsemleri ertire goýmaly boldy (şol ýerde). Grammatik baglanyşygyň baglaýjylar we çalyşmalar arkaly üpjün edilişi
Tekstdäki grammatik baglanyşyk düzmeli we eýer jeňli baglaýjylar, dürli çalyşmalar ýaly dil serişdeleri arkaly hem amala aşyrylýar. 1. Baglaýjylar arkaly amala aşyrylyşy. Baglaýjylar bir ýönekeý sözlemiň içinde-de, iki sany ýönekeý sözlemden ybarat goşma sözlemleriň içinde-de, aýratyn sözlemleriň arasynda-da ulanylyp, grammatik baglanyşygy üpjün etmäge gatnaşýarlar. Meselem: Çary bilen Nepes aga-da adamlaryň ýarysyny hem itleriň ýarysyny alyp maşynlaryň biri bilen çetki sürä ugramaly. (A. G. «K.e.»). 108
Bagyşla, seniň özüň uly adamam welin, dünýä, durmuşa garaýşyň çaganyňkyça-da ýok. (B. H. «Y. g.») Atalaryň hem käbiri agras, käbiri alçak bolýar. Emma iň agras atalar hem ogullary bolanda buşlukçyny buşluksyz goýbermeýär (Şol ýerde). 2. Çalyşmalar arkaly amala aşyrylyşy. Soňky sözlemdäki gelen çalyşma öňki sözlemdäki bir sözüň ýerine ulanylýar we şeýlelikde, iki sözlemiň aňladýan pikirleriniň arasynda baglanyşyk emele gelýär. Meselem: Men Akjagülüň işlemegine garşy däl. Men onuň işlemeginiň tarapdary. Ýöne ol şonuň bilen birlikde maňa-da hyzmat etmelidigini unutmasyn (B. H. «Y. g.»).
♦ durmuş – жизнь
garaýyş – взгляд dünýägaraýyş – мировоззрение agras – серьёзный alçak – общительный buşluk – сообщение, награда (радостной вести) buşlukçy – тот, кто сообщает радостную весть tarapdar – сторонник
136-njy gönükme. Teksti göçüriň. Grammatik baglanyşygy ny amala aşyrýan dil serişdeleriniň aşagyny çyzyň we olaryň hyzmatyny düşündiriň.
Pukara bolsaň, baý dost gözlemegin, çünki ýoksuly gowy görýän adam ýokdur, aýratyn-da barlylar gowy görýän däl dirler. Dostuňy özüňe bap seçgin, baý bolsaň, barly dost tu tunyp bilersiň. Emma dost diýip, adamlara juda bil bagla magyn, ýogsam sen öz işleriňe bil baglap bilmersiň. Eger dostuň bir biderek sebäp bilen senden ýüz öwürse, sen ikilenç ony töweregiňe golaýlaşdyrjak bolup jan etmegin, ol muňa degýän däldir. Betnebis dostdan gaça durgun, sebäbi onuň dostlugy ýürekden däl-de, gara nebsi üçindir. Bahyl adamlar 109
bilen-ä hiç haçan hem dostlaşmagyn, çünki göripler dostluga ýaraýan däldirler, çünki görüplik hiç haçan ýürekden çykýan däldir, onsoň, ýüreginde göriplik bolan dost hem hemişe yzgytsyzdyr we jany ýangynlydyr.
♦ pukara – бедный, неимущий
(«K.»)
ýoksul – бедный, неимущий barly – богатый, состоятельный, имущий seçmek – выбрать, избрать bil baglamak – надеяться, возлагать надежду ýüz öwürmek – отказаться, отрешиться jan etmek – стремиться, стараться изо всех сил degmek – стоить betnebis – жадный, алчный, корыстный gara nebis – корысть, алчность görip – завистник bahyl – скупой, жадный, завидущий yzgytsyz – дерзкий, злой, невежливый jany ýangynly – огорчён, сердитый
137-nji gönükme. Teksti göçürip ýazyň. Ondaky sözlemleriň grammatik baglanyşynyň nähili dil serişdeleri arkaly amala aşyrylandygyny kesgitläň.
Alkyşa ýugrulan hoş söze ynsan hemişe teşne. Oňa kiçi ýaşly-da, uly ýaşly-da mätäç. Çünki olarda güýç-gudrat bar. Olar barada gürrüň gozgalanda, köpi gören ýaşulularyň biriniň aýdan şu sözleri henizem ýadymdan çykanok: «Yn san kalbynyň açary hoş, ýagşy sözdür. Olar ynsan kalbyna tenekardyr, melhemdir. Olary diliň senasyna öwrüp, ýerini bilip ulansaň, bagtam, berekedem taparsyň, ogul!» («Gg.» ž.)
♦ teşne – жаждущий, страсно желающий
110
mätäç – нуждающийся, испытывающий gudrat – чудо, могущество köpi gören – много видевший в жизни açar – ключ tenekar – melhem melhem – целебное средство, бальзам
sena – молитва bereket tapmak – добиться изобилия
138-nji gönükme. Özüňizden belli bir tema degişli tekst düzüň, onda grammatik baglanyşyk üçin dil serişdeleriniň dogry ulanylmagyna üns beriň. 139-njy gönükme. Teksti okaň, türkmen diline terjime ediň. Türkmen dilindäki tekstiň grammatik baglanyşygynyň serişdelerini aýdyp beriň.
Росли в нашем заводе два парнишечка, по близкому соседству: Ланко Пужанко да Лейко Шапочка. Кто и за что им такие прозвания придумал, это сказать не умею. Меж собой эти ребята дружно жили. Под стать подобрались. Умишком вровень, силенькой вровень, ростом и годами тоже. И в житьё большой различки не было.
♦ расти – ösmek, ulalmak
(П.Б. «Х.В.»)
соседство – goňşuçylyk прозвания – at, lakam дружно – agzybir вровень – deň под стать подобраться – meňzemek, çalym etmek житьё – durmuş, ýaşaýyş
Soraglar we ýumuşlar:
1. Tekst näme? 2. Tekstiň esasy aýratynlyklaryny aýdyp beriň. 3. Tekstdäki grammatik baglanyşygy nähili dil serişdeleri üpjün edýär? 4. Grammatik baglanyşygyň baglaýjylar, çalyşmalar arkaly amala aşyryly şyny düşündiriň.
111
GOŞMAÇA TEKSTLER MAGTYMGULY PYRAGY Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly halkara ylmy maslahatynda eden çykyşyndan
Magtymguly Pyragy öz döwürdeşlerine we geljekki nesillere Hakyň senasyny köňülden çykarman ýaşamagy, elmydama ynsanyň mertebesini belent tutmagy, Watany ýü rekden söýmegi, halk bilen bir jan, bir ten bolup ýaşamagy, adamlary tanamagy, olaryň derdini paýlaşmagy ündäpdir we bu ýoly kämillik ýoly diýip, hasap edipdir. Beýik akyldar: Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň. Gül-gunçasy gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. – diýip, ata Watana, ene topraga, mähriban halkyna bolan çäksiz söýgüsini we buýsanjyny, umyt-arzuwlaryny we guwanjyny şahyrana setirleriň üsti bilen çeper beýan edip dir. Adatça, beýik şahsyýetler öz halkynyň ykbalyny öňünden görýär. Halky bilen bagry badaşan akyldarlar il-ýurdunyň täleýini ýüzlerçe ýyl öňünden ýorup bilmäge ukyply bolýar. Magtymguly Pyragynyň türkmen ilini birleşmäge, bütewi döwlet bolup, agzybir ýaşamaga çagyrýan ündewleri bu gün aýratyn ähmiýetli, örän gymmatly çagyryş bolup ýaňlanýar. 112
Beýik akyldaryň erkin, Garaşsyz döwlet baradaky eden arzuwlary bu gün doly hasyl boldy. Bir döwlete, bir ojaga gulluk edýän türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymguly Pyragy şamçyrag bolup şugla saçýar. Erkana ýola düşen türkmen halky bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda we abadan durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar. Türkmen döwleti gün-günden berkäp, kuwwatla nyp, dünýäde abraýly döwletleriň birine öwrüldi. BELENT MERTEBELI PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ MAGTYMGULY PYRAGY HAKDA AÝDANLARYNDAN
– Halkymyz Magtymguly atamyzyň pendini durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr. Hut şuňa görä, şahyryň ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly, umumadam zat bähbitli pelsepe-garaýyşlary Baş Kanunymyza siňdi. Baş Kanunymyz bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy bolan parasatly ata-babalarymyzyň ähli nesilleriniň paýhasyna ýugrulandyr. – Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuru na bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. – Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. – Ynsanpewerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtym guly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr.
♦ pent – завет, наставление
adalatlylyk – справедливость umumadamzat – общечеловеческий paýhas – разум zyban – язык, слово ynsanperwerlik – гуманность, человечность
8. Sargyt №1703
(«Gg».ž.)
113
MAGTYMGULY BARADA AÝDYLANLARDAN
* Magtymguly türkmen şygryýetinde gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar. (Ýewgeniý Bertels)
* Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir. Bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galýar.
(Mämmetweli Kemine)
* Magtymgulynyň goşgularyny öz dilimize terjime et mek bilen şygryýet äleminde şeýle ägirt, beýik ynsanyň türkmenleriň arasynda bardygyna göz ýetirdim.
(Resul Gamzatow)
* Türkmenistanda XVIII asyr Magtymgulynyň şygry ýetiniň asyrydyr. Magtymguly dünýä şygryýetiniň genjihazynasyna giren şahsyýetdir, şygyr bilen geplän akyldardyr. (Çingiz Aýtmatow)
* Magtymguly meniňem şahyrym, onuň dili meniňem dilim. Men Magtymguludan köp zat öwrenýärin, ol meniň us sadym. Ýöne onuň bir zady – öz halkyň azatlygy ugrunda göreşmegi öwredýändigini aýratyn nygtasym gelýär. (Nazym Hikmet)
* Biziň halkymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elbrus dagy bilen deňeşdirilýär. Men Magtymgulyny we onuň şygryýetini şol belent dag bilen deňeşdirýärin. Magtym gulyny men diňe türkmen şygryýetiniň däl, eýsem dünýä şygryýetiniň-de Elbrusy hasap edýärin.
♦ ýüzük – перстень, кольцо
114
(Kaýsyn Kulyýew)
lowurdamak – блестеть, лосниться, отсвечивать orak – серп, жатва
hoşa – колосья ussat – мастер, учитель
ÝAZYJY ATAJAN TAGANOWYŇ ÝATLAMALARYNDAN
Bir gezek Resul Gamzatow: «Arseniý Tarkowskiý maňa Magtymguludan öz terjimelerini sowgat etdi – diýdi. – Oka nyma hem begenýän, hem gynanýan. Begenýänimiň sebäbi men özüm üçin dünýä poeziýasynda uly orny bolmaly genini açdym. Gynanýanym – Magtymgulynyň ajaýyp goşgulary ýaly eser ýazyp bilmejegim üçin hünärimi taşlarmykam öýdüp biynjalyk bolýan». Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat Arseniý Aleksandrowiç Tarkows kiý Magtymgulynyň adyny dünýä ýaýmakda abyrsyz köp iş etdi. Bir gezek öýüne salamlaşmak üçin baranymda, ol: «Geleniň gowy boldy, Magtymguly Pyragyny ýatlap otyrdym. Hany, «Magtymgulyny» aç-da, «Ýagmyr ýagdyry» türkmençe, özüňem howlukman oka» diýdi. Men kitap tekje sinden şahyryň türkmençe kitabyny alyp «Ýagmyr ýagdyr, soltanymy» okap başladym welin, tirsegini stola dirän goja aýalaryny maňlaýyna ýetirip, goşgy diňlemäge başlady. Men okap otyrkam käte öý eýesine nazarymy aýlaýardym. Arseniý halypanyň göwresi öňküsinden kiçelen ýalydy, gözleri hem ýumukdy. Goşgy tamam bolandan soň, halypa ýüzüni galdyrdy. Onuň owadan gözleriniň owasy ýaşdan do ludy. Ol maňa tarap nazaryny aýlady-da: «Bu ýöne bir goşgy däl, gadyrdan!» – diýip pyşyrdady. – Bu il-güni üçin hasrat çekýän beýik ynsanyň uly ýüreginiň agyly nalasy». («E. we s.» g.)
115
ATA – KYBLA, ENE – KÄBE Ene süýdi
Gadym wagtlarda bir garry ene ýaşapdyr, onuňam ýer ýüzünde ýekeje ogly bolupdyr. Ene ony özi iýmän iýdirip, geýmän geýdirip, daýaw, sagdyn ýigit edip ýetişdiripdir. Bir gezek oba ýagy dökülip dir, şol söweşde ýigit edermenlik görkezip, at-abraýa eýe bolupdyr. Ýigidiň görkezen gahrymançylygy patyşa ýetip, patyşa ony öz goşunyna serkerde edip belläpdir. Patyşa ýigide göwni ýetensoň, oňa öz ýalňyz gyzyny ni kalap, toý tutup berip, köşkde saklaýar. Günler aýlanyp, ýyllar geçip, patyşa amanadyny tabşyrandan soň, şol ýigit patyşa bolup, onuň at-owazasy dünýä ýaýraýar. Emma aradan ençeme ýyl geçse-de, şol abraýly patyşanyň özüni adam eden enesi ýadyna düşmeýär. Bu ýagdaýyň tersine, enesi oglundan göwün-kine etmän, onuň ýüzüni görüp, didaryndan doýmak üçin köşge gelýär. Emma köşgüň ýasawullary enäni köşge goýbermeýärler. Garry ene özüniň patyşanyň enesidigini aýdanyndan soň, ony oglunyň huzuryna eltýärler. Patyşa garry eleşan aýaly görüp: – Ony güm ediň, meniň beýle enem bolmaz – diýýär. Göwnüne deglen garry ene: – Oglum, men saňa ak süýt berip adam etdim. Sen bolsaň meniň azabymy ýüzüme urduň. Pikir etme, men seniň köşgüňe zada mätäç bolup gelmedim, Hudaýa ýüz-de müň şükür, meniň ilim-günüm bar, kem zadym ýok. Men seniň didaryňa zar bolup geldim, sen ony maňa rowa görmediň. Saňa beren ak süýdüme razy däldirin – diýipdir. Onda patyşa garra ýüzlenip: – Ene, sen ene süýdüniň gürrüňini edýäň, gerek bolsa, men saňa näçe diýseň küýzeläp süýt tapyp bereýin – diýip dir. Garram: – Asyl, sen maňa ýekeje käse ene süýdüni tapyp berip bilseň, men razy – diýipdir. 116
Patyşa öz ýurduna jar çekdirip, öýme-öý aýlanyp, süýdüň agramyna görä gyzyl berjegini aýdypdyr, emma çagasynyň agzyndan kesip, patyşa käseläp, küýzeläp süýdüni berip biljek ene tapylmandyr. Patyşa ene süýdüniň hiç bir zat bilen, gyzyl bilen-de, kümüş bilen-de çalşylmaýanlygyna, onuň mukaddesligi ne göz ýetirip, enesinden ötünç sorap, ony köşge ýaşamaga çagyrýar. Emma göwnüne deglen ene razy bolmaýar.
♦ daýaw – крепкий, здоровый, сильнный
(«P. ç.»)
sagdyn – здоровый ýagy – враг, недруг dökülmek – нападать, наступать gahrymançylyk – героизм, геройство serkerde – полководец ýalňyz – один, единственный nikalamak – совершать обряд бракосочетания amanadyny tabşyrmak – скончаться, отдать Богу душу at-owazasy ýaýran – известный, популярный ýadyna düşmek – вспомнить göwün-kine – обида, недовольство didar – лицо, лик huzur – перед, напротив, приём eleşan – рваный, изодранный güm etmek – убирать küýzeläp – кувшинами jar çekdirmek – объявлять, извещать (через глашатая) agzyndan kesmek – отнять, лишить çalyşmak – обменивать, обменяться mukaddes – святой, священный göwnüne degmek – обидеть daragt – дерево doga-dileg – заклинание, молитва
Ata-ene barada pähimler we nakyllar
Akylly bolan perzent hiç haçan ata-enesini unutmaz. Ata-ene seni jan-dil bilen ösdürip ýetişdiren adamlardyr. Sen olaryň göwnüne degseň, hiç haçan ýagşylyk garasyny 117
görmersiň. Çünki göze görnüp duran ýagşylygyň gadyryny bil meýän adam galan ýagşylyklaryň gadyryny nireden bilsin?! ***
Perzent miwä meňzese, ata-ene daragta meňzeýändir. Daragtyň idegini ýetirdigiňçe, miwesi köp we datly bo lar. Ata-eneňi hem näçe sylap, olara näçe hyzmat etseň, olaryň sen hakdaky doga-dilegleri şonça tiz hasyl bolar.
(«T. o.» ž.)
Ata alkyşy – altyn. Ata diýmedik ogul ojagy talar. Ata-enäniň dogasy oda-suwa batyrmaz. Ata-enesini tanamadyk Taňrysyny tanamaz. Ata ogly ata çeker. Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, Eneden nesihat alan gyz keýwany bolar. Atany söýen Watany söýer. Atanyň ojagy gymmat, enäniň – gujagy. Ataň duşmanyny dost tutunma. Ataňa görkezeniňi ogluňdan görersiň. Ataňy görenden akyl sora. Ejem eli ak pamyk. Enäniň mährem zor, gaharam. Ene – käbe, ata – kybla. Ene eli – em, dili – melhem.
♦ alkyş – добрые пожелания, признательность
118
talamak – грабить doga – заклинание, молитва tanamak – знать, узнать kethuda – старейшина, аксакал keýwany – жена, хозяйка batyrmak – топить, погружать
Türkmen bedewi
Taryha ser salsaň, türkmeniň bedewi onuň ýakyn ýoldaşy, syrdaşy, köňül küýsegi, bagry badaşan wepaly dosty, söweş güni daýanjy bolupdyr. Türkmeniň nesilden-nesle geçip gelýän agras hem asylly, agramly hem asuda, Garagum çöli ýaly giň, gözel sährasy deý kalby päk hem arassa, edermen hem gaýduwsyz häsiýet leri onuň gyr atyna-da mahsus. Çünki türkmen asyrlaryň dowamynda öz gyr atyny terbiýeläp, kämil derejä ýetiripdir, oňa inçe söweş tilsimlerini öwredipdir. Şeýlelikde, onuň hüý-häsiýetleri öz wepadar bedewine-de geçipdir. Ýowuz günde ýaralanan türkmen gerçegini onuň bedewi hiç mahal ýalňyz galdyrmandyr. Onuň daşynda hozanak bolup, tumşugy bi len eýesini ysgasa, aýagy bilen ýer gazapdyr, söweş güni wepat bolan gerçegiň başujuny saklap, kişňemek kişňäpdir, başyny aşak egip, ynsan kimin gözýaş döküpdir. Muňa taryhyň sahypalary şaýat. Bu wepadarlygyň çürbaşy, iň be lent nusgasy dälmi näme? Türkmen bedewi mydama özüniň duýgurlygy, hüşgärligi, aňlylygy, eýesine wepadarlygy bilen tapawutlanypdyr, öňe saýlanypdyr. Şonuň üçin hem türk men öz bedewine maşgala agzasy hökmünde seredip gelipdir. Türkmen öz bedewini toý gününde ýoldaş, ýowuz günde syrdaş edinipdir. («Gg.» ž.)
♦ syrdaş – тот, который пользуется доверием, можно положиться
köňül küýsegi – радость души bagry badaşmak – быть неразлучным daýanç – опора, поддержка agras – степенный, серёзный kalby päk – с чистой душой söweş tilsimleri – секреты боя hüý-häsiýeti – нрав, характер ýowuz gün – суровый день gerçek – удалец, смелый hozanak bolmak – суетиться, вертеться
119
tumşuk – морда ýer gazamak – бить о землю (копытом – о коне) kişňemek – ржать (о лошади) çürbaşy – верхушка, самый верх hüşgärlik – бдительность aňlylyk – сообразительность, понятливость duýgurlyk – чувствительность
At barada nakyllar
At adamyň ganaty. At alsaň, gunan al, Düýe alsaň inen al. At alsaň, ýorga bilen ýöriş al, Aýal alsaň, akyl bilen huş al. Göz bilen gaş al. At aýagy gitgir Ozan dili ötgür. At «basman» diýen ýerine müň basar. At gadyryny münen biler, Ýurt gadyryny göçen. At garrar, meýdan garramaz, Ýigit garrar, heňňam garramaz. At ýigide – ganat, haly – gyza. At rysgy alnynda, Är rysgy ýolunda. At saklamak – Han saklamak. At ürken ýerinden, Är gorkan ýerinden. 120
Ataň barka dost gazan, Atyň barka – ýol. Aty baryň ganaty bar, Ogly baryň – gaýraty. Aty saklamak döwlet. Batyr aty bilen batyr, At batyry bilen at. Malyň iki bolsa, biri at bolsun. Ogly eklän tanar, Aty – saklan. Ömrüňde iki gün galsa at al, Ýeke gün galsa – aýal. Ýigidiň görki at-ýarag. Ýigidiň myrady atdyr, At saklamak döwletdir. Ertir tur, ataňy gör, Ataňdan soň – atyňy.
♦ rysk – участь, судьба, доля
ürkmek – пугаться, вздрагивать gaýrat – воля, смелость, мужество, сила döwlet – богатство, счастье, благо eklemek – содержать, кормить semiz – жирный, полный, упитанный ozan – певец ötgür – острый, рeзящий garramak – старет, стариться heňňam – бытие, жизнь gitgir – быстроногий, резвый
121
Nowruz baýramy
Nowruz – türkmenleriň iň gadymy baýramlaryň biri bo lup, ol ýazyna gije-gündiziň deňleşýän wagtynda, ýagny mart aýynyň 21-22-sine bellenýär. Nowruz (parsça – «Täze gün») Gün hasaby boýunça pars we türki halklaryň täze ýyl baýramçylygydyr. Türkmenlerde Nowruz – Täze gün täze lybasly garşylanýar. Nowruz güni saçakda näçe köp tagam goýulsa, bu ýylyň hem şonça bereketli geljekdigine ynanylýar. Gelin-gyzlar Nowruz güni adat bolan «Äşe-Patmanyň nahary» diýlip tanalýan se meni taýýarlaýarlar. Semeni bugdaý maýsasyndan taýýarlanypdyr. Bu bolsa täze ýaşaýşy, diriligi aňladypdyr. Nowruzda hökmany suratda palaw we nowruz köjesi hem taýýarlanypdyr. Baýram gijesi maşgalanyň ähli agzasy saçagyň başynda bolmaly. Eger şeýle edilse, maşgalada agzybirlik höküm sürer, hiç kim maşgala ojagyndan uzaklaşmaz diýen ynanç bar. 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda BMG-niň Baş As sambleýasynyň 64-nji sessiýasynda «Dünýäniň medeniýeti» gününiň 49-njy düzgüniniň çäklerinde konsensium tarapyn dan «Halkara Nowruz güni» atly rezolýusiýa kabul edildi. Rezolýusiýanyň tekstine laýyklykda BMG-niň Baş Assam bleýasy: 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip ykrar edýär. Her ýylda halkara Nowruz baýramy biziň Türkmenistan döwletimizde uly dabara bilen bellenip geçilýär.
♦ deňleşmek – равняться, уравниваться
122
(«Gg.» ž.)
lybas – одежда, одеяние tagam – пища, еда bereket – изобилие, обилие, богатство adat – обычай, традиция semeni – жидкая каша из пшеничного солода и муки maýsa – нива dirilik – жизнь köje – каша из джугары agzybirlik – дружба, мир, согласие uzaklaşmak – удаляться, отдаляться ykrar etmek – признавать
Bahar buşlukçysy
Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar. Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör: – Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi: Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar. Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi: – Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! – Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! Lälezarda öwşün atýar gunçalar. Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy Bahar buşlukçysy – hoştap damjalar. Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar. Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň: – Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! Halyl Kulyýew YNSABA ÇAPALYŇ
Ynsaba çapalyň, Ada çapmalyň. Ynsap has ýokarda goýulsyn atdan. Hemişe ynsapdan döräpdir şöhrat, Hiç wagt döremändir ynsap şöhratdan. Belki kiçi bolsaň – uly bolarsyň, Meger, uly bolsaň – bolarsyň kiçi. Haýsysy bolsak-da kişi bolalyň, Kişi, Kişi, Ýene bir gezek kişi! 123
Kişileň gerşinde otyr bu dünýä. Şolardan nur alýar ähli ýollarmyz. Kişilerimiz hasam kişi bolsunlar, Kişi boljak bolsun kişi dällermiz. Zähmete çapalyň, Gepe çapmalyň. Il içinde gep kän, iş weli – has kän. Käte giç düşünýäs bu hakykata, Iniler düşünsin ýaşkan, has ýaşkan!
K. Gurbannepesow. «Oýlanma baýry»
♦ ynsap – совесть
çapmak – бегать şöhrat – слава kişi – человек nur – луч, свет hakykat – правда, истина ýaşka – пока молод
SÖZ
Sözüň agramyny ölçemez tonna, Ölçemez güýjüni milýon kilowat. Söz – ýalaňaç pikire gyrmyzy dondur. Söz bar – kime şapbat, Söz bar – kime bagt. Dünýäde iň beýik şypa şolaňky, Şatlygmyzy siňdirýäris şolara. Dünýäde iň beýik jepa şolaňky, Hasratymyz siňdirýäris şolara.
124
Söz – bu gazap bilen çakan ýyldyrym. Söz – bu gyz näzidir, dürleň – dürüdir. Başarmasaň – ol öçügsi ýyldyzyň. Başarsaňam lowlap duran Günüňdir. G. Ezizow. «Türkmen sährasy»
♦ ölçemek – мерить; вешать
ýalaňaç – голый; обнажённый şapbat – пощёчина şypa – выздоровление; исцеление siňdirmek – впитывать jepa – мука, мучение ýyldyrym – молния öçügsi – тусклый lowlamak – пылать, полыхать
125
SÖZLÜK
A
abadançylyk – благопoлучие aç – открой a:ç – голодный açar – ключ açmak – открывать adalatlylyk – справедливость ady çykmak – прославиться, завоевать авторитет agaç – дерево agaç tabak– деревянная чашка; agajyň depesi – верхушка дерева agram salmak – давить, напирать agras – серьёзный agyl – загон, овчарня agzybirlik – дружба, мир, согласие agzyndan kesmek – отнять, лишить adat – обычай, традиция ajy – 1) горький; 2) крепкий; 3) язвительный, едкий; 4) тяжелый, горестный; ajy burç – горький перец ajy çaý – крепкий чай ajy gülki – язвительный смех ajy habar – тяжелое известие ajykmak – проголодаться adalat – справедливость a:k – белый aksowult – беловатый, белёсый akyp gutarmak – протекать akytmak – поливать, лить (для умывания) alça – алыча alçak – общительный alkyş – добрые пожелания, признательность
126
allanäme – хороший, прекрасный alma – яблоко alma gülläpdir – яблоня расцвела alma ekmek – сажать яблоню alma iýmek – есть яблоко amanadyny tabşyrmak – скончаться, отдать Богу душу anyk maglumatlar – точные сведения aňlatmak – обозначать, выражать aňlamak – узнавать aňlylyk – сообразительность, понятливость aragatnaşyk serişdesi – средство связи, общения arça – ёлка arynyň öýi – улей arzuw-telwaslary – желание, мечта at – стреляй at – конь a:t – имя ata pendi – заветы отца atlanmak – садиться на коня; отправляться верхом atmak – бросать, кидать at-owazasy ýaýran – известный, популярный awy – яд aýagyň burny – носки ног aýagyň ýalaňaç – босиком aýak – нога aýlanmak – обходить, объезжать aýratynlyklar – особенности aýt – скажи az – мало azandan bäri – с утра
B
bag – сад bagry badaşmak – быть неразлучным bagtyň ýatmak – стать несчастным bagyr – печень bahyl – скупой, жадный, завидущий bakylyk – вечность bal – мёд
127
balajyk – брючки ba:lajyk – ребеночек, barly – богатый, состоятельный, имущий barmaly – должен пойти barma:ly – давайте не будем идти baş sany – поголовье başdansowma – небрежно, кое – как, несерёзно batyrmak – топить, погружать baýlaşdyrmak – обогащать, делать богаче bazar – рынок bedre – ведро begenç – радость belet – знакомый bellenip geçilýär – отмечается bereket – изобилие, обилие, богатство bereket tapmak – добиться изобилия berk – прочный bet – озорнoй betnebis – жадный, алчный, корыстный beýan etme – сообщение beýik – великий bezemek – украшать, делать содержательнее bezeg bermek – украшать bezzat – шалун biýara – стебель, растение bidöwlet – несчастный bil – знай bil baglamak – надеяться, возлагать надежду biz – бязь böwrek – почка buky ýer – скрытое место, укрытие bulutly – облачный, пасмурный burnuňy çekmek – шмыгать носом buşluk – сообщение, награда (радостной вести) buşlukçy – тот, кто сообщает радостную весть buýruk – приказ bürgütlerim! – мои орлы! bükülmek – гнуться, сгибаться
128
Ç
çakgy – перочинный нож çalyşmak – обменивать, обменяться çapmak – бегать çapuw – скаковой çarwa – скотовод çaý – чай çaýkanmak – волноваться, бушевать, буянить çekiç – молоток çekmek – удалять, устранять Çelýuskin burny – мыс Челюскина. (TRS) çemçe – ложка çenemek – целиться çeňňek – удочка çep aýak – левая нога çeper döredijilik – художественное произведение, творчество çeper edebiýat – художественная литература çeperçilik serişdesi – средство выразительности çig – сырой çigit – семья, семечки çäge – песок çoluk – подпасок çözgüt – решение çözjek bolmak – пытаться развязать çürbaşy – верхушка, самый верх çüwde – обух топора çüý – гвоздь
D
dabara – торжество damar – жила daň – заря daň saz berdi – заря занялась dar – узкий daragt – дерево daýaw – крепкий, здоровый, сильный daýanç – опора, поддержка degmek – стоить 9. Sargyt №1703
129
delillendirmek – доказать demir – железо deňiz – море deňleşmek – равняться, уравниваться depe – бугор, холм depe süňki – теменная кость derweze – ворота derek – тополь deslap – сначала desselemek – связывать в снопы dä:p – традиция dökülmek – нападать, наступать didar – лицо, лик dikmek – втыкать dilemek – просить dili sena – молитва; чары din – религия diň – башня diňlemek – слушать dirilik – жизнь doga – заклинание, молитва dogry aýdylyş – правильное произношение dogry ýazylyş – правописаниe dok – сытый dokuz – девять doňuz – свинья dost – друг dostana – дружеский dowardarçylyk – овцеводство doýmak – наедаться, обогащаться döredijilik – творчество dö:rt – четыре döw – дев döwlet – государство döwlet – богатство, счастье, благо döwür – период, время dul – вдова durmuş – жизнь duýgurlyk – чувствительность
130
duz – соль duzak – ловушка, западня dünýä edebiýaty – мировая литература dünýägaraýyş – мировоззрение dürli pudaklar – разные отрасли düwün – узел düz – равнина düzgünnama – правила dynuwsyz – беспрерывно; неустанно
E
edep – воспитанность edebiýat – литература edebi dil – литературный язык eklemek – содержать, кормить ekmek – сеять elek – сито eleşan – рваный, изодранный eli ýuka – бедный, как сокол emelsiz – неумeлый emgek – труд erin – губы erkinlik – свободность, произвольность epilmek – гнуться, сгибаться esewan etmek – присматривать etmek – делать
Ä
ädim – шаг, поступь ägirt – огромный, великий ähmiýet – значение, смысл älem – вселенная är – муж, супруг äsgermek – считаться, признавать äşgär – явный, очевидный ät – шагай ätiýaç – осторожность, опаска äwmezlik – не реагировать, мешкать
131
G gabamak – окружать gabaw – окружение gabsa – ставня gabyk – кора gadymy – старинный, древний gaharly – гневный, злой gahrymançylyk – героизм, геройство galmak – оставаться gamaşmak – ухудшаться, испортиться (о погоде) gamçy – кнут gamyş – камыш, тростник ganat – крыло ganat kakmak – хлопать крыльями gandym – джузгун ga:p – мешок, тара gant – сахар gara nebis – корысть, алчность garaňky – темный, темно garaşmak – ждать garaýyş – взгляд garbanmak – закусывать garramak – старет , стариться garynjanyň öýi – муравейник garyp – бедный gatnaw – движение, курсирование gawun – дыня gaýduwsyzlyk – неустрашимость, стойкость gaýrat – воля, смелость, мужество, сила gazan – котёл gelmek – прийти gepleşik dili – разговорная речь gepleşik stili – стиль речи gerçek – удалец, смелый geýnüwli – нарядный giç – поздно git – уходи gitgir – быстроногий, резвый gol – низина
132
gollanma – пособие goňşy – сосед goşawuç – пригоршня goýmaly – должен оставлять goýma:ly – не будем оставлять goýun – баран göçme many – переносное значение gödek sözler – грубые слова gök – синий gök gübürdedi – гром гремел göl – гёль (узор ковра) göni many – прямое значение gör – смотри göreç – глаза, взор, взгляд görip – завистник görelde almak – брать пример görmegeý – красивый görünmek – виднеться göwnüne degmek – обидеть göwnüýetmezçilik – неодобрение, принебрежение göwün – душа göwün-kine – обида, недовольство göz – глаза gözellik – красота gözi düşmek – увидеть gözüň ganmak – вдоволь насмотреться guda – сват, сватья gudrat – чудо, могущество gum depeleri – песчаные барханы gupba – куполовидное серебряное украшение на девичьей тюбетейке gurama topby – шапка, состоящая из разных кусков gurluş – структура gurplandyrmak – сделать плодородной (землю) gurt – волк guşluk – время около десяти часов утра guşuň ganaty – птичье крыло gül – цветок gülli käse – расписная пиала
133
güm etmek – убирать Gün – солнце günäsini ötmek – прощать güň – немой gürrüň – разговор güýz – осень gymmat – дорогой gykuw – крик, шум gyňyrlyk – злобность, сердитость gyraw – иней gysgançlyk – скупость, жадность gysganmak – скупиться, жадничать gyşlatmak – организовать зимовку gyzarmak – краснеть, виднеться красным gyz – девушка gyzdy – нагревался
H
haç – крест hakykat – правда, истина halka – круг, окружение halkara – международный harç – расход hasap – счёт hasap taýajyklary – счётные палочки hasaplama – считать, рассчитывать hassa – больной hasyr-husur – быстро, торопливо haşlamak – пыхтеть, сопеть hatyra – уважение, почет haýat – забор haýyr-sahawat – благотворительность haýdan-haý – быстро, сразу hazyna – сокровище heňňam – бытие, жизнь hezzet – уважение, почести hesret – горе, печаль hin – нора hopba etmek – посадить на спину
134
hoşa – колосья (оставшиеся после жатвы) hoşuna gelmek – быть приятным howuz – водоём howsala salmak – затревожить, волновать howlukmak – торопиться, спеш hoz – орех hozanak bolmak – суетиться, вертеться hörek – пища, еда husyt – скупой, жадный huzur – перед, напротив, приём hünärmentçilik leksikasy – профессиональная лексика hünji – бисер hüşgärlik – бдительность hüý-häsiýeti – нрав, характер hyjuw – страсть, пыл
I
ige – напильник igde – дикая маслина, лох injir – инжир islemek – желать, хотеть iş dolandyryş – делопроизводство işeňňir – трудолюбивый it – собака i:t – води (за руку)
J
jabjynmak – гавкать, облаять jan – душа jan etmek – стремиться, стараться изо всех сил janlandyrmak – оживить janly gepleşik – живая речь janypkeşlik – трудолюбие, усердие jany ýangynly – огорчён, сердитый jaň – звонок jar çekdirmek – объявлять, извещать (через глашатая) jaý – помещение jaýty burun – курносый jemgyýet – общество
135
jemgyýetçilik hyzmaty – общественная функция jepa – мука, мучение jogap bermek – ответить jul – попона juwan – молодой, юный juwaz – маслобойка jübi – карман
K
kagyz – бумага kabul edilen – принятый kalby päk – с чистой душой kalp – сердце, душа kanunçylyk resminamalary – документы законодательства karar – решение kaza etmek – умереть, скончаться kemelmek – уменьшаться kerkaw – клён kersen – большая деревянная чашка kerwen – караван kesmek – резать kethuda – старейшина, аксакал keýwany – жена, хозяйка käbäm – родимая (обращение к матери) kämil – совершенный kämilleşen – совершенный, достигнутый совершенства käse – пиала kişi – человек kişňemek – ржать (о лошади) kitap – книга köje – каша из джугары kök – корень kökermek – привязывать kök urmak – пускать корни, укореняться köl – озеро kölege – тень köňül küýsegi – радость души köp – много
136
köpi gören – много видевший в жизни köpmanylylyk – многозначность körsyçan – крот köşeşdirmek – успокоить köşk – дворец köýmek – 1) сгорать, 2) терять, утрачивать köz – уголь kül – зола, пепел kündük – кумган, кувшин kütek – тупой küýzeläp – кувшинами kyblam – светоч глаз моих (обращение к отцу) (родимый батюшка) kynçylyk – трудности kyrk – сорок
L
labyzly – выразительный lakam – псевдоним, прозвище, кличка lakgy – болтун laý – глина laýyk – подходящий, впору leglek – аист lezzet – удовольствие, наслаждение lälik – избалованный läş – труп lomaý – оптовый, оптом lowlamak – пылать, загораться lowurdamak – блестеть, лосниться, отсвечивать lybas – одежда, наряд
M
maglumatlar – сведения makala – статья mal ýatagy – коровник, хлев maldarçylyk – животноводство maslahatsyz – не посоветовавшись maşynyň tigri – колесо машины maýsa – нива medeniýet – культура
137
mekdep – школа melhem – целебное средство, бальзам mellek – приусадебный участок men – я menzil – расстояние meň – родинка metbugat – печать, пресса meýhana – питейный дом meýletin – добровольный meýlis – вечеринка mähirli – добрый mähriban – родной, любимый mätäç – нуждающийся, испытывающий miwe – фрукты miweli bag – фруктовое дерево mollatorgaý – жаворонок mukaddes – святой, священный mübärek – благословенный mümkinçilik – возможность mün – садись, залезай müň – тысяча
N
neşirýat – издательство neşir etmek – издавать nikalamak – совершать обряд бракосочетания nobat – очередь nogsan – недостаток nöker – нукер, дружинник nur – луч, свет nusga – образец nusgawy şahyrlar – поэты-классики
O
oba – село okatmak – учить okumyş – образованный okuw – учёба okuw kitaplary – учебники orak – серп, жатва
138
orak ormak – жать, косить ot – трава o:t – огонь otjumak – травянистый oturmak – сидеть owlak – козлёнок oý – низина oýarmak – будить; пробуждать ozaly bilen – сначала, первым делом ozan – певец
Ö
öçügsi – тусклый ökjesi ýeňlemek – радоваться, легко двигаться ölçeg – мера ölçemek – мерить; вешать öndürijilikli – производителный öri meýdany – пастбище ösgün – высокий ö:t – желчь öt – проходи ötgür – острый, разящий ötük – проход, отверстие öwretmek – учить öwürmek – поворачивать öwüt-ündew – наставление, поучение öý – дом özüne mahsus – свойственный присущий
P
pagyş-para bolmak – таять, чахнуть pahyr – бедный, бедняга parz – долг, обязанность paýhas – разум pena – укрытие,убежище pent – завет, наставление per – пух perdelemek – скрывать, покрывать perman – указ perzent – дитя, ребёнок
139
pikir ýöretme – соображать, думать pil – слон pisse – фисташка pişek – костыль pişik – кошка polat – сталь pukara – бедный, неимущий pyrlamak – вертеть, вращать
R
raýat – гражданин resmi – официальный resminama – документ rüstem – сильный rysgal-bereket – изобилие, богатство rysk – участь, судьба, доля
S
sagat – часы sagdyn – здоровый saba – раннее утро sag aman örmek – благополучно, в полном здравии вставать (с постели) salam – привет salykatlylyk – вежливость, деликатность san – число sandyk – сундук sapak – нитка sapalak – увёртка, уловка sarsdyrmak – трясти, сотрясать sary – жёлтый sat – продай satyn almak – купить saýaly – тенистый saýlamak – выбирать sazak – саксаул saz – музыка sazanda – музыкант saz etmek – петь, щебететь sazlaşyk – гармония, созвучие
140
seçmek – выбрать, избрать sekiz–восемь sena – молитва semeni – жидкая каша из пшеничного солода и муки semiz – жирный, полный, упитанный serçe – воробей serkerde – полководец serwi – кипарис ses – звук ses etmek – оплакивать ses ulgamy – система звуков siňek – муха siňdirmek – впитывать sorag – вопрос sowat – грамота sowuk – холодный söwüt – ива, тальник söýünjilemek – сообщать радостную весть söz ussatlary – мастера слов sözen – акация песчаная söweş – бой, битва söweş tilsimleri – секреты боя stoluň aýagy – ножка стола sungat – искусство suratkeş – художник suw – вода sülgün – фазан süýji alma – сладкое яблоко süýmek – растянуть süýt – молоко sygmak – вмещаться sykylyk – свист synmak – ломаться, разбиваться synmaz örk – привязь syrdaş – тот, который пользуется доверием, можно положиться syýahat – путешествие
141
Ş
şahsy – личный şanly waka – знаменательное событие şapbat – пощёчина şarlawuk – водопад şeker – сахар şertnama – договор şiwe – диалект şygar – лозунг şygryýet älemi – мир поэзии şöhle – луч şöhrat – слава şygyr – стих, стихотворение şypa – выздоровление; исцеление
T
tagam – пища, еда tal – ива, тал, верба talamak – грабить talap edilýär – требуется tamdyr – тамдыр tanamak – узнавать tap – найди tar – струна tarapdar – сторонник tebigat – природа tegelek – круглый tegmil – пятно ter – свежий, сочный tenekar – melhem terjime etmek – переводить teşne – жаждущий, страсно желающий tämiz – чистый, аккуратный täsirlilik – выразительность tigir sürmek – кататься на велосипеде tik – шей tiken – колючка timarlanan – обработанный, шлифованный tizleşmek – ускоряться
142
topulmak – бросаться, наброситься, кинуться toraňňy – тальник towşan – заяц towuk – курица toý – свадьба tänmek – обрываться tör – почётное место töre – сановник хана, эмира tumşuk – морда tura:ç – турач, рябчик tükeniksiz – бесконечный tüňçe – маленький кумган tüsse – дым tüýdügine sygdygyndan – во всё горло, во всю мощь tüýdük – дудка, сигнальная труба tüýkürmek – плевать tüwi – рис tylla – золото, золотистый
U
uçaryň ganaty – крыло самолёта uçgun – искра umman – море, океан umumadamzat – общечеловеческий umumy ýygnak – общее собрание. umumymilli dil – общенациональный язык ussa – мастер ussat – мастер, учитель usul – способ, метод uwlamak – выть, плакать uýmak – верить uzaklaşmak – удаляться, отдаляться
Ü
ülje – вишня ülker – Плеяды ürkmek – пугаться, вздрагивать üýrmek – лаять
143
W
wada – обещание wagt – время walla-bille – ей-богу, честное слово Watan – Родина wekil – представитель welosipediň tigri – колесо велосипеда wepat bolmak – погибать, скончаться, умереть wezipe – должность
Y
yglan etmek – оглашать, объявлять ykrar etmek – признавать ylmy çykyşlar – научные доклады ylmy derňewler – научные исследования ylmy işgärler – научные работники ylmy maslahatlar – научные конференции ylmy pikirleniş – научное соображение ynha – вот ynjalmak – успокаиваться ynsanperwerlik – гуманность, человечность ynsap – совесть ys – запах yssy– жарко yz – след yzgytsyz – дерзкий, злой, невежливый
Ý
ýadygärlik – памятник ýadyna düşmek – вспомнить ýagy – враг, недруг ýakymly – приятный ýalaňaç – голый; обнажённый ýalňyz – один, единственный ýantgylamak – делать что-л. повторно, несколько раз ýaňsa almak – иронизировать ýa:p – арык ýarmak – кусаться (о собаке) ýassyk – подушка ýaşka – пока молод ýatdan bilmek – знать наизусть
144
ýatlatmak – напоминать ýazmak – писать ýazuw dili – письменная речь ýazuw düzgüni – правила правописания ýenç – куй ýer gazamak – бить о землю (копытом – о коне) ýere ýazylmak – упасть, сволиться ýerli edaralar – местные учреждения ýetişik – успеваемость ýigit – джигит ýokary guramalar – вышестоящие организации, высшие органы ýoksul – бедный, неимущий ýol harjy – дорожные расходы ýolboýy – в продолжении всей дороги ýolukmak – попасть, оказаться ýowuz gün – суровый день ýuwdunmak – глотать слюну (от волнения) ýürek – сердце ýüwrük – резвый, быстроногий ýüwürmek – бежать, прибежать ýüz öwürmek – отказаться, отрешиться ýüzi ýagtylanmak – засиять от радости ýüzük – перстень, кольцо ýyldyrym – молния ýylyň aýagy – конец годa ýylyň-ýylyna – из года в год
Z
zahyr – видимый, очевидный zarba – удар zaryn – жалобный zaňňar – окаянный zat – вещь zeýtun – оливковое дерево zäher – яд zähmet – труд zorluk – принуждение zyban – язык, слово zyýan – вред 10. Sargyt №1703
145
TÜRKMEN DILINIŇ ÝÖRGÜNLI ULANYLÝAN FRAZEOLOGIZMLERI WE OLARYŇ RUSÇA TERJIMESI ÝA-DA EKWIWALENTI
Agzyny öweltmek – разинуть рот, удивляться agzyndan sarysy gitmedik – желторотый птенец, неопытный agzyndan süýt ysy gitmedik – молокосос, сопливец amanadyny tabşyrmak – скончаться, умереть aradan çykmak – отправиться на тот свет aýagy agyr – 1) беременная, в положении; 2) являющийся причиной неудач, при носящий беды azy ýaran – опытный, стреляная птица başyny dik tutmak – держать голову высоко, прямо çamalagyňy çaşyrmak – разбить в пух и прах, разгромить dünýä inmek – родиться, появиться на свет dünýäden ötmek – уйти из жизни elini-aýagyny ýitirmek – растеряться eliňi sowuk suwa urdurmaz – будешь белоручкой, ничего не будешь делать gäwüş gaýtarmak – пережёвывать жвачку (о верблюде, корове) göwnüni awlamak – завоевать сердце göwnüni ýykmak – обидеть, огорчить gözüniň oduny almak – пугать, внушать страх gulaga degmek – дойти до ушей gulak asmak – слушать, выслушивать guşy uçmak – радоваться, ликовать, неслышать под собой ног 146
howsala salmak – затревожить, волновать içinden ot-ýalyn geçen – опытный, прошёл огонь и воду intipis etmezlik – не обращать внимания jan bermek I – умереть, скончаться jan bermek II – оживлять, воскрешать kazasy dolmak – окончить жизнь mumly ýüpek ýaly – мягкий, как воск nagra çekmek – рычать, кричать истошно nesibäňde bar bolsa – испытывать судьбу, то, что есть в твоей участи özüni ýitirmek – растеряться, не знать как быть, потерять ökjäni götermek – убежать, показать пятки wepat bolmak – погибнуть ýurduňy täzelemek – отправляться на тот свет ýüwrük eller – подвижные, быстрые руки
147
Gysgaldylyp alnan sözler
A. A. «Ö. t.» – A. Atajanow. «Öz tanyşlaryň». A. G. «K.e.» – A. Gowşudow. «Köpetdagyň eteginde». A. G. «M-W.» – A. Gowşudow. «Mähri – Wepa». A. G. «P.we h.» – A. Gowşudow. «Powestler we hekaýalar». A. G. «S.e.» – A. Gowşudow. «Saýlanan eserler». A. D. «S.e.» – A. Durdyýew. «Saýlanan eserler». A. K. «S.» – Aman Kekilow. «Söýgi». A. O. «Ý.o.ç.» – A. Orazmyradow. «Ýerden ot çykýar». B. H. «Y. g.» – B. Hudaýnazarow. «Yzçynyň gözleri». B. K. «A.» – Berdi Kerbabaýew. «Aýsoltan». B.K. «A.ä.» – Berdi Kerbabaýew. «Aýgytly ädim». B.K. «J.» – Berdi Kerbabaýew. «Japbaklar». B.K. «N.» – Berdi Kerbabaýew. «Nebitdag». B. S. «D.» – Beki Seýtäkow. «Doganlar». B. S. «G. s.» – Beki Seýtäkow. «Gyz salgydy». «G.» e. – «Görogly» eposy. G. E. «S.» – G. Ezizow. « Serpaý». G. E. «T. s.» – G. Ezizow. «Türkmen sährasy». H.Y. «P.» – H. Ysmaýylow. «Powestler». «K.» – «Kowusnama». K. G. «O. b.» – Kerim Gurbannepesow. «Oýlanma baýry». K. B. «D. i. k. ý.» – K. Babaýew. «Dokumentleriň we iş kagyzlaryň ýazylyşy». M. «G» – Magtymguly. «Goşgular». Mn. – Mollanepes. (nakyl) – «Türkmen halk nakyllary». N. S. «S. e.» – N. Saryhanow. «Saýlanan eserler». «P. ç.» – «Paýhaslar çemeni», – A.: Ylym, 2012. T.P.G. «G.» – T. P. Gerasimow we başg. «Geografiýa. 5-nji synp üçin okuw kitaby». – Aşgabat. Magaryf. 1993, 85 sah. 148
T.T «D.h.» – T. Taganow. «Dürler hazynasy». А.Б.П. «Г.» – А. Б. Погорелов. «Геометрия. Учебное пособие для 6-10 классов средней школы». – Москва. Просвещение. 1988. П.Б. «Х.В.» – П. Бажов. «Хрупкая веточка». Gazetler, žurnallar
«E. we s.» g. – «Edebiýat we sungat» gazeti «G.» ž. – «Güneş» žurnaly «Gg.» ž. – «Garagum» žurnaly «M.» g. – «Mugallymlar gazeti» «S. e.» ž. – «Sowet edebiýaty» žurnaly «T. o.» ž. – «Täze oba» žurnaly «T.d.» g. – «Türkmen dünýäsi» gazeti «Z. k.» ž. – «Zenan kalby» žurnaly
149
Mazmuny
Türkmen dili döwlet dilidir . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 7 Türkmen diliniň stilleri. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 11 Gepleşik dili. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 11 Ýazuw dili. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 16 Syýasy-publisistik stil . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 16 Çeper stil. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 19 Resmi-iş stili. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 22 Ylmy stil. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 25 Edebi dil we edebi normalar . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 28 Edebi normalar we olaryň görnüşleri. . . . . . . . . . . . . . . . . . . 28 Orfoepik normalar. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 29 Orfografik normalar. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 31 Çekimli sesler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 33 Çekimli sesleriň uzyn we gysga aýdylyşy. . . . . . . . . . . . . . 34 Inçe we ýogyn çekimliler. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 36 Dodak çekimliler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 38 Dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni. . . . . . . . . . . . . . . . . . . 40 Giň dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni. . . . . . . . . . . . . . . . 41 Dar dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni . . . . . . . . . . . . . . . 43 Çekimsiz sesler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 50 Zarply we süýkeş çekimsizler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 51 Çekimsiz sesleriň aýdylyşyna çekimlileriň täsiri. . . . . . . . 58 Çekimsiz sesleriň assimilýasiýasy (уподобление). . . . . . . 63 Çekimsizleri assimilleşen sözleriň ýazuw düzgüni . . . . . . 67 Dymyk (глухие) we açyk (звонкие) çekimsizler . . . . . . . . 70 Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülişi . . . . . . . . . . . . . . . . . 72 Leksika-semantik norma. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 78 Dilde sözüň göçme manylarynyň ýüze çykyş ýollary. . . . . 79 Durnukly söz düzümleri . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 84
150
Grammatik norma . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 89 Sözleriň grammatik normasy . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 89 Sözlemleriň grammatik normasy . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 90 1. Ýönekeý sözlemleriň görnüşleri . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 91 2. Goşma sözlemler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 96 I. Düzmeli goşma sözlemler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 97 II. Eýerjeňli goşma sözlemler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 100 Tekst . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 105 Tekstdäki grammatik baglanyşyk. . . . . . . . . . . . . . . . . . . 106 Goşmaça tekstler. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 112 Magtymguly pyragy. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 112 Belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragy hakda aýdanlaryndan. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 113 Magtymguly barada aýdylanlardan. . . . . . . . . . . . . . . . . 114 Ýazyjy Atajan Taganowyň ýatlamalaryndan. . . . . . . . . . 115 Ata – kybla, ene – käbe. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 116 Ata-ene barada pähimler we nakyllar . . . . . . . . . . . . . . . 117 Türkmen bedewi. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 119 At barada nakyllar. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 120 Nowruz baýramy . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 122 Bahar buşlukçysy. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 123 Ynsaba çapalyň . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 123 Söz. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 124 Sözlük . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 126 Türkmen diliniň ýörgünli ulanylýan frazeologizmleri we olaryň rusça terjimesi ýa-da ekwiwalenti. . . . . . . . 146 Gysgaldylyp alnan sözler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 148
151
Bazarbaý Baýjanow
TÜRKMEN DILI Umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan XI synpy üçin synag okuw kitaby
Redaktor O. Bäşimowa Surat redaktor G. Orazmyradow Teh. redaktor O. Nurýagdyýewa Neşir üçin jogapkär J. Garataýewa
Çap etmäge rugsat edildi .2014. Ölçegi 60x901/16. Şertli çap listi. Şertli reňkli ottiski. Hasap-neşir listi. Çap listi. Sargyt No . Sany.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 744000. Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, 100. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi. 744004. Aşgabat, 1995-nji köçe, 20.
152